PARAHAT WE ASUDA DURMUŞYŇ BÄHBIDINE

30-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2019-njy ýylyň ilkinji dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlanan göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň Türkmenistanyň tebigatynyň täsin ýerleriniň biri bolan Garagum sährasynyň gözel künjekleriniň birinde geçirilmeginde uly many-mazmun bar. Mälim bolşy ýaly, bu ýerden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Garagum haýwanat, ösümlik, hojalyk-ekologiýa babatda dünýäde deňi-taýy bolmadyk Türkmenistanyň tebigy aýratynlygydyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyny aýawly saklamak boýunça alnyp barylýan işler nusgalykdyr. Şonuň ýaly-da, tebigatyň bu özboluşly künjegine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek bilen baglylykda, ony ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz mejlisi açandan soňra, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy durnukly saklamak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny aýtdy. Eziz Watanymyzyň serhetlerini sak goraýan harby gullukçylarymyzyň hüşgärligi netijesinde türkmen halkynyň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň iň täze ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegini, harby gullukçylaryň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleriň döredilmegini öňde durýan işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şonuň ýaly-da, milli Liderimiz ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra içeri işler ministri hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, düzgün bozmalaryň öňüni almak, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýol-ulag hereketiniň sazlaşykly bolmagyny, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy häzirki döwürde Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleriň kanunçylygy we düzgün-tertibi üpjün etmekden ybaratdygyny aýtdy. Milli Liderimiz jenaýatçylygyň hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynyň her bir işgäriniň halallygyň, watansöýüjiligiň, hünär ussatlygynyň ýokary nusgasy bolmalydygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz jenaýatçylyga garşy göreşmekde has netijeli çemeleşmeleri ulanmagyň, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly bu ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra goranmak ministri şu ýylyň dört aýynyň dowamynda alnyp barlan işleriniň netijeleri, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysynyň ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz ministrligiň işini kämilleşdirmek boýunça işde goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy hemde Milli goşunymyzyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda Ýokary kazyýetiň başlygy kazyýet işini talabalaýyk guramak hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Kazyýet ulgamynyň esasy wezipesiniň türkmenistanlylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan ybaratdygyny nygtamak bilen, bu ugurda Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky» Permana gol çekdi.

Baş prokuror kanunçylygyň berk berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň öz işini öňlerinde goýlan esasy wezipelerden ugur alyp guramalydygyny nygtady. Milli Liderimiz kanunyň berk berjaý edilmegini gazanmak, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetimiziň we döwletiň bähbitlerini goramak maksady bilen degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýdyp, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy ýolbaşçylyk edýän düzüminde hasabat döwründe ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz serhet goşunlarynyň gullukçylarynyň üstüne Döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, goňşy ýurtlar bilen özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýyny saklamak boýunça jogapkärli wezipeleriň ýüklenendigini nygtady. Milli Liderimiz ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekip, gaýduwsyz Watan goragçylarynyň hünärini ýokarlandyrmagyň, netijeli gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuş üçin şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy hormatly Prezidentimiziň döwrüň talabyna laýyklykda, edaranyň işini kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we ýanwar-aprel aýlarynda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem serhetden geçirilýän ýükleri içgin gözden geçirmäge mümkinçilik berýän tehnikalar bilen üpjün edilişi barada habar berildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy häzirki wagtda biziň döwletimiziň Ýewraziýa yklymynyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm merkezi hökmünde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini nygtap, şunuň bilen baglylykda, gümrük edaralarynyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçirilmeginiň tertibiniň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtap, degişli çäreleriň halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Adalat ministriniň hasabatynda şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hereket edýän kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de döwlet Baştutanymyzyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabat boýunça, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmegiň ministrligiň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigini belledi. Milli Liderimiz ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň, güýje giren kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmegiň, zerur bolan halatynda, işiň täze usullaryny ulanmagyň, şu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň bu düzümiň işiniň esasy ugurlarydygyny belläp, edaranyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň hasabatyny diňläp, Türkmenistanyň migrasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmak arkaly, edaranyň işgärleriniň ata Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam etmelidiklerini belledi. Milli Liderimiz dünýäniň ähli künjeklerinden ýurdumyza gelýän myhmanlara döwrüň talabyna laýyk gelýän migrasiýa hyzmatlaryny etmegiň edaranyň esasy wezipeleriniň biridigini nygtap, bu babatda gullugyň başlygyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent serkerdebaşysy mejlisi jemläp, ýygnananlaryň hemmesine olaryň möhüm we jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

02.05.2019ý.

Meňzeş habarlar
2014