TÜRKMENISTAN BELENT SEPGITLERE ILERLEÝÄR

Şu ýyl Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Munuň özi Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Prezidentleriniň gol çeken Hazar deňziniň hukuk statusy hakyndaky Konwensiýasynyň degişli ylalaşyklary gazanmakda we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm çärä öwrüler.

Häzirki döwürde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda bu Konwensiýanyň kabul edilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli geçiriljek ykdysady foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Onuň gün tertibine degişli döwletleriň özara gatnaşyklarynyň geljekki ugurlaryny öz içine alýan giň meseleler toplumy giriziler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň I sammitini geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Paýtagtymyzda başy başlanan gatnaşyklar yzygiderli dowam etdi. Onuň netijeleri 2007-nji ýylda Tähranda, 2010-njy ýylda Bakuwda we 2014-nji ýylda Astrahanda geçirilen sammitlerde kabul edilen wajyp çözgütlerden ybarat boldy.

Şol duşuşyklarda çykyş eden, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, Hazarýaka döwletleriniň we olaryň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bolan halklarynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, Hazar deňzi meselelerinde işjeň orun eýeleýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen Hazar sammitlerinde hemde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinde, BMG-niň «Rio+20» ählumumy maslahatynda we beýleki iri forumlarda öňe süren döredijilikli başlangyçlary ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Öňe sürlen teklipleriň hatarynda Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde ulag ulgamy boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek hakyndaky başlangyç bar.

Türkmenbaşydaky deňiz portunyň düzümine gämi, ýolagçy we konteýner terminallary, gämi gurluşygy we «Balkan» gämi zawody, kenar düzüminiň köp sanly desgalary girýär. Şeýle hem bu ýerde ulag gatnawlaryny üpjün edýän köp zolakly köprüleri bolan awtomobil ýollary we demir ýol hereket edýär.

“Balkan” zawodynyň ýurdumyz üçin täze önümçilik bolmak bilen, milli gämi gurluşygy pudagynyň ösdürilmeginde ygtybarly binýada öwrülendigini bellemek gerek. Mundan başgada, bu ýerde gämileri ýygnamak, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri doly abatlamak işleri alnyp barylýar. Kärhananyň tehnologiýa ulgamy her ýylda 10 müň tonna polady gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Bu zawod International Association Classification Societies — IACS (Halkara klassifikasiýa jemgyýetler assosiasiýasy — HKJA) halkara talaplaryna laýyk derejede taslamalaşdyryldy. Bu assosiasiýa deňiz gatnawlary mahalynda howpsuzlygy üpjün etmek babatda standartlary we düzgünnamalary işläp taýýarlamagy baş maksat edinýär. Dünýä söwda flotunyň 90 göterimden gowrak möçberi HKJA agza jemgyýetleriň derejesine degişli bolup durýar.

Halkara deňiz portunda sowadyjy konteýnerler, umumy meýdany 9 müň inedördül metrden gowrak bolan ýapyk ammarlar bar. Bu terminal Türkmenistanyň sebitiň eksport we import ýük gatnawlary ulgamynda öňdäki orunlara çykmagyny üpjün etmäge ukyplydyr. Multimodal logistik parky awia, awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly getirilen konteýner ýüklerini saklamak we olary gaýtadan işlemek boýunça toplumlaýyn hyzmatlary amala aşyrýar hemde olary suw gämilerine ýükleýär we düşürýär.

Täze port Awaza şypahanasyna goňşy Hazarýaka döwletlerinden gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagyna ýardam berer. Bu ýerde bina edilen kaşaň myhmanhanalar we ýokary hilli hyzmatlary bolan amatly kottej toplumlary, şeýle hem döwrebap sport desgalary we ösen dynç alyş düzümleri myhmanlaryň göwnünden turar.

Öňde boljak birinji Hazar ykdysady forumynyň Hazar deňziniň Ýewraziýa yklymynda häzirki zamanyň ählumumy meýillerine laýyk gelýän täze geoykdysady giňişligi döretmekde wajyp orun eýeleýän halkara ähmiýetli iri ulag-üstaşyr geçelgeleriň birine öwrülmegine kuwwatly itergi berjekdigi gürrüňsizdir.

“Nesil” gazeti,

09.05.2019ý.

 

Meňzeş habarlar
2014