SUWUŇ BAR ÝERINDE ABADAN DURMUŞ BAR

“Suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bar. Adam ysy ornan ýerlere abadan durmuş ornaýar”. Ata-babalarymyzyň müňýyllyk durmuş tejribesinden we paýhas eleginden süzülip çykan şeýle manydaky sözler suw bilen ýaşaýşyň arasyndaky berk baglanyşygy aýdyň suratlandyrýar. Suwuň her damjasyny zere deňeýän halkymyz bu sözleriň hakykatdygyna ýene bir gezek göz ýetirdi. 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy we «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze, döwrebap obanyň, giň gerimli durmuş-  önümçilik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Garagumuň merkezinde ýerleşen bu ähmiýetli emeli suw desgasy, ekologiýa we halk hojalygy babatda bolşy ýaly, ägirt uly durmuş maksatly ähmiýete eýedir.

Bu ýerdäki çärä gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkimi we köp sanly adamlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji we beýlekiler bar.

Bu taryhy waka mynasybetli guralan dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly myhmanlar, dürli döwletleriň we halkara guramalaryň hem-de dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Öý tutmak, tarp ýerden ýurt tutunmak dessury halkymyzda toý tutmakdan başlanýar. Bu ýerde guralan özboluşly derweze açylyp, ýurdumyzyň taryhyna degişli binagärlik şekilleriň we täze desgalaryň görnüşleriniň tutuş sergisi, şeýle hem täze obanyň keşbi görkezilýär.

Ýodanyň beýleki tarapynda bolsa birnäçe ýyldan bu ýerde kemala geljek täze durmuş-önümçilik toplumynyň keşbi janlandyrylypdyr. Onda nähili mekdebiň, çagalar bagynyň guruljakdygyny görkezýän görnüşler bar. Taslamalaryň hatarynda Medeniýet öýi, Saglyk öýi, ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem seýilgäh toplumy orun alypdyr. Munuň özi «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginiň ýakyn geljekde emele geljek görnüşini beýan edýär.

Binalaryň taslamalaryndan soň, bu ýerde täze toplumyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän ýel we Gün energiýasy desgalary görkezilýär. Olar önümçilik we durmuş maksatlary üçin gaýtadan dikeldilýän çeşmeden elektrik energiýasyny öndürerler. Şeýlelikde, bu ýerde adamlaryň durmuşy tebigata ýaramaz täsiri bolmadyk ekologiýa nukdaýnazaryndan dörediler. Bu ýerde düýbi tutulýan durmuş-önümçilik toplumynyň çäklerinde «ýaşyl» ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy ekerançylyk meýdanlaryndan çykýan şor suwlary bir ýere jemlemek meselelerine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ozallar bu suwlar Amyderýa we Garagum derýasyna, şeýle hem öri meýdanlaryna akdyrylýan bolsa, indi bu ähmiýetli taslama esasynda Türkmenistan sebitde ilkinji bolup daşky gurşawyň goraglylygyna örän aýawly çemeleşmegiň beýanyna öwrülen şeýle taslamany durmuşa geçirýär.

Garagumda iri suw howdanynyň döredilmegi ähli sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmaga, topragyň şorlaşmagy, batgalyk we guraklyk bilen baglanyşykly köp sanly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy netijesinde ýurdumyzda suwuň ägirt uly gory döredilýär. Ol tebigy taýdan süzülme we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly ony, şol sanda täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, şeýle hem gök zolaklary döretmek we tehniki hajatlar üçin ähmiýetli bolup durýar. Täze obada ýaş alymlar, ylmy-barlagçylar, rasionalizatorlar we olaryň işleri üçin ähli zerur mümkinçilikler dörediler. Aýratyn-da, maldarçylyk we balykçylyk önümçiligi boýunça gaýtadan işleýän pudaklaryň döredilmegine, ýerleriň özleşdirilmegine gönükdirilen häzirki zaman tehnologiýalaryna, bu ugurdaky ylmy-barlaglara ähmiýet berler. Şeýle hem «Altyn asyr» Türkmen kölünde balykçylygy ösdürmek akwafermalary, köl hojalyklaryny döretmek üçin biologik binýat goýuldy. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegine, kiçi we orta pudaklaýyn işewürligiň ösdürilmegine, şunuň bilen birlikde, sebitde gaýtadan işleýän senagatyň dikelmegine mümkinçilik döreder.

Uç-gyraksyz Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän täsin suw desgasynyň ýakasynda täze döwrebap obalaryň gurulmagy bu sebitde bagtyýar durmuşyň rowaçlanmagyna itergi berer. Çäge alaňlary gurşap alan giňişlikler suwuň gelmegi bilen özgerip, gök zolaga bürenýär. Täze obanyň düýbüniň tutulýan ýeri bolsa, ekologiýa taýdan arassalygy, tebigatynyň gözelligi we özüneçekijiligi bilen tapawutlanýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garap, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we köpöwüşginli görnüşini gorap saklamak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, milli Liderimiz Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetimizi ýokary depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şeýle hem bu taslama ilat üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam eder.

Serdar etrabyndaky bu dabara daşary döwletleriň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk görnüşinde dowam etdi. Onuň dowamynda Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüni döretmek, şeýle hem ykdysady, durmuş we ekologiýa ýaly esasy üç ugry özünde jemleýän Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek babatda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýurdumyzyň özara gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň oba we suw hojalygynyň ösdürilmegine, ylmy-barlag işleriniň geçirilmegine ähli şertleriň döredilmegine berýän ägirt uly ünsi we ählitaraplaýyn aladalary üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler we milli Liderimizi ylmy jemgyýetiň wekilleriniň ýurdumyzyň ylmyna mundan beýläk-de hyzmat etmekde, Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy ugrundaky iri möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

“Nesil” gazeti,

11.05.2019ý.

Meňzeş habarlar
2014