BEÝIK IŞLERIŇ BEÝANY

Geçen hepdäniň ilkinji günleri ýurt ähmiýetli şatlykly wakalardan başlady. 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy we «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda täze, döwrebap oba­nyň — giň ge­rim­li durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Şanly waka mynasybetli geljek nesillere niýetlenen ýadygärlik ýazga gol çekip, milli Liderimiz gutyny täze obanyň ilkinji desgasynyň binýadyna oklap, gurluşyga badalga berdi.

Dabara ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, BMG-niň, ÝHHG-niň düzümleriniň ýolbaşçylary we beýleki daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň dabarada sözlän sözünde belleýşi ýaly, uç-gyraksyz Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän täsin suw desgasynyň ýakasynda täze döwrebap obalaryň gurulmagy bu sebitde bagtyýar durmuşyň rowaçlanmagyna itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz bu tutumly işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýakyndan gatnaşmalydyklaryny belledi.

Ýaşaýjylaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şertleriň dörediljek, döwrebap şäheriň şertlerine ýakyn boljak täze obanyň gurluşyk işleriniň birinji tapgyry 2019 — 2022-nji ýyl­lar­da ama­la aşyrylyp, ikinji tapgyryna 2022-nji ýylda başlanyp, ol 2025-nji ýylda doly tamamlanar. Bir gatly 4 otagly jaýlaryň 104-sini hem-de bir gatly 3 otagly jaýlaryň 108-sini gurmak göz öňünde tutulýar.

Bu tapgyrda Oba geňeşiniň, polisiýa we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binalary, umumybilim berýän orta mekdep, çagalar bagy, Medeniýet öýi, Saglyk merkezi hem-de gaz, agyz suwy, lagym we elektrik geçiriji ulgamlar, suw süýjediji desga gurlar, içerki ýollar çekiler.

Şeýle hem kuwwaty 10 MWt bolan utgaşdyrylan Gün hem-de ýel elektrik stansiýasy, seýilgäh, aragatnaşyk üpjünçi­li­gi­niň içer­ki we da­şar­ky el­ti­ji in­žener ulgamlary, ýangyç guýujy beket, balykçylyk hojalygy, azykdyr senagat harytlary dükany bina ediler.

Täze obada ýaşajak ýaş alymlaryň, ylmy-barlagçylaryň, oýlap tapyjylaryň işlemegi üçin ähli zerur mümkinçilikler dörediler. Maldarçylyk we balykçylyk önümçiligi boýunça gaýtadan işleýän pudaklaryň döredilmegine, ýerleriň özleşdirilmegine gönükdirilen häzirki zaman tehnologiýalaryna, bu ugurdaky ylmy-barlaglara aýratyn ähmiýet berler.

Guruljak ýaşaýyş jaýlary we beýleki medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly döwrebap desgalar sebitiň howa şertlerine doly laýyk geler. Şolarda oba ilatynyň we türkmen durmuşynyň milli aýratynlyklary göz öňünde tutular diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biz alyp barýan bu syýasatymyzy geljekde hem depginli dowam ederis. Sebäbi biziň esasy maksadymyz halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Dabaranyň çäklerinde metbugat maslahaty geçirilip, onuň dowamynda Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüni döretmek, ykdysady, durmuş we ekologiýa ýaly esasy üç ugry özünde jemleýän Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýurdumyzyň özara gatnaşyklaryna degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Çykyşlarda häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary üçin suw meselesiniň, ony tygşytly peýdalanmagyň, suw üpjünçiliginiň täze çeşmelerini gözlemegiň örän möhüm mesele bolup durýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri girizildi.

Mejlisde 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türk­me­nis­ta­nyň 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­nyň, 2020 — 2023-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanandygy barada hoş habar aýdyldy.

Şeýle hem mejlisde milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň sanlaşdyrylmagyna, hususy pudaga goldaw berilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen bagly meselelere-de garaldy.

Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini özleşdirmek bilen bagly meseleler boldy.

Şeýle hem awtomobil we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän söwda dükanlarynyň taslamalaryny taýýarlamak hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda «Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalaryny tassyklamak hakyndaky» hem-de «Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky» Kararlara gol çekdi.

Milli Liderimiz «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakyndaky» Karara gol çekip, Hökümet agzalaryna Döwlet býujetiniň maddalarynyň üstünde dykgatly işläp, ýaşaýyş-durmuş ugruna, zähmet haklarynyň möçberini köpeltmäge hem-de bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga esasy üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda 2019-njy ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda» Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, Balkan we Mary welaýatlarynda 17 müň 900 gektar meýdanda güýzlük gant şugundyryny ekmek we şondan 224 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

7-nji maýda hormatly Prezidentimiz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orun­ba­sa­ry — RF-iň Hö­kü­me­ti­niň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orun­ba­sa­ry — stas-sekretary Gri­goriý Karasini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz we myhmanlar däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary dowam etmek barada pikirlerini beýan etdiler.

Paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa iki ýurduň käbir döwlet düzümleriniň, şol sanda esasy pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, oba hojalygynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryna, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meselelere seredildi.

9-njy maýda türkmenistanlylar dünýäde parahatçylygy şirin janlary bilen gazanan eziz Watanymyzyň goragçylarynyň röwşen ýadygärligine baş egip, milli gahrymanlarymyzyň edermenliginiň hormatyna dikeldilen ýadygärliklere gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uruş we zähmet weteranlaryny sylaglamak dabaralary geçirildi.

Şeýlelikde, dürli wakalara baý bolan geçen hepde «Türkmenistan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň batly gadamyny we döredijilik kuwwatyny şöhlelendirdi.

“Nesil” gazeti,

14.05.2019ý.

Meňzeş habarlar
2014