MILLI DÄP-DESSURLARA WE YNSANPERWER ÝÖRELGELERE ÝUGRULDY

4-nji iýunda mukaddes Oraza baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gypjak obasyndaky metjitde toý sadakasyny berdi. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly garamak, ruhy baýlyklarymyzy aýawly saklamak barada edýän taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda Oraza baýramy jemgyýeti jebisleşdirýän hem-de ynsanperwerlik we watançylyk duýgularyny terbiýeleýän medeni çäreler bilen utgaşýar. Bu mukaddes baýram mynasybetli metjitlerde ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagynyň, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy hem-de parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk ýaly ýörelgelerimizi artdyrmagyň bähbidine, milli agzybirligimizi we jebisligimizi hasda berkitmegiň hatyrasyna doga-dilegler edilýär.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary netijesinde milli däp-dessurlarymyz mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyz olara uly hormat goýýar, bu bolsa, türkmeniň öz köklerine ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, dini we dünýewi dessurlaryň täze mazmun bilen baýlaşmagy netijesinde jemgyýetimiz hem hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň gadymdan gelýän milli däpleriniň hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işler hem has-da kämilleşdirilýär.

Milli Liderimiziň tagallalary bilen millilige, ynsanperwerlige we ýagşylyga ýugrulan baýramlarymyzyň has-da rowaçlandyrylýandygy bu gün mukaddes Oraza baýramynda öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyz metjidiň öňüne barandan soň, ilki bilen öten-geçenleri ýatlamak babatdaky ynsanperwer ýörelgelerden ugur alyp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralap, oňa gül çemenini goýdy. Soňra bu ýerde guralan çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyraladylar. Döwlet Baştutanymyzyň ygtyýar bermegi bilen ýurdumyzyň müftüsi mübärek Oraza baýramy gününde edilen doga-dilegleriň, ýagşy umyt-arzuwlaryň Hakyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi, şeýle hem türkmen halkynyň merhumlary ýat edip, olaryň ruhuna degsin etmek dessuryny ýerine ýetirdi. Şonda sahawatly türkmen topragynda rysgal-berekediň artmagy, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi, döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi üçin dileg edildi. Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň maşgala aramgähine düşdi.

Türkmen ilinde ula hormat goýmak, kiçini sylamak, şeýle hem halkymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgelerine ygrarly bolmak ynsan üçin parz hasaplanylýar. Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçýän maddy we ruhy gymmatlyklar özygtyýarly döwletimiziň abraýyny we şan-şöhratyny artdyrýar, halkyň agzybirligini, jebisligini, parahatçylyk söýüjiligini we dostlugyny pugtalandyrýar.

Soňra Gypjak obasynda ýerleşen metjitde döwlet Baştutanymyz öz se­riş­de­le­ri­niň — ýa­zan kitaplary üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna toý sadakasyny berdi. Milli Liderimiz tagam çekilmezden öň, bu ýere ýygnananlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Oraza baýramy bilen gutlady hem-de «Goý, mukaddes Oraza aýynda edilen doga-dilegler, berlen agzaçar sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!» diýip aýtdy.

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň müftüsine ýüzlenip, tebärek çykyp bermegi sorady. Nahardan soň aýat-töwir edilip, ata Watanymyzyň parahatçylygy we rowaçlygy, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikler dileg edildi.

“Nesil” gazeti,

06.06.2019ý.

 

Meňzeş habarlar
2014