DOST-DOGANLYK BERKEÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dost­doganlyk gatnaşyklary barha pugtalanýar. Şeýlelikde ata Watanymyz bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze mümkinçilikleri açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň 2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary hem muňa güwädir. Şol döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar uzak geljegi nazarlaýan ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň täze derejesine badalga beripdi.

Şeýle giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň durmuşy bilen hem gönüden-göni bagly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň şol döwletli saparynda hem birnäçe Ylalaşyklardyr Ähtnamalara gol çekmegi, şol bir wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi ýurduň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikleriň ýene bir gezek tassyklamasy boldy.

Hut şol günlerden bäri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasynda dostlukly, döredijilikli gatnaşyklar has-da işjeňleşdirildi.

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň 7-nji iýunynda Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň wekilleriniň ýurdumyza iş sapary bilen gelmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Dostlukly ýurduň wekilleri ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bolup, ol ýerlerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri bilen duşuşmaklary, taryhy we medeni döwlet goraghanalaryna, ýadygärliklere, muzeýlere, “Olimpiýa” şäherçesine, şeýle-de şol günlerde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda “Talyp joşguny — 2019” döredijilik festiwalyna we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ýaş alymlar Merkeziniň bilelikde guramagynda geçen ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşigine gatnaşmaklary, başga-da birnäçe medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençleri guramaklary, şol duşuşyklaryň çäklerinde türkmen we özbek halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän taryhy ýakynlyklarymyz, medeni-ruhy, däp-dessur umumylyklarymyz, aýratynda ýaşlar syýasatynyň ýöredilişi, ýaşlary döwrebap ylymly, bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde alnyp barylmaly işler dogrusynda özara bähbitli pikirler alşyldy.

Mälim bolşy ýaly bu gatnaşyklaryň süňňünde — özeninde dost-doganlyk we bir-birege ynamlylyk ýatyr. Daşoguz welaýatynda we Aşgabat şäherinde iş saparynda bolan özbek doganlarymyzdan düzülen wekiller şu gün Balkan welaýatynda iş saparlaryny dowam edýärler. Iş sapary 11-nji iýunda Lebap welaýatynda jemlener.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi

Meňzeş habarlar
2014