ÝURDUMYZYŇ GORANYŞ KUWWATY PUGTALANÝAR

5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hasabat döwründe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary alnyp barlan işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, esgerleriň we serkerdeleriň döwrebap gulluk etmegi we ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdiler.

Ilki bilen kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda kanunçylygy we tertip-düzgüni berjaý etmek, harby gullukçylary taýýarlamak boýunça iş ýüzünde durmuşa geçirilýän çäreler barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri hasabat bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz harby düzümlerde watançylyk ýörelgelerine üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleri üçin degişli çäreleriň guralmalydygyny aýtdy. Şeýle hem Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, paýtagtymyzda we welaýatlarda ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz jenaýatçylygyň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleriň guralmagynyň, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek babatda zerur çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan işleriň netijeleri we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň kazyýet ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini hem-de türkmenistanlylaryň hukuklaryny we kanuny bähbidini goramagyň esasy wezipe bolmalydygyny belledi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, adalat ministri, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy ýolbaşçylyk edýän degişli ulgamlaryndaky ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň jemini jemläp, türkmen halkynyň döredijilikli durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagynyň we degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Mejlisde başga-da meselelere garalyp, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň rahatlygynyň hem-de abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

08.06.2019ý.

 

Meňzeş habarlar
2014