DILLERE DESSAN — GÖZEL AŞGABAT

2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta böleginde bina edilýän desgalarda, iri gurluşyk taslamalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherini ähli tarapdan ösdürmek baradaky meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklap, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzüminiň desgalarynyň taslamalaryny içgin öwrenmeklige yzygiderli üns berýär. Aşgabady uzakmöhletli ösdürmegiň strategiki ugurlary onuň çäk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, abadançylyk maksatnamalaryny ýokary hilli durmuşa geçirmäge, adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin oňaýly şertleri döretmäge, ekologiýa deňagramlylygyny saklamaga gönükdirilýär.

Milli Liderimiz Aşgabat şäheri boýunça nobatdaky iş saparynyň barşynda, paýtagtyň günortasyndaky täze möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny gözden geçirdi. Ýakyn wagtda şol desgalaryň ählisi paýtagtymyzyň umumy binagärlik toplumyna sazlaşykly goşular. Bu ýerde gurluşyk işlerini ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasy alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň binalarynyň, Türkmenistanyň Halkara kongresler merkeziniň binalar toplumynyň, Döwlet münberiniň gurulýan meýdançalaryna bardy. Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň hiline hem-de ulanylýan serişdeleriň uzak döwre niýetlenip, berk bolmalydygyna aýratyn üns berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz, binanyň daş ýüzüniň bezeg işlerinde milli öwüşginleriň öz beýanyny tapmalydygy, bankyň binalarynda müşderiler üçin oňaýly şertleri üpjün etmek üçin, iň täze sanly tehnologiýalaryň ulanylmalydygy hem-de desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak barada belliklerini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz potratça iň ýokary gurluşyk ülňülerini üpjün etmek hem-de ähli işleriň hilini, binalaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz desgalary gözden geçirmegiň barşynda paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze iri möçberli toplumyň gurluşyk taslamalary bilen hem tanyşdy. Milli Liderimize geljekki gurluşyklaryň çyzgylary, binagärlik desgalaryň taslamalary görkezildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň aýdan teklipleri we bellikleri nazarda tutulyp, üstünde täzeden işlenilen desgalaryň taslamalary barada hasabat berildi.

Täze ýaşaýyş toplumynyň ak mermerli Aşgabadyň keşbi bilen hem sazlaşmalydygyny nygtaýan döwlet Baştutanymyz guruljak hemme desgalaryň dizaýn babatda bolşy ýaly, gurluşygyň hili, şeýle hem energiýa sarp etmegiň, galyndylary gaýtadan işlemegiň hem-de tebigy gurşawy gorap saklamagyň nukdaýnazaryndan ekologiýa talaplary babatda hem häzirki zamanyň ölçeglerine kybap gelmelidigini nygtady. Bu ýaşaýyş toplumynyň taslamasy ösüş mümkinçiliklerini döretmäge, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ugur alýar.

Milli Liderimiz gurluşyk işleri meýilleşdirilen wagtynda ekologiýa ýagdaýynyň zerur derejede saklanylmagyna, ýaşyl zolaklaryň we seýilgähleriň döredilmegini taslama goşmalydygyna uly üns berýär. Şunuň bilen birlikde, döredilýän bagy-bossanly toplumlar we seýilgähler häzirki zaman durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz şu gezek desgalary gözden geçireninde hem, ýaşyl zolaklaryň döredilmelidigini aýratyn belledi, munuň özi howanyň ýagdaýyna, şäheriň ekologiýasyna oňyn täsir eder, adamlaryň ýaşamagy, mynasyp dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün eder.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyza iri möçberli şähergurluşygyna örän uly maýa goýumlaryny goýmaga mümkinçilik berýär. Aşgabatda her ýylda täze binagärlik toplumlary, belent ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Şunuň bilen birlikde paýtagtymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipelerini çözmekde goşýan goşandy, halkara syýasy, işewür, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmündäki eýeleýän orny we ähmiýeti artýar.

“Nesil” gazeti,

04.07.2019ý.

Meňzeş habarlar
2014