PARAHATLYK, ASUDALYK ÝOLUNDA

3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine garaldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri ýurdumyzda durnukly ösüşi, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, hukuk goraýjy düzümleriň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak ugrunda 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi, onda Türkmenistanyň bitaraplyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarlydygyny nazara almak bilen, hukuk goraýjy edaralaryň anyk wezipeleri kesgitlenendir.

Içeri işler ministri hem ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak hem-de hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň düzgünlerini we ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny pugta berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ulag hereketiniň sazlaşygyny hem-de ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda ministre degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, esgerleriň we serkerdeleriň ýokary derejede gulluk etmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi, kazyýet we prokuratura edaralarynda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, alnyp barlan işleriň netijeleri, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylan çäreler, şeýle hem täze serhet galalarynyň gurluşygy, ýurdumyzyň gümrük serhetlerinde, halkara ulag geçelgelerinde düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabatlar berildi. Soňra Adalat ministriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de türkmen döwletiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada beren hasabatlary diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ähli ugurlar boýunça işleriň ýokary derejede guralmalydygyny, raýatlarymyzyň asudalygynyň we bagtyýarlygynyň goraglylygynyň üpjün edilmelidigini aýratyn belledi we bu ugurlarda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň jemini jemläp, Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň özygtyýarly döwlet hökmünde diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň düzümlerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýar diýip belledi.

Harby we hukuk goraýjy düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu edaralaryň şahsy düzümleriniň arasynda tertip-düzgüniň berjaý edilişine, ýaş esgerleriň watansöýüjilik we mukaddes harby kasama wepalylyk ruhunda terbiýelenişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwletimiz geljekde hem harby gullukçylaryň ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmegi, olaryň gulluk etmegi, dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek babatynda alada eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyza we eziz Watanymyza gulluk etmek ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde mejlise gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

06.07.2019ý.

Meňzeş habarlar
2014