BELENT SEPGITLERI NAZARLAP

5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň, aýry-aýry ministrlikleriň, sebitleriň dolandyryş edaralarynyň işiniň netijelerine, guramaçylyk meselelerine garaldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen maliýe we ykdysadyýet ministrine söz berdi. Ministr 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň netijeleri boýunça halk hojalyk toplumlarynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini aýtdy. Şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 84,9 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 16 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 26,6 göterimine barabar bolup, 2019-njy ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 41,5 göterim ýerine ýetirildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary milli ykdysadyýetimiziň şu ýylyň birinji ýarymynda gazanan netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe pudaklaryň ählisinde we sebitlerde durnukly ösüşiň üpjün edilendigini, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyny belledi. Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,7 göterim artdy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek hem-de täze iş ýerlerini döretmek, maýa goýumlaryny çekmegiň üstünde netijeli işlemek, has peýdaly ugurlar boýunça ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak we importyň düzümini amatly ýagdaýa getirmek üçin anyk çäreleri görmek boýunça möhüm wezipeler barada aýtdy. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky» Permana gol çekdi.

Soňra ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda, senagat we kommunikasiýa toplumynda, söwda ulgamynda hem-de ykdysadyýetimiziň hususy böleginde, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumlarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işler, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi barada hasabatlar berildi. Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa babatda ýurdumyzyň mümkinçiliklerini peýdalanmak, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, häzirki zaman kärhanalaryny gurmak, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, eksport edilen önümleriň möçberini köpeltmek boýunça gazanylan üstünlikleriň dowam etdirilmelidigi barada tabşyryklar berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary medeniýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurdumyzyň dürli ugurlarda ýeten derejesini giňden beýan etdiler. Amala aşyrylýan özgertmeleriň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek, milli mirasymyzy wagyz etmek boýunça zerur işler alnyp baryldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli ulgamlara gözegçilik edýän orunbasary bilim ulgamyna degişli birnäçe resminamalaryň taýýarlanandygy barada hasabat berip, olary milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Bu resminamalar 2019 — 2020-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamalaryny we diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibini tassyklamak hakyndaky hem-de 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky, şeýle hem 2019-njy ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýruklaryň taslamalarydyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde durýan möhüm çärä — ýakyn wagtda boljak ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek wezipesine ünsi çekdi. Bu boýunça milli Liderimiz biziň ýokary okuw mekdeplerimize zehinli we zähmetsöýer ýaşlar kabul edilmelidir we okamalydyr diýip belledi.

Şonuň ýaly-da döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň täze bellenen rektorlarynyň her biriniň öňünde ýokary okuw mekdepleriniň ugruna laýyklykda anyk wezipeleri goýdy. Milli Liderimiz olara işlerinde üstünlik arzuw edip, bildirilen belent ynamy ödäp, ýokary hünärli döwrebap işgärleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 —2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine öňde boljak saparlar boýunça geçiriljek çäreleriň hem-de Bitarap döwletimiziň halkara guramalarynyň işine gatnaşmagynyň anyk meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda milli parlamentiň işleriniň netijeleri hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka bolan Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini belledi. Ol ýurdumyzyň baş baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçiriler. Onuň esasy mejlisini 25-nji sentýabrda geçirmek bellenildi. Şol gün zähmetde ýokary üstünlik gazanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçiriler. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda» Permana we degişli Karara gol çekip, umumymilli forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimleriniň hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.

Welaýat häkimleriniň hasabatlaryndan görnüşi ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň gallanyň bol hasylyny ýygnap alyp, gallaçylar Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Munuň özi ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşantdyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygyny ösdürmek boýunça maksatnamany mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmegiň, şol sanda pagtanyň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň meselelerine ünsi çekdi.

Mejlis tamamlanandan soň, welaýatlaryň her birine wekilçilik edýän çagalar altyn öwşün atýan sümmülleri hem-de ak bugdaýdan doldurylan horjunlary zala getirdiler. Çagalar ýygnananlaryň ählisini sahawatly türkmen topragy hem-de zähmetsöýer ekerançylary wasp edýän goşgy setirleri bilen mübäreklediler. Eziz Watanymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Gahryman Arkadagymyz baradaky goşgular belentden ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

09.07.2019ý.

Meňzeş habarlar
2014