SAZ­LA­ŞYK­LY ÖSÜŞ — ŞAN­LY WA­KA­LAR

Ge­çen hep­de içe­ri we da­şary sy­ýa­sa­ty ama­la aşyr­maga, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, Wata­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, öza­ra bäh­bit­li hal­kara hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge gönükdirilen özgertmeler hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan ug­runyň dog­ru­dy­gy­ny we yzy­gi­der­li­digi­ni şöh­le­len­dir­ýän tä­ze şan­ly wakalara beslendi.

2-nji iýul­da döw­let Baş­tu­ta­nymyz paý­tag­ty­myz bo­ýun­ça iş sapa­ry­ny ama­la aşy­ryp, ýur­du­my­zyň öň­den gel­ýän işe­wür hyz­mat­daşy bo­lan «Bu­ig Ba­ti­man In­ter­nasio­nal» fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy­nyň şä­he­riň gü­nor­ta bö­le­gin­de bi­na ed­ýän des­ga­la­ry­ny göz­den ge­çirdi. Bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len tan­şyp, hor­mat­ly Pre­zi­denti­miz paý­tag­ty­my­zyň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň ze­rur de­re­je­de sakla­nyl­ma­gy üçin ýa­şyl zo­lak­la­ryň, se­ýil­gäh­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne ün­si çek­di. Tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dyň keş­bi bi­len hem saz­laş­ma­ly­dyr di­ýip, mil­li Liderimiz aýtdy.

3-nji iýul­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­başy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Döw­let howpsuz­lyk ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mejli­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lary­nyň 2019-njy ýy­lyň bi­rin­ji ýary­myn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri­ne ga­ral­dy. On­da ýur­dumyz­da he­re­ket ed­ýän kadalaşdyryjy-hukuk na­ma­la­ra yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­mek, har­by gul­lukçy­la­ryň bir­kem­siz gul­luk et­me­gi hem-de ýa­şa­ma­gy üçin my­na­syp şert­le­ri dö­ret­mek ýa­ly we­zi­pe­le­re seredildi.

5-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­denti­mi­ziň ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­neti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ýe­rine ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri jem­lenil­di. Mej­lis­de durmuş-ykdysady ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň bar­şy­na ba­ha be­ril­di, hö­kü­me­tiň, aýry-aýry mi­nistr­likle­riň, se­bit­le­riň do­lan­dy­ryş edara­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­le­ri­ne, guramaçylyk meselelerine garaldy, ikin­ji ýa­rym ýyl üçin ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ýy­lyň 1-nji iýu­ly­na çen­li Döw­let býu­je­ti­niň gir­de­ji bö­le­gi 103,5 gö­te­rim, çyk­da­jy bö­le­gi bolsa 84,9 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.

Mej­li­siň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Per­ma­na gol çek­di,resmi­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2020-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan býu­jet­den ma­li­ýeleş­di­ril­ýän eda­ra­la­ryň, ho­ja­lyk ha­sapla­şy­gyn­da­ky kär­ha­na­la­ryň we jem­gyýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň iş­gär­le­ri­niň aý­lyk zäh­met hak­la­rynyň, pen­si­ýala­ryň we döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp we diň­leý­ji hak­la­ry­nyň möç­be­ri 10 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy­ry­lar.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Buý­ru­gy­na laýyk­lyk­da, 2019 — 2020-nji okuw ýy­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­denti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň döw­let ap­pa­ra­tynyň gul­luk­çy­la­ry­ny gaý­ta­dan taýýar­la­mak bo­ýun­ça okuw­la­ra diň­leýji­le­ri ka­bul et­me­giň me­ýil­na­ma­sy we Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne okuwa ka­bul et­me­giň me­ýil­na­ma­sy, bu bi­lim eda­ra­la­ry­na oku­wa ka­bul etmek bo­ýun­ça Döw­let to­pa­ry­nyň düzümi tassyklanyldy.

Halkara wakalara geçmek bilen, ge­çen hep­de­de DIM-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Türk­menis­tan­da iş­le­ýän agent­lik­le­ri­niň hem-de ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­rynyň baş­tu­tan­la­ry we we­kil­le­ri bilen du­şu­şyk ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­leme­li­di­ris. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da 2019-njy ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da bi­le­lik­de ge­çi­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri jem­le­nil­di, öň­dä­ki dö­wür üçin hyzmat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Ahal we­la­ýa­tyn­da­ky te­bi­gy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji za­wod­dan Ow­ga­nys­ta­nyň ila­ty­na yn­san­per­wer kö­mek hökmünde iberilen, ekologiýa taýdan aras­sa ben­zi­niň we su­wuk­lan­dy­rylan ga­zyň uly tap­gy­ry Aki­na de­mir ýol bekedine baryp ýetdi.

«Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry Hy­ta­ýyň de­mir­gazyk-gün­do­ga­ryn­da­ky Çan­çun şähe­rin­de dö­re­di­ji­lik sa­pa­ry­na üstün­lik­li baş­la­dy. Al­ma­ty şä­he­rin­de (Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy) bol­sa her ýyl gu­ral­ýan «Gus­man Ko­sa­nowyň ýa­dy­gär­li­gi­ne» ba­gyş­la­nan halka­ra ýe­ňil at­le­ti­ka ýa­ry­şyn­da bi­ziň tür­gen­le­ri­miz me­dal­la­ryň üçü­si­ni — 200 metr ara­ly­ga yl­ga­mak­da al­tyn we bürünç medallary, ýekedabany uzak­ly­ga zyň­mak­da kü­müş me­da­ly gazandylar.

Şeý­le­lik­de, ge­çen hep­dä­niň waka­la­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýö­red­ýän öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­saty­nyň ne­ti­je­li­di­gi­ni we dö­re­di­ji­liklidigini nobatdaky gezek görkezip, Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Wa­tany­my­zy saz­la­şyk­ly ös­dür­me­giň aýdyň be­ýa­ny­na öw­rül­di.

“Nesil” gazeti,

11.07.2019ý.

Meňzeş habarlar
2014