BE­LENT DÖ­RE­DI­JI­LI­GIŇ KÄ­MIL ESER­LE­RI

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz zähmet rugsa­dy­nyň il­kin­ji gü­nün­de dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­dy, şu pursat­lar­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ag­tyk­la­ry bi­len bol­ma­gy maş­ga­la gymmat­lyk­la­ry­nyň dur­mu­şyň aý­ryl­maz bö­le­gi­di­gi­ni ýe­ne bir ge­zek su­but et­di.

Mil­li Li­de­ri­miz dynç alyş döw­rüni, köp­lenç, ylym we dö­re­di­ji­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len, şol san­da tä­ze eser­le­ri ýaz­mak bi­len meş­gul­lan­maga ba­gyş­la­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip, «Türk­me­nis­tanyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» ki­ta­bynyň no­bat­da­ky jil­di­ni ta­mam­la­magyň üs­tün­de iş­le­me­gi­ni do­wam et­di. Iş­le­me­gi­niň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz köp san­ly çeş­me­ler bilen üns­li ta­nyş­dy. Bu bol­sa tä­ze yl­my işiň esa­sy­na öw­rül­di. Mil­li Li­de­ri­miz ýö­ri­te hal­ta­jyk­la­ra gap­la­nan der­manlyk ösüm­lik­le­riň we ot­la­ryň nus­gala­ry­ny göz­den ge­çi­rip we gi­ňiş­le­ýin öw­re­nip, şo­la­ryň ta­pa­wut­ly aý­ra­tynlyk­la­ry­na ün­si jem­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz yl­my iş­leri­ni ede­bi­ýat, aý­dym-saz we sport bi­len meş­gul­lan­mak bi­len ut­gaş­dyrýar. Şeý­le usul ada­ma bir kys­my­lykdan ýa­da­maz­ly­ga, güý­jü­ňi we ru­hube­lent­li­gi­ňi, uzak wagt­lap ýo­ka­ry iş ukyp­ly­ly­gy­ňy sak­la­ma­ga müm­kinçi­lik ber­ýär.

Şu ge­zek hem hor­mat­ly Pre­zi­denti­miz iş ota­gyn­da yl­my işi­ni ýaz­magy­nyň bar­şyn­da ag­ty­gy Ke­ri­miň tä­ze saz ese­ri­ni dö­ret­me­giň üs­tün­de işleý­şi­ni hem syn­la­dy. Şeýt­mek bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz pur­sa­dy işler­den dynç al­mak ýa-da ag­ty­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­ha ber­mek üçin peýda­lan­mak bi­len bir­lik­de, in­di­ki iş­le­ri üçin hem yl­ham al­dy. Mil­li Li­de­ri­miz tä­ze saz ese­ri­ni diň­le­mek­den ruh­lanyp, «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» ki­ta­by­nyň 11-nji jil­diniň üs­tün­de iş­le­me­gi­ni do­wam et­di hem-de gu­tar­nyk­ly dü­ze­diş­le­ri gi­rizip we gol­ýaz­ma­nyň soň­ky no­ka­dyny go­ýup, ony ne­şi­re ber­di.

Hormatly Prezidentimiz ylmy işin­de dür­li ke­sel­le­ri be­jer­mek üçin ot­lar­dan, ýap­rak­lar­dan, mi­we­ler­den hem-de der­man­lyk ösüm­lik­le­riň kökle­rin­den der­man­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň we ulan­ma­gyň usul­la­ry­ny sal­gy berýär. Şeý­le hem bu ýer­de şo­la­ryň hä­siýet­le­ri, aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ösüp ýe­tiş­ýän ýer­le­ri, te­bi­gy go­ry, der­man­lyk çig ma­ly­nyň gör­nüş­le­ri we hi­mi­ki dü­zümi ba­ra­da ta­kyk hem-de do­ly maglu­mat­lar be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň derman­lyk ösüm­lik­le­ri ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar jem­le­nen döw­let Baş­tuta­ny­my­zyň iri göw­rüm­li yl­my işi­niň tä­ze jil­di­niň hem peý­da­ly we is­leg bil­di­ril­ýän mag­lu­mat­la­ryň gym­mat­ly çeş­me­si­ne öw­rü­lip, hal­ky­myz­da we da­şa­ry ýurt­la­ryň giň oky­jy­lar köpçü­li­gi­niň ara­syn­da uly meş­hur­lykdan peý­da­la­nyl­jak­dy­gy gür­rüň­siz­dir, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­leri­niň ýa­kyn­da bel­le­nil­jek gü­nü­ne ajaýyp sow­gat bo­lar.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aras­sa ho­wa­da ag­ty­jak­la­ry bi­len bile­lik­de ge­zim et­di. Ça­ga­lar dür­li hünär­le­re gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny gör­ke­zip, öz­le­ri­ni gy­zyk­lan­dyr­ýan so­wal­la­ry ber­di­ler hem-de eý gör­ýän pi­şi­jek­leri bi­len oý­na­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ag­tyk­la­ryna türk­men te­bi­ga­ty­nyň baý dün­ýä­si, gö­zel­li­gi we aý­ra­tyn­lyk­la­ry, haý­wanat dün­ýä­si­niň öz­bo­luş­ly­ly­gy ba­ra­da gür­rüň ber­di. Haý­wan­la­ry sak­la­mak yn­san kal­by­na ýag­şy­lyk nu­ru­ny çaýýar, onuň dur­mu­şy­ny baý­laş­dyr­ýar we gy­zyk­ly ed­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň fewra­lyn­da ge­çi­ri­len iş mas­la­ha­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz türk­men hal­ky­nyň öý haý­wan­la­ry­na he­mi­şe üns-ala­da bi­len ga­ran­dy­gy­ny belläp, ýö­ri­te­leş­di­ri­len mer­ke­zi we­te­rina­ri­ýa has­sa­ha­na­nyň işi­ni gu­ra­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi öňe sür­di. Bu merke­ziň dü­zü­min­de ideg­siz ga­lan öý haý­wan­la­ry üçin döw­re­bap bi­na­nyň dö­re­dil­me­gi bel­le­nil­ýär.

Ideg­siz ga­lan öý haý­wan­la­ry üçin gu­ra­lan bu go­nal­ga­dan ýa­şa­ýan ýerle­ri­ni üýt­ge­den hem-de öz it­le­ri­ni ýa-da pi­şik­le­ri­ni öýün­de sak­la­maga müm­kin­çi­li­gi bol­ma­dyk adamlar, şeý­le hem zäh­met rug­sa­dy­na ýa-da iş sa­pa­ry­na gid­ýän adam­lar hem peý­da­la­nyp bi­ler. Bu­la­ryň ähli­si jan­dar­la­ryň sak­la­nyl­ýan ýe­rin­de göw­ne­jaý şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Öý haý­wan­la­ry­nyň sakla­nyl­ýan ýer­le­ri­ni hä­zir­ki dö­wür­de bu ba­bat­da dün­ýä­de bar bo­lan häzir­ki­ za­man öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da gur­na­mak, ösen ýurt­lar­da bu ugur­da top­la­ny­lan iň go­wy tej­ri­be­le­ri öwren­mek hem-de or­naş­dyr­mak ze­rurdyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň aý­dy­şy ýa­ly, bu mer­kez şeý­le hem öý haý­wan­lary­ny ge­lip gör­mek, olar bi­len ge­zim et­mek, belki-de, öýün­de sak­la­mak üçin al­mak is­le­ýän­le­riň äh­li­si üçin açyk bol­ma­ly­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu iş­leriň ýaş ne­sil­le­ri yn­san­per­wer­lik ruhun­da ter­bi­ýe­le­mek­de örän uly ruhy-ah­lak äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň Türk­me­nis­ta­nyň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öz hal­ky, şol san­da her bir maş­ga­la­nyň äh­li ba­bat­da my­na­syp dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek ug­run­da ed­ýän yzy­gider­li ala­da­la­ry «Döw­let adam üçindir!» di­ýen şy­ga­ryň da­ba­ra­lan­ýandy­gy­ny şöh­le­len­dir­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ylmy iş­le­ri ne­ti­je­li alyp bar­mak­da, ki­tap ýaz­mak­da alyp bar­ýan be­lent dö­re­di­ji­lik iş­le­ri mundan beý­läk hem ro­waç bol­sun!

“Nesil” gazeti,

18.07.2019ý.

 

 

Meňzeş habarlar
2014