SAG­LY­GY GO­RAÝ­ŞYŇ ÜSTÜNLIKLI ÝOLLARY

20-nji iýulda paýtagtymyzdaky Türkme­nis­ta­nyň Söwda-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi mer­ke­zin­de «Sag­lyk — 2019» atly halkara sergisi açyldy, onuň çäk­le­rin­de luk­man­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň me­seleleri boýunça ylmy maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz ila­tyň sag­ly­gy­ny äh­li zatdan ileri goýup, «Il saglygy — ýurt baý­ly­gy!» di­ýen şyga­ra bes­len­ýän be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, ilat arasyn­da sag­dyn dur­muş ýörel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek we or­naş­dyr­mak, ada­myň saglygyny pugtalandyrmak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, ilata edil­ýän sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­ma­ty­nyň hi­li­ni kä­mil­leşdir­mä­ge gö­nük­di­ri­len çä­rele­ri ama­la aşyr­mak ba­bat­daky iş­ler döw­let sy­ýa­sa­tyn­da ile­ri tu­tul­ýan or­ny eýe­le­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny başlan we üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky öz­gert­me­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň iri hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­lary­nyň hem-de dü­züm­le­ri­niň uly gy­zyk­lan­ma­sy­na we ýokary bahasyna eýe bolýar.

«Sag­lyk — 2019» at­ly halka­ra ser­gi­de ýur­du­my­zyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň eda­rala­ry hem-de kär­ha­na­la­ry bilen bir ha­tar­da, Ýew­ro­pa­nyň, Ame­ri­ka­nyň we Azi­ýa­nyň ýurtlaryndan kompaniýalaryň iki ýüz onu­sy öz önümle­ri­ni gör­kez­di­ler. Şol san­da kom­pa­ni­ýa­la­ryň 21-si sergi­de öz ha­ryt­la­ry­ny il­kin­ji ge­zek gör­kez­di. Giň ge­rim­li ser­gi bar­lag­ha­na we anyk­laýyş en­jam­la­ry, luk­man­çy­lyk gu­ral­la­ry hem-de se­riş­de­leri, optika hem-de oftalmologi­ýa, rea­ni­ma­si­ýa, in­ten­siw te­ra­pi­ýa we anes­te­zi­ýa, enäniň hem-de ça­ga­nyň sag­ly­gyny goramak, stomatologiýa ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar.

Ser­gi­niň çäk­le­rin­de tä­ze neşi­riň — ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ram­çy­ly­gy­nyň öň ýa­nyn­da ne­şir edi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti, Ylymlar akademi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, lukman­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dokto­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkme­nis­ta­nyň der­man­lyk ösümlik­le­ri» at­ly işi­niň 11-nji jildi­niň ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy bol­dy. Dün­ýä­niň dür­li dil­lerinde ençeme nusgalarda çap edi­len der­man­lyk ösüm­lik we halk tebipçilik ensiklopediýasy­nyň ozal­ky ki­tap­la­ry million­lar­ça da­şa­ry ýurt­ly okyjy­la­ryň baý­ly­gy­na öw­rü­lip, türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syrlyk dur­muş tej­ri­be­si we däple­ri bi­len ta­nyş­ma­ga aja­ýyp müm­kin­çi­li­gi peş­geş ber­di.

Ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­syn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, mil­li Li­de­rimi­ziň yl­my işi ýur­du­my­zyň di­ňe der­man se­na­ga­ty yl­myny däl-de, eý­sem, dün­ýä­niň fi­to­te­ra­pi­ýa­sy­ny ös­dür­mä­ge hem uly go­şan­dy­ny goş­dy. El­bet­de, tä­ze ne­şir luk­mançy­lyk işin­de asyr­lar do­wam edip gel­ýän däp­le­ri hem-de döw­re­bap in­no­wa­si­ýa­la­ry utgaş­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, tebigy çig maldan ýokary neti­je­li der­man­lyk se­riş­de­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça işe iter­gi be­rer. Hut şu ýö­rel­ge döwlet Baş­tu­ta­ny­myz ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň der­man sena­ga­ty­ny ös­dür­me­giň esa­synda go­ýul­dy, onuň önüm­le­ri­niň sa­na­wyn­da ýüz­ler­çe gör­nü­şi bo­lup, olar hä­zir dün­ýä ýüzün­dä­ki bäs­deş­le­ri bi­len my­nasyp bäs­le­şip bil­ýär­ler. Ola­ryň on­lar­ça gör­nü­şi ilat ara­syn­da uly islegden peýdalanýan ýerli dermanlyk otlary, melhemlik ösüm­lik­le­riň kök­le­ri we mi­wele­ri bo­lup dur­ýar. Ola­ryň sa­nawy mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz tagallalary netijesinde yzygiderli artýar.

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da «Sag­lyk — 2019» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hatyň umu­my mej­li­si ge­çi­ril­di. Sag­lygy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty işgär­le­ri­niň gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp, her ýyl ge­çi­ril­ýän fo­ru­ma dün­ýä­niň onlar­ça ýur­dun­dan we­kil­ler, şol san­da gör­nük­li alym­lar hem-de luk­man­lar gat­naş­dy­lar.

Mas­la­ha­tyň ba­şyn­da Mil­li immunizasiýa maksatnamasy arkaly ýurdumyzda çagalara sanjym et­me­giň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri­ni gol­da­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýändi­gi üçin Türk­me­nis­ta­nyň Hö­küme­ti­ne ÝU­NI­SEF-niň gü­wä­na­masy­ny gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy. ÝU­NI­SEF-niň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li Kris­tin Waý­gand da­ba­ra­da çy­kyş edip, de­giş­li sy­la­gy gow­şur­dy. Türk­me­nis­ta­nyň san­jym işi­ne dur­nuk­ly we yzy­gi­der­li ma­ýa go­ýum­la­ry — bu enä­niň we ça­ganyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek üçin anyk ädim­ler­dir. Ýur­du­myz­da po­lio­mieli­tiň ýok edil­me­gi uly üs­tün­lik­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Her ýyl bir ýa­şa çen­li ça­ga­la­ryň 110 mü­ňe go­la­ýy­na ýokanç kesellerden goramak üçin san­jym ge­çi­ril­ýär. Hal­ka­ra bi­lermen­ler ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len ga­raşsyz bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri ça­ga­la­ra sanjym et­me­giň 95 gö­te­rim de­re­je­de gur­şa­lyp al­nan­dy­gy­na hem-de olaryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň beý­le­ki möhüm gör­ke­zi­ji­le­ri­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we Ys­ra­ýyl döw­le­ti­niň de­giş­li edara­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk etmek barada resminamalara gol çekil­me­gi hal­ka­ra fo­ru­myň bi­rin­ji günü­niň mö­hüm wa­ka­sy bol­dy.

«Sag­lyk — 2019» hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň mak­sat­na­ma­sy iç keselleri, hirurgiýa, kosmetologiýa, kar­dio­lo­gi­ýa we kar­dio­hi­rur­gi­ýa, traw­ma­to­lo­gi­ýa hem-de or­to­pe­di­ýa, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ramak, on­ko­lo­gi­ýa, göz ke­sel­le­ri, stoma­to­lo­gi­ýa, sag­lyk çeş­me­si ýa­ly tebi­gy se­riş­de­le­ri, luk­man­çy­ly­gyň tä­ze tehnologiýalary hem-de sport lukman­çy­ly­gy, maş­ga­la luk­man­çy­ly­gy we jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy, aras­sa­çylyk hem-de epidemiologiýa ugurlary bo­ýun­ça mej­lis­le­ri öz içi­ne al­dy.

21-nji iýul­da ag­şam fo­ru­ma gatna­şy­jy­lar Sag­ly­gy go­ra­ýyş we derman se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni myna­sy­bet­li «Aş­ga­bat» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zin­de sun­gat us­sat­la­rynyň we tans to­par­la­ry­nyň baý­ramçy­lyk kon­ser­ti­ne to­ma­şa et­di­ler. Baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň çäk­le­rinde türkmen lukmanlaryny sylaglamak dabarasy boldy, olara hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny bi­len «Türk­me­nis­ta­nyň halk luk­ma­ny» diýen hormatly at dakyldy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da bi­ziň döw­le­ti­miz dünýä de­re­je­sin­de sag­dyn­ly­gy hem-de abadançylygy üpjün etmek, adamla­ryň sag­ly­gy­ny, be­den we ru­hy taýdan saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni ga­zan­mak, daş­ky gur­şa­wyň aras­sa­ly­gy­ny gorap sak­la­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gamy­ny kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­le­rin­de mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär, bu ugurda halkara tagallalaryny gol­da­ýar. Ada­my, onuň aba­dan­çyly­gy­ny, my­na­syp dur­muş de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi baş mak­sat edin­ýän ýur­du­my­zyň sag­ly­gy­ go­ra­ýyş ul­gamy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň saýa­syn­da bar­ha ro­waç­lan­ýar.

“Nesil” gazeti,

23.07.2019ý.

 

 

Meňzeş habarlar
2014