20-nji iýulda paýtagtymyzdaky Türkme­nis­ta­nyň Söwda-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi mer­ke­zin­de «Sag­lyk — 2019» atly halkara sergisi açyldy, onuň çäk­le­rin­de luk­man­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň me­seleleri boýunça ylmy maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz ila­tyň sag­ly­gy­ny äh­li zatdan ileri goýup, «Il saglygy — ýurt baý­ly­gy!» di­ýen şyga­ra bes­len­ýän be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. «Sag­lyk» döw­let...