2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta böleginde bina edilýän desgalarda, iri gurluşyk taslamalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherini ähli tarapdan ösdürmek baradaky meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklap, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzüminiň desgalarynyň taslamalaryny içgin öwrenmeklige...