5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň, aýry-aýry ministrlikleriň, sebitleriň dolandyryş edaralarynyň işiniň netijelerine, guramaçylyk meselelerine garaldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisiň gün tertibine geçip,...