«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby okuw-türgenleşigi geçirildi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji sentýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň harby düzümleriniň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme harby okuw-türgenleşigine...