GARAGUMUŇ TYLLA SAHYPASY

Garaguma pasly baharyň gelşi üýtgeşik. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň bahary-ýazy-ha hakyt «çyrpynyp» geldi. Burkut baba asman gümmezinde gezdirýän suwly meşigini türkmen ýaýlasynyň üstüne gelende gysganman boşatdy. Çarwalary gürledip gör:

— Tüýs ygally gelende kyrk ýyllap topragyň goýnunda boz ýatan tohumlaram şineläberýär. Dowar sonarlaýan ýaýlalara baryň! Parç bolan, özem görülmedik otlardan ýaňa içinde guzy görünýän däldir.

Ine, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda durup, suwa inýän dowar sürüsini heziller edip synlaýan. Olar teşneligini gandyryp, gürre yza — ýaýla serpikdiler weli, pah, gör-ä guba düýeleriň suwa gelişlerini! Kölüň suwundan mährini gandyrýan mahallary walla, egri boýunlary dosdogry bolaýýan ýaly.

Gaýdyşyndaky görnüşleri aýtsana! Gadymy Ýüpek ýolunyň taryha «Hywa — Gyzylarbat» ady bilen giren şahasy ýöräp oturan ýolumyz. Serdar şäherinden bu Kölüň kenaryna ýetýänçäň eslije — 150 kilometr ýol sökmeli.

Garabogaz obasy, Akýaýla obasy, Igde guýusy, ondan aňryk ötüberseň, Jemal guýy, Dähli guýy, Tüwergyr bar. Olary yzarlap gidiberseň, Üňüz gyrlary öz ornuny Gaplaňgyra berer-de, baryp seni Sarygamyş kölüniň kenaryndan çykarar. Ol ýerdenem ýol ikä bölüner-de, birisi Köneürgenje, Hywa gider. Beýlekisem Üstýurt gyrlarynyň üstünden aşyp, gazak sährasyna sapar, Ural, Itil-Wolga derýasynyň kenarlaryna tarap uzar gider...

Türkmen kölüniň kenarynda durup, baharyň hoştap howasyndan demligiňi dolduryp dem alýaň. Adaja şemalyň bady sähra güllerimidir ýüz dürli ot-çöpleriň ysyny getirýär. Suwuň guýýan ýerinde — Akýaýla oýunda durus. Suw şondan öz hakyky köl bolmaly ýerine — Garaşora çenli 70 kilometr akym edýär.

Garagumuň bahar nepesinden durlanan, tüýs nurlanan gözelligine bolsa söz ýeter, bakyp doýmaga göz ýeter ýaly däl. Tyllaýy çägeli depe-gollary keýpiçag synlap durkaň, seriňe bu sähra barada bilýän zatlaryň gonup-geçýär. Ol pikirleri hon-ha, Garagumda deňiz deýin tolkun atýan suw giňişliginiň üstünde pel-pelleýän guşlar özi bilen bile getiren ýaly.

Garagum parallel boýunça 800 kilometre, meridian boýunça 450 kilometre uzalyp, 350 müň inedördül kilometr meýdana ýaýylyp gidýär. Ylym Garagumuň häzirki depe-alaň, aklaňdyr takyr bolup ýatan ymgyr meýdany geçmişde çaýkanyp ýatan deňiz bolupdyr, diýmek, häzirki sary çägeler öň tutuş bir deňiz bolan Aral-Hazar deňziniň çökündisidir diýlen delili öňe sürýär.

Belli türkmen alymy, akademik Agajan Babaýewiň «Garagum — hazynaly hum» hem-de «Çölleriň we çölleşmegiň meseleleri» atly kitaplarynda bellenilişi ýaly, takmynan, on müň ýyl mundan ozal Garagumuň häzirki çäginde fiziki-geografiki ýagdaýy düýpgöter özgerden ägirt uly geologik hadysa bolup geçipdir. Ol gadymy kitaplarda «Behiştden gözbaş alýan ýedi derýanyň biri Jeýhun — Amyderýadyr» diýilýän derýanyň ugrunyň demirgazyga sowulmagy bolupdyr. Şeýdibem derýa Aral çöketligine guýup ugraýar. Amyderýanyň suwunyň bir şahasy — goly bolsa günbatara tarap uzap, öň çaňap ýatan Sarygamyşa baryp guýupdyr. Soň bol suw Sarygamyşa hem sygman, günorta-günbatara agýar. Şeýdibem günbatar Uzboýuň hanasy emele gelýär. Köne Uzboýuň şol gadymy hanasynyň 500 kilometriniň ugry-sudury häzir hem saklanyp galypdyr. Türkmen kölüne barýan Uly şor suw akabasynyň aglaba ýeri şol gadymy Uzboýuň köne hanasydyr.

Bu ymgyr sähranyň gujagynda Türkmen ýurdunyň dowarlarynyň hem düýeleriniň 90 göterimi gezipsonarlap ýör.

Garagum sährasyna ýylda ortaça 130-200 millimetr ygal düşýär.

Bu san asty hem, üsti hem genji-hazynaly Garagumumyzyň dünýädäki şeýle çöller bilen deňeşdirende, iň bol örüli, gujagy kakly-kölli sähradygyny aňladýar. Kosmonawtlar tas 300 kilometr beýiklikden synlanlarynda, dünýäniň fiziki-geografik kartasynda ägirt meýdanlary tutup ýatan Sahara, Atakama, Gobi, Takla-Makan çölleriniň sary-goňur tegmil bolup görünýändigini, Garagumuň tebigy örtüginiň bolsa ýaşyl reňkdedigini, diýmek, bu ýeriň çöl däl-de, florasy, faunasy doly bahaly sähradygyny aýdýarlar.

Türkmen kölüniň döremegi Garagumda goşmaça 1 million 500 müň gektar öri meýdanlaryny suwlulandyrmaga mümkinçilik döreder.

Suw baran ýere durmuş barýar. Suw — dirilik çeşmesidir.

Türkmenistan umumadamzat ösüşine, geljekki nesilleriň ykbalyna dahylly şu wajyp meseläni çözmegiň dünýä nusgalyk nusgasyny Garagumda Türkmen kölüni döretmek bilen görkezýär.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslama uzynlygy 103 kilometre, ini 18,6 kilometre, göwrümi 132 kub metre barabardyr. Şor suwlar köle iki sany uly akabalar arkaly getirilýär. Olaryň birinjisi Baş şor suw akabasy, ikinjisi Daşoguz goludyr.

Baş şor suw akabasy gözbaşyny Lebap welaýatyndaky Ketteşordan alyp gaýdýar. Baş şor suw akabasy Garagumuň depe-gollarynyň arasy bilen 720 kilometre uzaýar.

Baş şor suw akabasynyň Lebap, Mary hem-de Ahal, Balkan welaýatlarynyň çägindäki zeýkeş, kollektor gollarynyň — şahalarynyň uzynlygy bolsa 1553 kilometre barýar.

Baş şor suw akabasynyň ugrunda göwrümi 700 million kub metr bolan Uly şor, göwrümi 300 million kub metr bolan Rahman hem-de göwrümi 200 million kub metr bolan Ýerajy kölleri ýerleşýär.

Taslama laýyklykda Baş şor suw akabasynyň welaýatlaryň çäginden şor suwlary getirýän umumy uzynlygy 825 kilometr çemesindäki birnäçe gollary guruldy. Lebap welaýatyndaky «Çepkenar» şor suw akabasy — 240 kilometre, Mary welaýatyndaky «Jar» goly — 90 kilometre; Baş Murgap şor suw akabasy — 120 kilometre; Merkezi Tejen şor suw akabasy — 140 kilometre; Ak bugdaý goly — 74,1 kilometre; Ruhabat goly — 74,3 kilometre; Gökdepe goly — 86 kilometre deňdir.

Daşoguz şor suw akabasynyň uzynlygy 381 kilometr bolup, ol öz gözbaşyny Görogly etrabynyň çägindäki «Dostluk» kollektoryndan başlaýar.

BMG-niň «Çölleşmä garşy göreş» baradaky Konwensiýasy 1994-nji ýylda düzüldi we häzirki wagtda oňa dünýäniň 200 çemesi döwleti tarapyndan gol çekildi. Konwensiýanyň esasy maksady çölleşmä sezewar bolan ýerleriň ekologiýa şertlerini gowulaşdyrmakdan, durnukly ösüşi gazanmakdan, şonuň esasynda ol ýerlerde ýaşaýan ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistan bu Konwensiýa ilkinjileriň biri bolup, ýagny 1996-njy ýylda goşuldy. Geçen döwrüň içinde bitirilen işler bolsa dünýä nusgalykdyr. Çölleşmä garşy göreşmegiň esasy ýoly bolan çöl bilen sazlaşykly ýaşamak türkmen halkyna gadym döwürlerden bäri mahsusdyr. Bu barada halkymyzyň örän baý tejribesi bar. Bu ýol adamzat taryhynda, müňlerçe ýyllaryň dowamynda türkmenler tarapyndan paýhas bilen döredilen beýik sazlaşyk ýoludyr. Tebigatyň taryhynda bolsa beýik eýýamdyr.

Türkmenistan Çölleşmä garşy göreş baradaky Konwensiýa goşulandan soň, ýurdumyzda birnäçe ylmy-amaly we guramaçylyk işleri geçirildi. Ilki bilen 1997-nji ýylda «Çölleşme hadysalaryna garşy göreşmek hereketleriniň Milli Maksatnamasy» işlenip düzüldi we işe girizildi. Türkmenistanda tebigaty goramak we aýawly saklamak barada wajyp uly işler amala aşyryldy, zerur taslamalar işlenip düzüldi. Tebigat bilen adamyň sazlaşykly gatnaşyk ýoly şeýdip barha giňeýär hem berkeýär.

Garaşsyzlyk alan ýyllarymyzdan başlap, bütin ýurdumyzy gazlaşdyrmak işiniň başlanmagyny hakykatda Garagumy halas etmek taglymy hasaplamak bolar. Halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýurduň tebigatyny gorap saklamakda şu wajyp meseläniň öz wagtynda çözülmegi çäksiz uly ähmiýete eýedir. Şeýlelik bilen sähramyzdadyr daglarymyzda bitýän dürli agaçlaryň odun üçin çapylmagy doly bes edildi. Soňky ýyllarda bolsa ýurdumyzy doly tokaýlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek hereketi giň gerim aldy.

Merkezi Garagumuň florasy ösümlikleriň 293 görnüşini öz içine alýar. Olardan 210 görnüşi ýokary derejeli ösümlikleriň 22 maşgalasyna degişlidir. Esasy ösümlik dünýäsi agaç hem gyrymsy agaç ösümlikleriň 16 görnüşiniň, ýarym gyrymsy we ýarym gyrymsyjalaryň 19 görnüşiniň, köpýyllyk ösümlikleriň 57 we otjumak birýyllyk ösümlikleriň 118 görnüşiniň dürli-dürli utgaşmasyndan emele gelýär.

Pes derejeli ösümlikler 80-den gowrak görnüşlerden durýar.

* * *

Suw — altyndan arzyly baýlykdyr. Ýekeje mysal! Adam iýmän üç hepde hem ýaşap bilýär. Suwsuz weli iki-üç günden aňry ýaşap bilmeýär. Bu gaty takyk kesgitlemedir. Sebäbi adam synasynyň 70 göterim çemesi suw.

Häzir dünýä gürrüňi edilýän juda wajyp meselede Türkmenistanyň tejribesini hem-de Türkmenistanyň Baştutanynyň Älem içine ýaýýan teklipdir başlangyçlaryna juda ýokary baha berýär. Sebäbi Ýer togalagy — bu biziň umumy öýümizdir. Onuň haýsydyr bir künjeginde bolup geçýän tebigy hadysa ýa-da tehnogen ýagdaý hemmämiziň durmuşymyza, geljegimize hökman täsir edýär.

Türkmenistan — «ýaşyl tehnologiýa» esasynda işleýän senagat önümçiligini doly ornaşdyrýar. Muňa Garabogazda gurlan karbamid toplumy, Gyýanlyda işe girizilen polimer önümçiligi toplumy anyk mysallardyr. Daşky gurşawy goramak, zyýansyz önümçilik, iň netijeli hem durnukly taslama babatda dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň, Halkara guramalarynyň, tehniki-önümçilik kongresleriniň beren güwänamalary munuň anyk subutnamasydyr.

Geljekki dünýäniň ösüşine mahsus aýratynlyk — alternatiw energiýa çeşmeleri bolar. Gün, ýel, suw akymy energiýalary has giňden ulanylar. Eýýäm ösen döwletleriň aglabasy elektromobilleri has giňden ulanmak babatda anyk netijeli işleri, haýran galdyryjy taslamalary amala aşyrýarlar.

Ine, Akýaýla golaýlabereňde seleňläp görünýän täze görnüş — ýel elektrik stansiýalarynyň maketi — nusgalygy gaty ýakyn wagtlarda bu sährada dörejek obanyň — toplumyň baýaminnet önýän energiýany peýdalanyp başlajakdygynyň buşlukçysydyr.

Ýüreginde mähir bar adam özünden zyýat agtyk-çowlugyny söýýändir, ýüreginden üzüp ezizleýändir. Diýmek, biz ertirki dowamat-dowamymyz boljak nesilleriň abadançylygyny, bolelin hem rahat ýaşamagyny, sag hem uzak ýaşly ömür sürmegini isleýän bolsak, Garagumuň gujagyndaky şahyrana görnüşi ýatlamalydyrys. Ol BEÝIK ZAMANANYŇ täzeçe keşbidir, bagtyýar nesilleriň täze mekanydyr.

Ýaşaýşyň gönezligini düzýän zeruryýetligi — suwy, elektrik energiýasyny, tebigy gazy üpjün oba-şäherçede ýaşamagyň lezzeti bir başga bolar.

Ýer togalagynyň abadançylygy, hemişelik gözelligi, ekologiýa tämizligi — ine, bularyň umumy sazlaşygyny görjek bolsaň, Akýaýladaky täze topluma barybermelidir.

Ine, goja Garagumuň gujagynda — Akýaýla düzlüginde bu gün Älem içine çaw bolup ýaýrajak taryhy waka şaýat bolup durus. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenar ýakalarynda diýseň döwrebap täze obanyň, has anyk aýdanda, giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň düýbi tutuldy. Döwletli işe badalga bermek dabarasyna gatnaşan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşynda bellenilişi ýaly, Garagumuň jümmüşinde gurlan bu kölüň tutuş Aziýa sebiti üçin ähmiýeti juda uludyr. Ýaňy-ýakynda hökümet derejesinde Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň, şol babatda durmuşa geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Şeýlelikde, ýygnanan suwy zer damjasy ýaly edip tygşytly ulanmak, Garagum sährasyny diňe bir maldarçylyk üçin däl, eýsem, ekerançylyk üçin hem özleşdirmek, tokaý zolaklaryny döretmek, dowardarçylyk üçin sonarly örüleriň çägini has artdyrmak bellenilýär.

...Milli Liderimiziň hersini altyna gaplaýmaly sözlerini diňläp durkaň, içiňden «görmäge gözümiz sag bolsun» diýip, buýsançly owsunyp gideniňi duýman galýaň. Bazar gatnaşyklary esasynda bu Hydyr gezen sährada indi diňe daýhançylyk däl, eýsem, balykçylyk, bagçylyk öser. Bar bolan, şeýle-de indi öndüriljek önümleri senagat taýdan işlejek pudaklar peýda bolar.

...Gaýdyşyn gözüň ýol ýakalarynda heniz hem boglan çemene meňzäp al-elwan bolup oturan gülzarlykda, ýaşap gidensoň, hersi gujak doldurjak sazaklarda, dim-dik bolup sülmüräp oturan ak sözenlerde eglenýär. Doly gazlaşdyrylan ýurtda indi Garagum tokaýa öwrülýär. Hawa, şeýledigini görjek bolsaňyz, Türkmen kölüne tarap seýle-seýrana çykaýyň!

Türkmen kölüniň kenarynda dörejek toplumlaýyn işleriň birinji tapgyry 2019 — 2022-nji ýyllarda amala aşyrylar, ikinji tapgyr 2022-nji ýylda başlanyp, işler 2025-nji ýylda doly tamamlanar. Birinji tapgyrda bu ýerde oba geňeşiniň, Polisiýa we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binalary, 260 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, Saglyk merkezi, içerki ýollar hem-de gaz, agyz suwy, lagym we elektrik geçiriji ulgamlar, suw süýjediji desga gurlar.

Şeýle hem kuwwaty 10 MWt bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik stansiýasy, seýilgäh, aragatnaşyk üpjünçiliginiň içerki we daşarky eltiji inžener ulgamlary, ýangyç guýujy beket, balykçylyk hojalygy, azykdyr senagat harytlary dükany bina ediler.

Şonuň ýaly-da, birinji tapgyrda 60 sany bir gatly 4 otagly, 20 sany bir gatly 3 otagly ýaşaýyş jaýlary, ikinji tapgyrda bolsa, 44 sany bir gatly 4 otagly, 88 sany hem bir gatly 3 otagly ýaşaýyş jaýlary gurlar.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň «Akýaýla» şor suw howdanynyň sebitinde guruljak desgalar we ekiljek baglar bu töweregiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir eder.

Bu taslama giň halkara jemgyýetçilikde ýokary baha eýe boldy. Dünýä jemgyýetçiligi bu işe Merkezi Aziýanyň ähli sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga Türkmenistanyň goşan saldamly goşandy hökmünde baha berýär.

...Bu dabara gatnaşan myhmanlary synlaýan. Hawa, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natia Naswlişwili we beýlekiler Garagumuň gujagyndaky gudrata haýran galýandyklaryny her sözünde nygtaýarlar. Olaryň kölüň suwuny içip görýänlerem bar. Kölden ýap-ýaňyja tutulan balyklary dadyp görüp, «aperin!» diýen manyda başam barmagyny ýokary galdyryp, baş ýaýkaýanlaram, gämidäki gezelençde aldygyna surat alýanlaram, ýürek joşgunyny žurnalistler bilen paýlaşmaga howlugýanlaram... bar. Jahankeşdelik kemini goýmadyk myhmanlary Garagumdaky tutum haýran galdyrýan bolsa, diýmek, bu Älem içre owazasy ýaýrajak wakadyr.

* * *

Garagumuň tyllaýy çägeleriniň reňkine meňzeş harplar bilen bu sähranyň gujagyna täze sahypa, täze taryh ýazylýar. Ol sahypa geljek üçindir, gülleýiş üçindir, nesilleriň rowanalygy üçindir. Gadymy Garagum, gülleýiş, bahar lybasyndaky hoşnutlyk mübärek bolsun!

Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy

“Nesil” gazeti,

11.05.2019ý.

 

 

 

Meňzeş makalalar
2014