BITARAP WATANYMYZYŇ DAŞARY SYÝASATDAKY ULY ÜSTÜNLIGI

10-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasyndan gelip gowşan hoş habaryň aýdylmagy hemişelik Bitaraplyk, «Ösüş arkaly parahatçylyk» syýasatymyzy dabaralandyryp, ýurdumyzda we bütin dünýäde uly seslenme tapýar. 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistan 2020 — 2022-nji ýyl­lar üçin Bü­tin­dün­ýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Ge­ňe­şi­niň, 2020 — 2024-nji ýyl­lar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň ýokarda agzalan edaralarynyň üçüsiniň düzümine saýlanmagynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny belläp, ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan nobatdaky üstünliginiň onuň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyny aýtdy.

Türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligi hormatly Prezidentimiziň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen işjeň we döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň ykrarnama we goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Döwletimiziň bu düzümlere saýlanylmagy diňe bir öz raýatlarymyz, sebitimiz üçin däl, eýsem, tutuş dünýä üçin hem bähbitlidir.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça uzakmöhletleýin maksatnamalar amala aşyrylýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda netijeli işler, neşekeşlige garşy göreşmek, zyýanly endikleriň öňüni almak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy boýunça maksatnamalaýyn çäreler ýerine ýetirilýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik gatnaşyklary ösdürip, ýurdumyz bu ugurda sebitleýin we ählumumy ölçegdäki wajyp meseleleri çözmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar.

Mejlisde habar berlişi ýaly, soňky 12 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň hökümeti BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde dürli ugurlar boýunça anyk maksatly taslamalaryň 368-sini durmuşa geçirdi. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň 10-synyň, şol sanda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasy bolup durýar we olaryň çäklerinde degişli halkara işleri amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna üýtgewsiz ygrarlydygyny belleýär. Şu babatda Milletler Bileleşigi bilen ýola goýulýan işjeň gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şu ýyllaryň dowamynda toplanan baý tejribä esaslanyp, häzirki döwürde netijeli gatnaşyklar täze hile we mazmuna eýe bolýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň BMG bilen köptaraply gatnaşyklary barha işjeňleşýär. Türkmenistan XXI asyrda parahatçylygy dawasyz ösdürmek üçin pugta binýady döretmek, halklaryň hem-de döwletleriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we özara düşünişmegi pugtalandyrmak maksady bilen, BMG-niň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmagyň tarapdary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle belleýär: «Biz özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylykly, syýasy gepleşikler ýörelgelerinde halkara tertibiniň binýatlaryny gorap saklamakda esasy we aýgytlaýjy orny Birleşen Milletler Guramasy eýelemelidir diýip hasap edýäris.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem bu babatda möhüm ähmiýetlidir. Ol sebitiň döwletleriniň gatnaşyklaryny ösdürmäge, bu ýerde bar bolan meseleleri çözmekde olaryň tagallalaryny birleşdirmäge mynasyp goşant goşýar. Milli Liderimiz sebitleýin meseleleri esasy ýörelgeleriň üçüsi boýunça çözmegiň netijeli ýollaryny kesgitledi. Birinjiden, halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalary berjaý edilmeli. Ikinjiden, gatnaşyjy ýurtlaryň bähbitleri nazarda tutulmaly. Üçünjiden bolsa, halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG işjeň gatnaşmaly. Şu ýörelgeler ýurdumyzyň ýokarda agzalan düzümlere gatnaşmagyny häsiýetlendirýär.

Dünýäde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek biziň döwletimiziň halkara işiniň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Azyk forumyny geçirmek başlangyjy hem oňlanylýar. Neşe serişdelerine gözegçilik etmäge degişli üç esasy halkara Konwensiýa gatnaşmak bilen, Türkmenistan bu ulgamda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýar. Ilat we ösüş babatda aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty raýatlaryň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilip, ýylyň-ýylyna Döwlet býujetiniň 70 göterimden gowragy durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär.

Bu düzümlere saýlanylmagy ýurdumyzyň Aral ýakasyndaky ýagdaýlar boýunça, şeýle-de Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyny goldamak boýunça ynsanperwer syýasatynyň hasda rowaçlanmagyna ýardam eder. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde täze mümkinçilikleri döredýän hoş habar — Türk­me­nis­ta­nyň 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­nyň, 2020 — 2023-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy bilen ähli halkymyzy, hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlaýarys!

Abdylla GÖKLEŇOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

14.05.2019ý.

Meňzeş makalalar
2014