AWÇYNYŇ ÝAŞ ÝAZYJA ÝEDI MASLAHATY

Ondan bäri ep-esli ýyl geçse-de, bu waka dek düýn bolan ýaly ýadymda. Hemişe bolşy ýaly, şol wagtlar hem del kyssalaryň hyrydarydym. Tanyşlarymyň biri: «Şu ýaşuluda gürrüň kän» diýip, bir gün bizi bir awçynyň ýanyna äkidermen boldy. Elin ulag bolansoň, ýanymyza-da çeper döredijilik bilen gyzyklanýan deň-duşlarymyzyň birini aldyk. Döredijilik adamlaryna özara pikir alyşmak, täze zatlary öwrenmek dem alýan howasy ýaly zerur. Dünýäni, tebigaty, hakyky durmuşy görmän, gysby diwarlaryň içinde bir zat ýazmaga ýa-da ýasamaga, taslamaga ýa-da toslamaga synanyşýan adamyň eserinden hütdük pikirden ýa-da göýdük garaýyşdan başga zat tapdyrmaz. Arasynda çyndan çeper ýazmaga, özüň bolup ýaşamaga wagt tapmaly.

...Sagat çemesi salymdan soňra ulagymyz sähralygyň daga diräp duran ýerindäki bir düşlegde saklandy. Nesibämiz güýçli bolmaly, idäp gelen ýaşuly awçymyz hem bu güni özüne dem-dynç üçin aýran ekeni. Salam-helikden başlanan söhbediň soňy tanyşlyga ýazdy. «Ine, bu biziň öz inilerimizden, täsin gürrüňleriň, üýtgeşik wakalaryň muşdagy» diýip, tanşym ilki maňa bakyp ümledi. Soňra ýanymdaky oglany görkezip: «Bu inimiz bolsa çeper döredijilik bilen meşgullanýar. Käteler galam ýöretmesi bar. Täsin söhbetler muňa-da gerek. Göwün açmagyň iň gowy usuly gyzykly gürrüňleri diňlemek. Bu meýdanlaryň kyssasy köp bolmaly» diýdi. Ýaşuly awçy her birimize tüwelemesini bolluk bilen eçilip, söhbede başlady: «Berekella, oglanlar, bir maksada ýapyşsaňyz, bir zat däl, köp zat gazanarsyňyz. Birbada köp zada owsun atsaňyz welin, hiç birini göwnejaý oňarman, paşmadyk arzuwlaryň arkasyndan delmuryp galarsyňyz. Ýüz işi ýarym-ýalta goýanyňyzdan, «Az bolsun, uz bolsun» diýip, bir işi düýpli bitirmäge endik ediň. Sen, ogul, ykbalyňy ýazyjylyga baglamagy ýüregiňe düwen bolsaň, bir zat hemişe ýadyňda gaýym bolsun. Ýazyjylyk, şahyrlyk kärem däl, hünärem däl, ol ykbaldyr. Ýazmak zehini berlen bolsa, ýazmasaň, täze bir zat döretmeseň, ýüregiň ynjalyk tapmaz. Ýazmasaň, göwnüňden aram-karar gider. Ýöne dil bilen diýmek aňsadam bolsa, ýazmak müşgildir. Ýazmak ukyby berilmedik bolsa, «Ylham bedewini» müň debsiläniň bilen menzil aşmarsyň. Özgeleriň ösdürip bat bermesine ýa-da ýanyňdakylaryň gylawlandyryp, ýagşy-ýaman at bermesine hem göterilip gitme. Magtymgulynyň: «Haryň işi hardyr dostlar, Müň magtasaň, atça bolmaz» diýlenine barar. Zehiniňe görä hereket etseň, zynatyň, sylagyň artar, ogul!

Döredijilik meýdanyna ymykly girmegi ýüregiňe düwen bolsaň, saňa az-owlak maslahatym bar. Awçylyk bilen ýazyjylygyň arasy gaty bir uzagam däl. Sizem ýagşy sözleriň awçysy. Men şiriň hem-de böriniň mysalynda bu meýdanda özüňi nähili alyp barmalydygyny gulagyňa guýaýyn.

Birinjiden, öňüňde maksat goý we maksadyňa ýetmekde özüňi şir ýaly alyp bar. Göwnüň bir zady ýazmagyňy isleýän bolsa, maksadyňam şoňa laýyk bolsa, ýazjak zadyňam arassa pikirli, halal, il-güne ýarajak, haýry degjek bir zat bolsa, eglenmän ýaz. Niýetiňden sowmaga ýa-da maksadyňdan sowaşdyrmaga sebäp boljak ýagdaýlar hem-de adamlar her ýerde tapylar durar. Sen olara ähmiýet berme. Ýolbars ýaly bol. Çybyn-çirkeýler göz-gaşyna gonup, onuň ünsüni sowmaga, keýpini bozmaga synanyşarlar, emma ýolbars peşeleriň jyňňyldysyny piňine almaz, onuň bar ünsi öz awunda — öz maksadynda, öz etmeli işinde bolar. Şeýdibem, öz isleýän zadyny gazanar.

Ikinjiden, döredijilikde öz ýoluň, öz ýüzüň bolsun. Öz pikiriň, öz sözüň bolsun. Hiç wagt başga biriniň donuna bürenme, özgäniň pikirini ogurlama ýa-da başgalaryň ýazanyny göçürme, üstesine, hatda öz pikirleriňi hem gaýtalama. Äleme täze pikirleri peşgeş ber. Ýolbars hiç wagt beýleki haýwanlaryň penjesi degen ýa-da ysy siňen awa agyz urýan däldir. Teşneliginden ýaňa ölüp barýanam bolsa, itleriň, şagallaryň inýän güzerinden suw içýän däldir.

Üçünjiden, hiç wagt setirleriňi pes pikirler bilen doldurma. Bimany jümleler bilen sözi biderek uzaltma. Her ýerde-de ýerine düşen gepiň gysgasy ýagşy. Ýaramaz zady ýazmakdan özüňi beýik tut. Göwün göterýän, umyt berýän sözleri saýla, ýoda-ýollara hem-de ýüreklere şugla saçýan pikirleri paýla, hoş söz bilen göwünleri awla. Ýolbars hiç wagt ownuk-uşak gemrijileri awlaýan däldir, ol hemişe naýbaşy awlaryň söbügine münýändir.

Dördünjiden, näme bolsa bolsun, kim gelse gelsin, gören görsün, göresi gelmeýän, gözüni ýumsun, ýöne seni sylasalar, sen olary iki esse syla, emma hiç wagt öz mertebäňi peseltme. Üns berseň, şirler şagallaryň deňinden geçende, başlaryny has belent tutýandyrlar. Sylag-sarpaň beýik bolanda hem öz asudalygyňy, kanagatyňy, pespälligiňi ýitirme. Hiç wagt petekäňi gabartma we sesiňe bat berme. «Zoňtar sese bir zat berilýän bolsa, dünýäň ähli mülküni eşek alardy».

Bäşinjiden, özüň bolmak, ile bezeg bolmakdyr. Hem özüň bol, hem hemişe il bilen bile bol. Böri hemişe özüdir, ol hiç wagt hajyk-hujuga ýalt-ýult etmez, özüni oýna saljak bolýanlara ekdi bolmaz. Olar üçin oýun oýnap bermez. Onuň öz örüsi, öz sürüsi bardyr. Ýazýan zadyňda hemişe öz tebigatyň görünsin. Ýazyşyň bilen tapawutlanmagy başar.

Altynjydan, hiç wagt mertebäňi peseltjek işlere garyşma. Böriniň aýaklaryny güýlüp, eşegiň üstüne mündürseň, eşegiňem takga jany çykar, böriniňem... Eşek gorkusyndan heläk bolar, böri namysyndan... «Meni eşege mündürdiler» diýip, böri namys edermişin. Her bir pes amal we ters hereket saňa şeýle görünsin.

Ýedinjiden, köp ýazjak bolma ýa-da «köp ýazýar» diýdirjek bolup, syýa, söz, kagyz, kelle zaýalap ýörme, sen gowy ýazjak bol. Ýazjak zadyň sanyna, köplügine gyzykma, täsirine, hiline üns ber. Şagallaryň biri şiriň ýanynda öwnüpdir: «Haýwanlaryň şasy diýilse-de, bary-ýogy ýekeje çagaň bar. Ine görýärmiň, biziň bir gezekde sekiz çagamyz dünýä inýär» diýipdir. Şir äwmän, hatda oturyşyny, bakyşyny hem üýtgetmän jogap beripdir: «Dogry, ol ýekeje, ýöne ol şir çagasy. Seňki sekizem bolsa, ählisi şagal...». Az bolsun, uz bolsun. Diňe gowy zatlary ýaz, döwet galamyňdan, döwletli galamyňdan diňe şir pikirler — şireli şygyrlar we gyzykly kyssalar çyksyn. Beýlekisine endik etme.

Belki, sen bu sözlerimi diňläp: «Her kim öz işi bilen boluberse bolmaýarmy? Awçylyk nire, ýazyjylyk nire?» diýmegiň mümkin. Ýöne iliň gözem, sözem ötgür, bahasy hem kesgir bolýar. Ýazýan zadyň hiline il baha berýär. Il juda okumyş. Okar ýaly zat ýazsaň, okaýan köp. Şonuň üçin döredijilik meýdanyna hem, durmuş meýdanyna hem öz ýoluň, öz sözüň, öz sesiň, öz zynatyň bilen gir. Ol ýerde öz barmak yzyň hem-de öz aýak yzyň galsyn. Özüň bolup ýaz, özüň bolup ýaşa!».

Ýaşuly awçy bu sözleri ýanymdaky ýoldaşyma ýaňzytsa-da, meniňem ýadymda galypdyr. Şondan bäri bir iş etjek bolsam, ilki bilen şiri ýa-da börini göz öňüme getirýärin. Käteler başgalara aýdylýan zatlarda biz üçinem üns bermeli, netije çykarmaly bir zat bar ýaly bolup dur.

Rahmet GYLYJOW,

“Nesil” gazeti,

06.06.2019ý.

Meňzeş makalalar
2014