YLYM­LY ÝAŞ­LAR — GELJEGIŇ BINÝADY

SOWAT. Bilim. Ylym. Bir-birine utgaşykly gelýän bu düşünjeler biziň durmuşymyzyň özeni, ýaşaýşymyzyň asyl manysy­dyr. Ylym — te­bi­ga­tyň, jem­gy­ýe­tiň we pikirlenmäniň ösüşindäki kanunalaýyklyklar hakyndaky bilimler ulgamy we daşky dünýä täsir ediş ýollary, şeýle hem bilimleriň aýry-aýry pudaklary, adamyň okamak ýa-da durmuş tejribesi arkaly alan bilimi, sowady, düşünjesi. Bilim almak üçin başlangyç sowadyň bolmaly, ylym edinmeklikde asla bilimsizlik mümkin däl. Şeýlelikde, bu üç düşünjäni bir-birinden üzňe göz öňüne getirip bolmaýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip belleýär we bu ugurda düýpli işleri amala aşyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizi aýratyn buýsandyrýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz uly tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz dünýäniň ylym-bilim merkezine öwrüldi. Çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinden başga-da birnäçe bilim ojaklarynda bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, ony dünýä ülňülerine gabat getirmekde düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Sebäbi ýurdumyzy täze sepgitlere çykarmakda ylym-bilimiň kuwwatynyň eýeleýän orny aýdyňdyr. Şeýle bolansoň ýurdumyzda döwrebap bilim düzümi döredildi, bilimiň täze usullaryny özleşdirmekde, ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplandy.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny özgertmek boýunça başyny başlan başlangyçlary hemişe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumy­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş merkezleriniň, umumybilim berýän we ýokary okuw mekdepleriniň gurluşygy dowam edýär. Dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlara, seminarlara, sergilere we duşuşyklara ylym we bilim edaralarynyň wekilleriniň, şol sanda köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagy, şeýle-de ýurdumyzyň BMG bilen ynsanperwerlik ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, «TEMPUSAT SIS» we beýleki bilim maksatnamalarynyň çäklerinde dürli taslamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde döwletimiziň ýokary okuw mekdepleri bilen dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESKO ýaly abraýly halkara guramalar bilen bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalarymyzyň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýaşlar esasy daýanjymyzdyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýaş alymlary nebit we gazhimiýa, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleriniň senagaty, uglewodorod-mineral we beýleki gazylyp alynýan peýdaly serişdeleri çykarmak we gaýtadan işlemek, nanokompozisiýa serişdelerini döretmegiň, suwy arassalamagyň, gazy çykarmagyň mukdaryny ýokarlandyrmagyň usullary, seýsmiki howpsuzlyga gözegçilik etmek ýaly ylmy-barlag ugurlaryna aýratyn üns berýärler. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň alymlar jemgyýetiniň öňünde ylmy tejribe wezipelerini üstünlikli çözmek ýaly meseleleri goýýar. Hut şu wezipelerden ugur alyp, biziň Ýaşlar guramamyz tarapyndan hem ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylmy gözleglerini dowam etmäge, hünär derejesini, ylmy iş bilen meşgullanmaga bolan höweslerini ýokarlandyrmaga degişli netijeli işleri alyp barýarlar. Ýaş alymlar merkeziniň işini kämilleşdirmek maksady bilen «Ýaş alymlar dünýä ylmyny birleşdiriji güýçdür» atly ylmy-amaly maslahatynyň, Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşiginiň, şeýle-de ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň gatnaş­mak­la­ryn­da «Ylym­ly ýaş­lar — ber­ka­rarlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşiginiň we başga-da birnäçe maslahatdyr duşuşyklaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi milli Liderimiziň ýurdumyzda bilim ulgamyny, düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini berkitmek, milletiň täze paýhasly nesillerini döretmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň oňyn netijesidir.

Hormatly Prezidentimiziň: «Watanymyzyň geljegi täze hünärmenleriň bilimlerine we başarnyklaryna baglydyr” diýip, röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlara uly ynam bildirmegi netijesinde türkmen ýaşlary milli we abraýly halkara olimpiadalaryň ýeňijileri bolup, olaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Ýaş türkmenistanlylar sportda we döredijilikde ýokary netijeler gazanýarlar.

Ýurdumyzda ýaşlaryň ylym dünýäsine çuňňur aralaşmaklary, olaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun! Ylym ulgamyny ösdürmek, onuň mümkinçilikleriniň gerimini giňeltmek, şol bir wagtyň özünde ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri boýunça alyp barýan adyl syýasatlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Biz — ýaş­lar özü­mi­ziň yl­my ga­ra­ýyş­la­rymyz bilen ýurdumyzda işjeň hereket edýän ylmy-tehniki syýasatyň durmuşa geçirilişine mynasyp goşandymyzy goşarys.

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

11.06.2019ý.

Meňzeş makalalar
2014