HAZAR — DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ DEŇZI

Dünýä ýüzünde ummasyz tebigy baýlyklary bolan suw giňişligi hasaplanýan Hazar deňziniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýene bir şanly wa­ka — bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my bar­ha ýa­kyn­laş­ýar. Bu fo­ru­myň geçirilmegi Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň söwda-ykdysady, daşky gurşawy goramak, ekologiýa, ulag-logistika ýaly ulgamlarda tagallalaryny birleş­dir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­der.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýurdumyz halkara derejeli iri jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň, maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Üstümizdäki ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumy munuň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Bu forumyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bi­len gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem bu mö­hüm çärä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, has dogrusy, Türkmenistanyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryndan düzülen meýletinçiler topary hem saýlanyp alyndy. Olara ýurdumyzyň taryhy, döwlet gurluşy, «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan ýörelgeler, meýletinçiniň wezipeleri we borçlary, türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary, Hazar deňziniň geosyýasy ýerleşişi, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň we geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň Hazaryň tebigy serişdelerine aýawly çemeleşmekde we onuň biodürlüligini gorap saklamakda umumy jogapkärçilik çekýän kenarýaka döwletleriniň bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti dogrusynda okuw sapaklary geçirildi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen ilkinji gezek geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna daşary ýurtlardan, takmynan, 1000-e golaý myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu forumyň Hazarýaka döwletleriniň dürli ugurlarda, esasan hem, ykdysadyýet, ulag, ekologiýa, howpsuzlyk ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin syýasy-hukuk esaslaryny berkitmekde, dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Hazaryň ajaýyp ekoulgamyny, dürli görnüşli haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamakda we artdyrmakda ähmiýetli waka öwrülip, onuň Hazarýaka döwletleriniň her birinde gezekleýin esasda yzygiderli geçiriljekdigini bellemek bolar. Häzirki wagtda Hazaryň geosyýasy we ykdysady ýagdaýy bu ýerde deňiz, guryýer we howa ýollaryny, energetika ugurlaryny öz içine alýan ählumumy derejeli kuwwatly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ke­ma­la gel­me­gi­ne ge­tir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da Türk­men­ba­şy­da­ky Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi uly ähmiýetli waka boldy. Hakykatdan-da, bu ägirt uly strategik taslama Hazaryň häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm ulag-logistika halkasy hökmündäki ornunyň berkidilmegine, ulag babatda bäştaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň ösmegine oňyn ýardam berer.

Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda geçirilýän birinji Hazar ykdysady forumynyň Hazar meselesine degişli möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda hem-de sebitiň döwletleriniň ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ýola goýmakda taryhy ähmiýetli möhüm waka öwrüljekdigine ynanýarys.

Laçyn BERDIMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň hal­ka­ra žur­na­lis­ti­ka­sy fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by.

“Nesil” gazeti,

09.07.2019ý.

 

Meňzeş makalalar
2014