DALAŞGÄRLER TALYP BOLMAGYŇ ARZUWYNDA

Ak mek­de­bi ta­mam­lan mek­dep uçury­my­nyň esa­sy mak­sa­dy hü­när saý­lamak we ony do­ly ele al­mak bol­ýar. Her bir ýaş nes­liň kal­byn­da bes­län il­kin­ji ar­zuw­la­ry­nyň bi­ri-de, el­bet­de, ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de oku­wy­ny do­wam etdi­rip, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýarlyk döw­rü­niň bagt­ly ta­ly­by bol­mak­dyr.

Ta­lyp­lyk dün­ýä­si­ne ara­laş­mak is­le­ýän ýaş­la­ryň dur­mu­şyn­da iň jo­gap­kär­li hemde tol­gun­dy­ry­jy pur­sat­lar baş­lan­dy. 8-nji iýul­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mekdep­le­ri­niň äh­li­sin­de oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän ýaş­la­ryň res­mi­na­ma­la­ry ka­bul edi­lip baş­lan­dy. Ta­lyp­ly­ga da­laş ed­ýän ýaş­la­ryň res­mi­na­ma­la­ry­ny ka­bul et­meklik iýul aýy­nyň 21-ine çen­li do­wam eder.

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistrli­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tynda hem res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ediş ýö­ri­te iş to­pa­ry öz işi­ne gi­riş­di. Ins­ti­tu­tyň ha­lypa we ýaş mu­gal­lym­la­ryn­dan dü­zü­len ýö­ri­te res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ediş to­pary­nyň gö­zeg­çi­li­gi as­tyn­da da­laş­gär­le­riň res­mi­na­ma­la­ry ka­bul edil­ýär.

Res­mi­na­ma­la­ryň ka­bul edi­lip baş­lanan il­kin­ji gü­nün­den baş­lap, bi­ziň ýoka­ry okuw mek­de­bi­mi­ze gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän ýaş­la­ryň sa­ny­nyň köp­lü­gi gu­wan­dyr­ýar. Da­laş­gär ýaş­lar ge­rek­li res­mi­na­ma­la­ryň äh­li­si­ni ta­lap edil­ýän ka­da­da taý­ýar­lap, ka­bul ediş bö­lü­mi­ne tab­şyr­ýar­lar.

Bi­lim­le­ri­ni art­dyr­mak is­le­ýän mak­sada ok­gun­ly ýaş­la­ry syn­la­nyň­da, göz­lerin­de ta­lyp bol­mak hy­ju­wy­nyň has ýi­tidi­gi­ni gör­mek bol­ýar. Ýaş­la­ryň ylym­lar dün­ýä­si­ne ga­dam bas­ma­gy, ola­ryň bilim ha­zy­na­sy­na eýe bol­mak ar­zu­wy­nyň ha­ky­ka­ta öw­rül­me­gi ba­ba­tyn­da aja­ýyp za­ma­na­myz­da ägirt uly iş­ler ama­la aşyryl­ýar. Ola­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ök­de hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­likler dö­re­dil­ýär.

Kuw­wat­ly döw­le­ti­mi­ziň ösü­şi­ne gu­wan­ýan ýaş­la­ryň joş­gun­ly kal­plary Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za bo­lan buý­sanç­dan, al­kyş­dan do­ly. Olar rowaç­ly­gyň aý­dyň ýo­ly bi­len öňe barýan ýur­du­my­zyň bagt­ly ta­ly­by di­ýen hor­mat­ly adyň eýe­si bol­ma­ga diý­seň how­lug­ýar­lar.

Ta­lyp bol­mak bag­ty­na da­laş ed­ýän da­laş­gär­le­re uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­ris!

Gözel EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary ins­ti­tu­ty­nyň hal­ka­ra žur­na­lis­ti­ka­sy fakultetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

11.07.2019ý.

Meňzeş makalalar
2014