SAG­LYK — BAHASYZ BAÝ­LYK

Ýurdumyzda halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ylmy esasda ösdürmek, dünýä döwletleriniň bu ugurda gazanan tejribelerini öwrenmek we olar bilen hyzmatdaşlyk etmek ýaly başlangyçlary bilen berk baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda «Saglyk» döwlet maksatnamasynda kesgitlenilen saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmäge, jemgyýetimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge hem-de halkymyzyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen esasy ugurlar boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ulgam innowasiýalar we dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlary esasynda uly ösüşlere eýe bolýar.

Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna hem-de halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleri, hassahanalar bina edildi. Her bir etrapda, şäherdir obalarda döwrebap Saglyk öýleri guruldy. «Arçman», «Ýyly suw», «Baýramaly», «Farap», «Mollagara», «Berzeňňi», «Daşoguz», «Awaza» şypahanalarynyň işi talabalaýyk ýola goýuldy.

Diňe geçen ýylyň özünde saglygy goraýşyň döwrebap düzümli milli nusgasynyň üsti ýetirilip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze şypahana, Mary welaýatynda Çagalar hassahanasy, Lebap welaýatynda Köpugurly hassahana we Ýokanç keseller hassahanasy açylyp, ulanylmaga berildi. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan özgertmeleriň netijeli häsiýete hem-de täze mümkinçiliklere eýedigine şaýatlyk edýär.

Diýarymyz ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagyna çynlakaý çemeleşýär, şol sanda alkogola we temmäkä garşy göreşde uly üstünlikleri gazanýar. Alkogolly içgilere gözegçilik etmek ulgamynda alkogol önümleriniň göni we gytaklaýyn mahabatlandyrylmagyny gadagan edýän hem-de alkogol önümlerine salgyt salynmagyny hem öz içine alýan aýgytly çäreleriň kabul edilmegi ýurdumyzda alkogolly içgileriň sarp edilişiniň düýpli peselmegine getirdi. 2013-nji ýylda Türkmenistanda temmäkä garşy göreş hakyndaky Kanunyň kabul edilmegi uly ýaşly ilatyň arasynda çilimkeşligiň ýaýramagynyň iki esse azalmagyna getirdi. Ýurdumyz öz öňünde 2025-nji ýy­la çen­li tem­mä­ki tüs­se­sin­den azat ýurt bolmak baradaky wezipäni goýdy.

Paýtagtymyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň howandarlygynda geçirilen «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli Ýewropa maslahatynda Diýarymyzyň ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagyna goşan uly goşandy üçin, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň güwänamasy bilen sylaglanmagy halkymyzy diýseň buýsandyrdy. Şunuň bilen birlikde bu şatlykly waka hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylmy we amaly lukmançylygyny täze derejä çykarmakda aýratyn hyzmatynyň bardygyny aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Her ýylyň 21-nji iýulynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ýokary derejede bellenip geçilmegi, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan tutumly işleriň barha rowaçlyklara beslenýändiginden habar berýär. Umuman, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň, gazanylýan üstünlikleriň, özgertmeleriň kerweni gün geçdigiçe uzap barýar. Şeýle ajaýyplyklara şaýat bolup durkaň, hormatly Prezidentimiziň adyna tükeniksiz alkyş sözleri zybana dolýar.

Il-gün üçin uly başlangyçlara badalga berýän we ençeme beýik işleri durmuşa geçirýän, durmuş gymmatlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

20.07.2019ý.

 

 

Meňzeş makalalar
2014