MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGY — MASLAHATLAR MEKANY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Merkezi Aziýada geljegi nazarlaýan strategik başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine badalga berilýän, Hazarýaka döwletleriniň hoşniýetli gatnaşyklaryny jebisleşdirýän merkeziň derejesine ynamly eýe bolýar. Gojaman Hazaryň bu gözel kenary döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirilýän, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli wajyp halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan hem-de olar boýunça oňyn çözgütler kabul edilýän mekana öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde ýokary derejede geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi munuň aýdyň mysalydyr.

Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje giren güni Hazar deňziniň güni diýlip yglan edilendigi mynasybetli her ýyl Awazada medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Dabaralaryň çäklerinde ýurdumyzyň alym-ekologlarynyň, tebigaty goraýyş düzüminiň hünärmenleriniň, hukukçylaryň, goňşy döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda deňiz gurşawyny goramakda ýetilen sepgitlere we öňde durýan wezipelere bagyşlanan duşuşyklar guralýar. Meýilleşdirilýän çärelerde sport ýaryşlaryna, milli oýunlara, zehinli çagalaryň Hazar deňziniň deňsiz-taýsyz tebigatyny wasp edýän döredijilik bäsleşiklerine möhüm orun berilýär. Hazar deňziniň gününiň şanyna medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirýän şirin owazly aýdymdyr sazlary, folklor çykyşlary, joşgunly küştdepdi tansy aýratyn öwüşgin çaýýar. 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bi­len «Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Watany» ýylynyň 12-nji awgustynda birinji Hazar ykdysady forumynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi hem Hazar deňziniň gününiň taryhy sahypasyna nobatdaky halkara ähmiýetli waka bolup ýazylar.

Häzirki günlerde taryha girjek birinji Hazar ykdysady forumyny ýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirmek maksady bilen, düýpli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda bu möhüm waka bagyşlanan halkara media-forumlar geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we­kil­le­ri we ýer­li žur­na­list­ler gatnaşdylar. Media-forumlarda wajyp çäräniň dünýä derejesindäki ähmiýeti, ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekdäki ornuny pugtalandyrmakda täze maksatlar dogrusynda giňişleýin çykyşlar edildi.

Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyklary tarapyndan dünýäniň üns merkezinde bolan forumyň tanyşdyrylyş çäreleri guraldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden meýletinçiler saýlanyp alyndy. Olar myhmanlary garşylamak we akkreditasiýa etmek, daşary ýurtly wekiliýetleriň ýanynda terjimeçilik işlerini alyp barmak ýaly jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirerler. Meýletinçi ýaş ýardamçylar özleriniň göreldeli hyzmaty bilen türkmen halkynyň belent adamkärçiligini, mähirli myhmansöýerligini we ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň ösen işjeňligini görkezerler.

Geçiriljek günleri barha ýakynlaşýan forumyň esasy wezipeleri özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylyşyny höweslendirmegiň guralyny işläp taýýarlamaga, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalary durmuşa geçirmäge, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk boýunça tejribe alyşmaga, bilelikdäki kärhanalary döretmek we işewür gatnaşyklary ösdürmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak üçin Hazaryň mümkinçiliklerini peýdalanmaga gönükdirilendir. Onuň gün tertibini Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy düzer. Forumyň dowamynda Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň halkara derejesindäki orny, nebitgaz, ulag, senagat, elektroenergetika, söwda, syýahatçylyk, oba hojalygy ýaly pudaklara gönükdirilýän maýa goýumlar babatynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Deňiz sebitinde ekologiýa gurşawyny sagdynlaşdyrmak, Hazaryň täsin tebigy gorlaryny aýawly saklamak, haýwanat we ösümlik biodürlüligini goramak we baýlaşdyrmak meselelerine üns çekiler.

Öňde boljak iri forumyň dowamynda esasy çäreler bilen bir hatarda, tebigy gazy ýokary tehnologiýa taýdan gaýtadan işlemekde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we işewür toparlaryň wekilleriniň hem-de maýadarlaryň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, forumyň çäklerinde daşary ýurtlaryň gatnaşmagynda guraljak Hazar innowasion tehnologiýalar sergisinde Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň hem-de telekeçileriniň nebitgaz, energetika, himiýa pudaklaryndaky täzeçil çözgütleri, önümçilik enjamlary görkeziler. Şonuň ýaly-da, «Türkmen sähra­sy — 2019» aw­to­ser­gi­si ýe­ňil ýolagçy hem-de ýük awtoulaglarynyň, ýörite tehnikalaryň täze görnüşleri, awtoulag gurluşynda täzeçil işläp taýýarlamalar, audio-wideo serişdeleri, gorag we howpsuzlyk üpjünçiliginiň enjamlary bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri gadymy deňziň mümkinçiliklerini sebitiň ykdysadyýeti bilen utgaşdyryp, durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirmäge, Hazaryň Ýewraziýa iri ulag-üstaşyr geçelgesine öwrülmegine, ýangyç-energetika serişdeleriniň howpsuz dünýä bazarlaryna çykarylmagyna kuwwatly itergi berer. Gerimi boýunça sebitiň çäklerinden çykýan wajyp meseleleriň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde hem-de olar boýunça ählumumy çözgütleri kabul etmekde halkara guraly bolup, deňizýaka we beýleki ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna şertleri döreder. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan, kämil nusgada dikeltmek, tutuş sebitiň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine durmuş-ykdysady, ylmy-seljeriş, medeni-gumanitar, ekologiýa babatda köpugurly taslamalary amala aşyrmak üçin möhüm binýady emele getirer.

Birinji iri Hazarýaka forumynyň guramaçylygy Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, strategik durnuklylygy üpjün etmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge taýýardygyny bütin dünýä aýdyň görkezer. Forumyň geçýän günlerinde giňden ýaýbaňlandyryljak baý many-mazmunly medeni çäreler merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, mizemez agzybirligini, ýokary watançylyk ruhuny şöhlelendirer. Taryhy forumyň üstünlikli geçmegi döwlet Baştutanymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly alyp barýan daşary syýasatynyň ynsanperwerligini, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny dabaralandyrar.

Meretguly TANGIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

23.07.2019ý.

Meňzeş makalalar
2014