Makalalar

TÜRKMEN HALYSY — ARŞYŇ NEPISLIGI

TÜRKMEN HALYSY — ARŞYŇ NEPISLIGI
Halkymyzda «Öý haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen pähim bar. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Haly gölleri döwlet nyşanlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyzy we tugramyzy bezeýän bäş sany haly göli halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň nyşanydyr. Biziň gadymdan gözbaş alýan haly dokamak senedimiz köpasyrlyk tejribä esaslanýar. Bu gün bolsa...

NESIL TERBIÝESINDE NAKYLLARYŇ ORNY

NESIL TERBIÝESINDE NAKYLLARYŇ ORNY
Berkarar Diýarymyzda ýaş nesliň aladasy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Olaryň ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin, ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär. Döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär. Döwlet syýasatynda, wagyz etmek işinde we ýaşlary terbiýelemekde, ilkinji nobatda, ruhy mirasymyzy mysal hökmünde...

KÄMIL HUKUGYŇ ÖSÜŞ BINÝADY

KÄMIL HUKUGYŇ ÖSÜŞ BINÝADY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasy ýurduň berkararlygyny hukuk taýdan ykrar etmek bilen, ähli ugurlardaky ösüşleriň hukuk binýadyny pugtalandyrýar. Esasy Kanunymyzyň kabul edilen güni türkmen halkynyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky örän wajyp hem-de aýgytly ädimi hökmünde taryha girdi. Türkmenistanlylar Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününi milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, parasatly, ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli...

TÜRK­ME­NIS­TAN — GDA: HYZ­MAT­DAŞ­LY­GYŇ TÄ­ZE SEP­GIT­LE­RI

Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän häzirki zamanyň derwaýys wezipelerine jogap berýän halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornunyň binýadyny has-da düýpli mazmun bilen baýlaşdyrýar. Türkmenistan ählumumy abadançylyk ugrunda giň we oňyn gepleşikleriň geçirilmegini ileri tutup, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň oýlanyşykly çözgütleriniň işlenip taýýarlanmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bu babatda, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn...

BITARAP WATANYMYZYŇ DAŞARY SYÝASATDAKY ULY ÜSTÜNLIGI

10-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasyndan gelip gowşan hoş habaryň aýdylmagy hemişelik Bitaraplyk, «Ösüş arkaly parahatçylyk» syýasatymyzy dabaralandyryp, ýurdumyzda we bütin dünýäde uly seslenme tapýar. 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistan 2020 — 2022-nji ýyl­lar üçin...

GARAGUMUŇ TYLLA SAHYPASY

GARAGUMUŇ TYLLA SAHYPASY
Garaguma pasly baharyň gelşi üýtgeşik. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň bahary-ýazy-ha hakyt «çyrpynyp» geldi. Burkut baba asman gümmezinde gezdirýän suwly meşigini türkmen ýaýlasynyň üstüne gelende gysganman boşatdy. Çarwalary gürledip gör: — Tüýs ygally gelende kyrk ýyllap topragyň goýnunda boz ýatan tohumlaram şineläberýär. Dowar sonarlaýan ýaýlalara baryň! Parç bolan, özem görülmedik otlardan ýaňa içinde guzy görünýän däldir. Ine,...

GAHRYMANLAR UNUDYLMAÝAR

GAHRYMANLAR UNUDYLMAÝAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda toý-baýramlarymyzy uly dabara bilen belläp geçýär. Şeýle baýramlaryň biri-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş günüdir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna biziň ildeşlerimiziň hem müňlerçesi gatnaşyp, olar deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezdiler. Ýeňşiň gazanylmagyna edermen gerçekler bilen birlikde, tylda galan ýaşuly adamlar, zenanlar, çagalar hem...

ÜSTÜNLIGE GÖNÜKDIRILEN ÝAÝ

Aprel aýynyň 24-25-i aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde «Demka» ýaý atyjylyk sport klubunyň halkara açyk kubok ýaryşy geçirildi. Türkiýe, Eýran, Yrak, Kipr ýaly ýurtlaryň türgenleriniň 100-e golaýyny jemlän bu ýaryşa Diýarymyzyň türgenleri hem gatnaşyp, ýokary netije gazanyp, Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny belende göterdiler. Nusgawy ýaýdan 18 metrdäki nyşana ok atmakda ulularyň arasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň...

ÝAŞ HIMIK­LE­RIŇ NO­BAT­DA­KY ÜS­TÜN­LIGI

Aprel aýynyň 20-28-i aralygynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde 53-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy geçirildi. Moskwanyň M.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersiteti tarapyndan her ýylda gurnalýan Halkara olimpiada Ukraina, Wengriýa, Rumyniýa, Türkiýe, Gazagystan, Bolgariýa hem-de ilkinji gezek Hytaý, Eýran, Çehiýa, Slowakiýa ýaly ýurtlaryň 29-syndan gelen 150 sany ýaş himikler gatnaşdy. Ýokary synp mekdep okuwçylarynyň 4-si bäsleşikde Türkmenistana wekilçilik etdiler. Ders...

ŞABAZ ATLAR — TOÝ-BAÝRAMYŇ BEZEGI

ŞABAZ ATLAR — TOÝ-BAÝRAMYŇ BEZEGI
Sagrysy meýdanly bedew Dünýäde owadanlygy, ýyndamlygy bilen tapawutlanýan arassa tohumly, sap ganly türkmen atlary halkymyzyň milli buýsanjy, geçmişden miras galan kämil gymmatlyklarynyň biridir. «At dos­ty — ata dos­ty», «Agaç eke­ni biler, at — ba­ka­ny», «At rys­ga­ly al­nyn­da» ýa­ly ajaýyp nakyllarydyr atalar sözlerini döreden ata-babalarymyz aty özüne hemra hem syrdaş saýyp, aýratyn sarpalapdyrlar. Bedew ata bolan beýik söýginiň...
2014