HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÝYL DABARALARYNA GATNAŞDY

      Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan çärä gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.

      Asylly däbe görä, ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň biri — Köpetdagyň eteginde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezi hemmeler üçin garaşylýan Täze ýyl baýramynyň geçirilýän esasy ýerine öwrüldi. Bu baýramçylygy ähli ildeşlerimiz şatlyk-şowhun bilen garşylaýar.

      Ine, şu gün hem bu ýerde köpöwüşginli baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyrylypdyr. Meýdançanyň merkezinde “2024” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen, dürli öwüşginli bezegleri, oýunjaklary we yşyklary bilen ýalkym saçýan belent başly arça oturdylypdyr. Beýikligi 44 metr, ini hem 16 metr bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde öwşün atýan dürli bezeg serişdelerinden hakyky ertekiler dünýäsi emele getirilipdir. Bu ýerdäki arçalardan tokaýjyk, erteki gahrymanlarynyň keşpleri bilen Täze ýyl täsinligini ýada salýar. Sowgatlara garaşmak ýaly ajaýyp duýgulary hem-de täsin başdan geçirmeleri özünde jemleýän Täze ýyl hemmeleriň söýgüli baýramydyr.

      Körpeler baýramçylyk mynasybetli bu ýerde döredilen ertekiler dünýäsine haýran galyp, täsin şäherjigiň gözelliklerini synlamaga howlugýarlar. Meýdançada ýaňlanýan ajaýyp aýdym-sazlar olary durşy bilen täsinlige beslenen syýahata çagyrýar. Onuň daş-töweregini gurşap alýan baglar dürli yşyklar bilen bezelip, agşamlaryna Täze ýyl baýramyna mahsus özboluşly görnüşi döredýär. Mundan başga-da, yşyklardan emele getirilen agaçlar we beýleki bezegler bu ýerdäki gözellikleriň üstüni ýetirýär.

      Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çagalar we paýtagtymyzyň mekdeplerinden göreldeli okuwçylar çagyryldy. Olar ders olimpiadalarynyň, sport we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýän nesillerdir.

      Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çünki döwlet Baştutanymyz bilen dabara gatnaşmak ýaş türkmenistanlylar üçin uly hormatdyr. Hormatly Prezidentimiz körpeleri we mekdep okuwçylaryny gutlamak, olara iň gowy arzuwlaryny beýan etmek üçin bu ýere gelýär.

      Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň öňünde saklanýar. Milli lybasly çagalar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.

      Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Aşgabat şäheriniň häkimi mähirli mübärekleýärler.

      Çagalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylap, bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan edýärler.

      Ýaş nesil baradaky yzygiderli alada, olaryň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegi, kemala gelmegi üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu işde çagalara aýratyn alada bilen çemeleşilýär. Çünki olar Watanymyzyň geljegidir.

      Körpeleriň tüýs ýürekden ýerine ýetiren we belent ruha beslenen goşgulary geljege ynamly garamaga, arzuwlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklaryna çuňňur hoşallyk bolup ýaňlandy. Joşgunly sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar.

Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk hem-de tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanyň we ýetip gelýän 2024-nji ýylyň nyşany bolan luwuň keşbine giren çagalar türkmenistanlylaryň, ýaş nesilleriň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl bilen gutladylar. Şeýle hem çagalar barada edýän atalyk aladalary, olaryň kämil we köpugurly bilim almagy, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olaryň öňünde ýakyn geljekde Watanymyzy täze belent sepgitlere çykarmak wezipesi durýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaşajyk artistleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Olar bu şanly güne öz Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar horeografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda täsin Täze ýyl baýramçylygy ýaýbaňlandyrylýar. Çagalaryň ak gara çalymdaş lybaslary Baş arçanyň töweregindäki meýdançany gar ýagan ýaly keşpde görkezýär. Ýaşyl arçanyň şahalarynda şöhle saçýan bezegler, çagalaryň şatlykly ýylgyryşlary bu ýere aýratyn gözellik eçilýär. Türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyran keşpler dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň hem-de jemgyýetimiziň buýsanjy bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen synlady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günüň zehinli mekdep okuwçylary geljekde Watanymyzyň okgunly durmuş we ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Ýurdumyzda geçirilýän bäsleşikler, ders olimpiadalary, çagalaryň döreden sungat eserleriniň sergileri döwletimiziň we jemgyýetimiziň olara berýän uly ünsüniň güwäsidir. Döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, sport, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň beýanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli ünsi netijesinde ýaş türkmenistanlylar özleriniň döredijilik, aň-paýhas ukyplaryny ösdürýärler, sport bilen işjeň meşgullanýarlar. Ýaşlar daşary döwletlerde geçirilýän abraýly bäsleşiklere, ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler, medallara we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

...Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Gündogar senenamasynyň ýyllarynyň nyşanlary bolan towşanyň we luwuň lybasyny geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşajyk artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de çagalar bilen bilelikde arçanyň daşyndan aýlanyp, olaryň şatlygyny paýlaşdy.

Soňra dabara gatnaşan çagalaryň ählisine Täze ýyl sowgatlary gowşurylýar. Arkadagly Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bagtyýar çagalar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady we Söwda-senagat edarasynyň binasyna geldi. Bu ýerde baýramçylyk çäresi Täze ýyl şüweleňi bilen dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, 27-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň özboluşly jemlenmesine öwrülen halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň dabaraly açylyşy boldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy. Sergide Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, ulag-kommunikasiýalar, maliýe-bank, nebitgaz toplumlarynyň, oba hojalygy, gurluşyk-senagat toplumynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň gazanan üstünlikleri giňden görkezilipdir.

Ýokary bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň esasyny goýan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň strategik wezipeleriniň biridir. Bu gün halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň kuwwaty gün-günden artýar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni, sport durmuşyndaky ähmiýetli wakalar munuň aýdyň güwäsidir. Ähli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler şu gezekki sergide öz beýanyny tapdy.

Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýaşlar üçin durmuş ýeňillikleriniň görnüşleri giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda amala aşyrylýan işiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygary ugur edinýän durmuş maksatly syýasatyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi munuň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň goldawy bilen gaznanyň müdiriýeti köp sanly haýyr-sahawat çärelerini amala aşyrdy.

Häzirki döwürde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn halkara dialogy ösdürmekde giň gözýetimli, durmuşa döwrebap garaýan ýaşlara uly orun berilýär. Olaryň öňünde geljekde bu meseleleriň täze, döwrüň talabyna laýyk gelýän çözgütlerini tapmak ýaly jogapkärli wezipe durýar.

Ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolmak bilen, ählumumy ösüşiň maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin esasy ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak syýasatyny yzygiderli amala aşyrýar. Mälim bolşy ýaly, dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň dialogyny giňeltmäge gönükdirilen halkara ýaşlar diplomatiýasy şol hyzmatdaşlygyň bir ugrudyr. Giň mümkinçiliklere eýe bolan ýaş nesil hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmek bilen, bu ulgamda alnyp barylýan işe saldamly goşant goşýar.

Sergide şähergurluşyk ulgamynda gazanylýan üstünliklere bagyşlanan bölüm hem ýerleşdirilipdir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli konsepsiýanyň netijesinde, şäherlerimiziň we obalarymyzyň durky tanalmaz derejede özgerdi. “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat we özünde iň täzeçil sanly tehnologiýalary jemleýän Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň, ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap öňe gitmeginiň görkezijisidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde geçirilýän sergä baryp görmegi ýaş türkmenistanlylaryň aň-paýhas, döredijilik we ruhy kuwwatyny durmuşa geçirmekleri üçin mümkinçilikleri döretmek, olary ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaga höweslendirmek boýunça meseleleriň döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Arkadagly Serdarymyz köpugurly sergä gatnaşyjylara täze üstünlikleri arzuw edip, Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary, Aýazbaba, Garpamyk, 2024-nji ýylyň nyşany bolan luw, baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnanypdyrlar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, zehinli çagalaryň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänleriň çykyşlaryna tomaşa etdi.

Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan şadyýan aýdymlaryň, sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. “Güneş” çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Meňli”, “Dokmaçylar”, “Galkynyş” tans toparlary sahna meýdançasynda öz döredijilik sowgatlaryny görkezdiler.

Döredijilik toparlary bilen birlikde, aýdymçylar hem sungatdaky başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň ählisi döwlet derejesindäki birnäçe bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň hem ýeňijileridir. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň, häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, tans sazlaryny we folklor häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.

Ýurdumyzyň ussat we höwesjeň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýygnananlarda uly täsir galdyrdy. Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlary hem ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaşajyk zehinlerem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler. Olar milli mirasymyzdan ylham alyp, dünýä medeniýetiniň gymmatlyklary, ähli gyzykly täzeçillikler üçin hem açykdyrlar.

Täze ýylyň hormatyna dabara gatnaşyjylara süýjülik torty hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlady we täze — 2024-nji ýylda ähli arzuwlaryň hasyl bolmagyny arzuw edip, dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Ak mermerli paýtagtymyzyň şaýollary, meýdançalary, seýilgähleri, jemgyýetçilik ýerleri hem täze ýyly garşylaýan günlerimizde aýratyn toý lybasyna beslendi. Ýagtylandyryşyň dürli usullary bilen emele getirilen özboluşly kompozisiýalar, yşyklandyryjy bezegler Aşgabady aýratyn gözel keşbe getirdi. Baş şäherimiziň köçelerinde dürli reňklerde ýalkym saçýan yşyklar ertekiler dünýäsine düşen ýaly duýgyny bagyşlaýar.

Şeýlelikde, baýramçylyk dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy arzuwlary, şatlykly pursatlary, baýramçylyk täsinliklerini eçilmek üçin giň gerimde dowam edýär.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan täze — 2024-nji ýyla gadam basmak bilen, halkymyzyň agzybirligini, ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

(TDH)