Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şertidir.
Sanly ulgamy ösdürmeklik halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň hünärmenler we innowasiýalar bilen üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar. Munuň özi ýurtda kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny we pudaklara innowasiýalary ornaşdyrmak babatda daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegini talap edýär.
Eýsem sanly bilim ulgamy näme?
Sanly bilim ulgamy – bu okuw prosesiniň dürli meselelerini üpjün etmek üçin döredilen açyk maglumat ulgamlarydyr. Bilim ulgamy ep-esli maglumatlary yzygiderli döredýär we ýygnaýar, häzirki wagtda köp sanly bilim dersleri tarapyndan bu maglumatlar bilen yzygiderli işlemek meselesini iň möhümleriň biri diýip atlandyryp bolar. Uly maglumatlar, bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin okuwy üýtgetmek, çemeleşmeleri täzeden gözden geçirmek we tejribe uýgunlaşdyrmak üçin güýçli gural bolýar.
Häzirki zaman dünýäsinde bilim ulgamlaryndaky köp meseläni çözmek üçin tehnologiki mümkinçiliklerden peýdalanmak gutulgysyz. Tehnologiki ösüşler, esasanam internetde, maglumatlaryň çäksiz we aňsat bolmagyna mümkinçilik berýär.
Maglumat gurşawy bu günki günde jemgyýetiň ähli ugurlarynda has-da işjeň ulanylýar. Ol bir tarapdan, ykdysady, gorag, sosial, syýasy we milli howpsuzlygynyň düzüm bölekleriniň ýagdaýyny mese-mälim kesgitleýär hem-de dürli jemgyýetçilik gurluşyň howpsuzlygyna täsir edýär. Beýleki tarapdan, maglumat howpsuzlygy howpsuzlygyň özbaşdak bölegi, ähmiýeti we alamaty hökmünde çykyş edýär.
Şu gün hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkezinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda wagyz etmek we öňde goýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen sanly ulgam boýunça okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Okuw-usuly maslahatyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň bölüm müdiri Gurbanmyrat Muhammedow alyp bardy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bahar Seýidowa; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy, institutyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy Döwrangeldi Suwhanow; Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Toýly Abdullaýew; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sanly ykdysadyýet kafedrasynyň müdiri Berdimyrat Orazow hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew dagylary täsirli çykyş etdiler.
Pirnazar REJEPOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we
maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.