ŞATLYGA BESLENEN DABARA

      Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda başy başlanan beýik özgertmeleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir güni taryhy pursatlara beslenýär. Şu günler hem ýurdumyzda Baş kanunymyz bolan, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden toýlanýar. Ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan adam baradaky çäksiz alada Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen baş şygary bilen utgaşýar. Golaýda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň Gyzylarbat etrap bölüminde hem raýatlara biometriki pasportlary resmileşdirmek hyzmatlarynyň işe başlamagy mynasybetli, etrap häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde dabara geçirdi. Bu ýerde biometrik maglumatly pasportlary resmileşdirip almaga isleg bildirýän ýerli ýaşaýjylaryň etrabyň çäginde resminamalaryny tabşyrmaklary üçin şeýle uly mümkinçilikleriň döredilmegi etrabyň ýaşaýjylarynyň buýsanjyny goşalandyrdy. Bu ýerde işleýän harby gullukçylar gelen raýatlary güler ýüz bilen garşy alyp, raýatlara döwrebap hyzmat edýärler. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň Gyzylarbat etrap bölüminde elektron resminama dolanşygy kämil kompýuter programmalary we tehnologiýalary arkaly tiz wagtda, ýokary hilli maglumat goraglylygyny üpjün etmek bilen ýerine ýetirilýär.

      Mähriban halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy üçin şeýle amatly şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!

 

Güljahan GARAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Maý 2024 | 23 okalan

KITAP ÝAŞLARYŇ-GÖWÜN SYRDAŞY

30 Maý 2024 | 43 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

29 Maý 2024 | 43 okalan

«DOLANDY ÝURDUŇA DÖWRAN, PYRAGY»