Gurama barada

Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň-röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalyşýarlar. Mähriban halkymyzyň, Berkarar Watanymyzyň beýik geljegi üçin okamak, öwrenmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Hormatly Prezidentimiz: “Biz ata-babalarymyzyň ündän ynsanperwer 

ýörelgelerini mynasyp dowam etdiriji merdana nesillerimizden-sizden beýik işlere garaşýarys. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň we adamzadyň bagtyýarlygynyň, dünýä parahatçylygynyň bähbidine hyzmat etmek siziň üçin uly mertebe bolmalydyr” diýen çuň manyly sözleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlary watansöýüjilik, halallyk ruhunda terbiýelemek, olaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, sagdyn-bedenli, ruhy taýdan arassa, kämil düşünjeli bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär.

1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda döredijilik Gurultaýy geçirilip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredildi we Tertipnamasy kabul edildi.

1994-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Ýaşlar guramasynyň I gurultaýy,

2002-nji ýylyň 7-nji aprelinde II gurultaýy,

2004-nji ýylyň 7-nji maýynda III gurultaýy,

2012-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda IV gurultaýy,

2016-njy ýylyň 6-njy aprelinde bolsa V gurultaýy bolup geçdi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen:

 2013-nji ýylda ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanuny;
2015-nji ýylda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy;
2016-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasynyň täze rejelenen görnüşi kabul edildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň özbaşdak, meýletin jemgyýetçilik guramasydyr. Çünki, Türkmenistanyň ilatynyň ep-esli bölegini 14 ýaşdan 37 ýaşa çenli aralykdaky ýaşlar düzüp, döwletiň durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde, ykdysady kuwwatyny berkitmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, türkmen ýaşlarynyň erk-isleginiň goragynda durýan, öz maksatlaryny erkin amala aşyrýan, umumy döwlet bähbitlerini ileri tutýan, Watanyň hyzmatyna berlen wepaly ýaşlaryň guramasy bolup durýar.

Guramanyň esasy maksatlary şulardan ybarat:

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek;
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ýaş  ýetginjekleriň döredijilige, sungata bolan höwesini artdyrmak;
Ýaşlary watansöýüjüligiň belent ruhunda, ýokary ahlakly, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine wepaly, däp-dessurlarymyza, mirasymyza aýawly garamak ruhunda terbiýelemek;
Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe ata-watana wepaly, sagdyn hem sowatly, erjel hem tutanýerli, ýaramaz nogsanlyklardan daş durjak kämil nesilleri ýetişdirmek;
Türkmenistanda durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda durmuşa geçirilýän maksatnamalara, döwlet, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak we hususy başlangyçlara goldaw bermek;
Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň halkara abraýynyň has ýokary göterilmegine goşant goşmak. Ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalary duýdurmaga, arakhorlugyň, çilimkeşligiň, neşekeşligiň, jenaýatçylygyň öňüni almak;
Ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini wagyz etmek;
Guramanyň agzalarynyň hünärmenlik, ylmy we döredijilik mümkinçilikleriniň ösüşine ýardam bermek;
Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmek;
Ýaşlaryň watançylyk, ynsanperwerlik, agzybirlik duýgularyny kämilleşdirmek;
Ýaşlary bilimli-sowatly, syýasy aň-düşünjeli, edep-terbiýeli we beden taýdan has kämil hemme taraplaýyn ösen şahsyýetleri kemala getirmek;

Guramanyň tertipnamalaýyn maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin esasy wezipeleri şular bolup durýar:

“Ýaşlar guramasynyň wezipesi syýasy taýdan sowatly, raýat garaýşy bolan, öz jogapkärçiligini duýýan ýaş raýatlary, täzeçe pikirlenýän, ýaramaz endikleri bolmadyk, diňe öz bähbitlerini aramaýan, durmuşa diňe sarp ediji hökmünde garamaýan, zähmetsöýer we geljege uly ynamy bolan, beden we ruhy taýdan sagdyn, hakyky watançylary terbiýelemekdir”
2015-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy durmuşa geçirmek;
Guramanyň agzalarynyň öňdebaryjy tejribelerini, endiklerini we bilimlerini Türkmenistanda ýaýratmak we tejribe alyşmak;
Ýaş nesliň ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan  sagdyn bolmagyny gazanmak, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek;
Öz maglumat we enjamlaýyn gaznalaryny ösdürmek, şol gaznalara guramanyň agzalarynyň elýeterliklerine mümkinçiligi bermek;
Guramanyň agzalarynyň medeni-aň bilim, ylmy-barlag, döredijilik we neşir işleriniň amala aşyrylyşyna we ösdürilişine ýardam bermek;
Milli we halkara ylmy maslahatlary, simpoziumlary, forumlary, sergileri we duşuşyklary gurnamak;
Guramanyň agzalaryna milli we halkara ylmy hem medeni maslahatlaryna, simpoziumlaryna we forumlaryna gatnaşmaklaryna goldaw bermek;
Guramanyň agzalaryna we ýaş uçurymlara maslahat beriş hyzmatlaryny etmek (özüniň käri we ugry boýunça işlemek, iş bilen üpjün etmek barada, bu babatda zerur bolan resminamalary taýýarlamak bilen bagly,häsiýetnama bermek, ylym we bilim meýilnmalara gatnaşmak bilen bagly) ýaşlara ýardam bermek;

2014