TMÝG-NIŇ VI GURULTAÝYNA GATNAŞYJYLARYŇ ÝÜZLENMESI

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşyjylaryň

ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!

Biz — bagtyýar we ruhubelent ýaşlar Siziň döwlet aladalaryňyzyň köpdügine garamazdan, gymmatly wagtyňyzy sarp edip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň işine gatnaşmagyňyz we taryhy söz sözlemegiňiz, şeýle hem bu gurultaýyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi babatynda döreden giň mümkinçilikleriňiz, beren goldaw-hemaýatlaryňyz, atalyk aladalaryňyz üçin Gahryman milli Liderimiz, Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynda giňden belleniljek milli baýramymyzyň — Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda geçirilen bu jemgyýetçilik-syýasy waka mynasybetli Siziň Garaşsyz Watanymyzyň ähli ýaşlaryna ýüzlenip eden örän täsirli hem-de çuňňur many-mazmunly taryhy çykyşyňyz, atalyk aladalaryňyza ýugrulan ak pata beriji mübärek arzuwlaryňyz, watansöýüjilikli öwüt-ündewleriňiz, gymmatly maslahatlaryňyz, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyňyzda öňde goýan örän möhüm wezipeleriňiz ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, Arkadag Prezidentimiz, Size bolan buýsanjymyzy has-da belende galdyrdy.

Siziň Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda çekýän tutanýerli zähmetiňiziň, parahatçylyga, ösüşe hem-de dost-doganlyga gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatyňyzyň, döredijilikli başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Gahryman Arkadag Prezidentimiz!

Siziň mähriban Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalaryňyz, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriňiz, öňe sürýän il-ýurt bähbitli başlangyçlaryňyz netijesinde bu gün eziz Diýarymyzyň, agzybir halkymyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä dolýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrylýar, täze şäherdir obalar döredilýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Siziň beýik başlangyçlaryňyza hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäňize laýyklykda, adamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar eden Garaşsyz Diýarymyzda demokratik hem-de adalatly jemgyýeti gurmagyň ýolunda ýaşlaryň — biziň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz, döwrebap bilim almagymyz, ylym öwrenmegimiz, zehin-başarnyklarymyzy döredijilikli işlere ugrukdyrmagymyz üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

“Ata Watanyň her daban ýeriniň mukaddesligine we ezizligine aňryýany bilen düşünýän ruhubelent nesiller döwlet berkararlygymyzyň berk binýadydyr» diýen taglymatyňyzy öňe sürüp, mähriban Arkadagymyz, Siz eziz Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlaryň — biziň alyp barýan döredijilik işlerimize, ylym-bilimimize, ýurdumyzyň ösüşlerine goşýan goşandymyza ýokary baha berýärsiňiz. Siziň ýurdumyzy ösdürmekdäki beýik işleriňizi özlerine nusgalyk görelde edinen ýaşlar bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda — ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri önümçilik kärhanalarynda milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ruhubelent zähmet çekýärler.

Mähriban Prezidentimiz!

Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda işlenip düzülen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň hukuklary we azatlyklary üpjün edilýär, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Siziň beýik başlangyjyňyza laýyklykda, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” kabul edildi, şeýle-de “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy” tassyklanyldy. Bu maksatnama ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Arkadag Prezidentimiz!

Siziň Garaşsyz Diýarymyzda döwrebap obadyr şäherleri gurmak, iň öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek, ylym we bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak hemde sanlylaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli işleriňiz netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler tutuş jemgyýetimizi, aýratyn hem, ýaşlary jebisleşdirip, döredijilikli işlere ruhlandyrýar.

Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiz!

Siz: “Döwletimiziň garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde jemgyýetimiziň, ähli ýaşdaky wekilleriniň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr” diýip, biz — ýaşlara uly ynam bildirýärsiňiz. Biz gözümiziň göreji, başymyzyň täji bolan Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk hem artdyrmak üçin, mähriban Arkadagymyz, Siziň döredijilikli ýörelgeleriňizden, atalyk sargytlaryňyzdan ruhlanyp, uly ynam bilen zähmet çekeris, beýik geljegimiziň hatyrasyna gurarys, dörederis! “Watan” we “Halk” diýen mukaddes sözleriň ähli ýaşlarymyzyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine Sizi ynandyrýarys.

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!

Size Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna mübärek Şa gadamyňyz bilen gelip, ýaşlara beren öwüt-ündewleriňiz, gymmatly taglymatlaryňyz, atalyk aladalaryňyz üçin ýene-de bir gezek çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.

Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun, mähriban Arkadagymyz!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gu­rul­ta­ýy­na gat­na­şy­jy­lar.

“Nesil” gazeti,

12.09.2019ý.

 

Meňzeş habarlar
2014