SAZ­LA­ŞYK­LY ÖSÜŞ — AÝ­DYŇ GEL­JEK

24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ministriniň hemde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda, ilki bilen, energetika ministri häzirki döwürde ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi bilen ýetirildi.

Şunuň bilen birlikde, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik hem-de yşyklandyryş ulgamlary täzelenýär.

Hormatly Prezidentimiz daşky gurşawy goramak meselelerine örän ýokary derejede jogapkärli çemeleşýär. Şonuň üçin ýurdumyz energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen birlikde, olarda serişdeleri tygşytlaýjy hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugrydyr. Marydaky buggaz elektrik bekediniň döwrebaplygy, ykdysady taýdan netijelidigi hem-de ekologiýa taýdan howpsuzdygy hakyndaky halkara güwänamalara eýe bolmagy, eziz Diýarymyzda daşky gurşawyň abadançylygy ugrunda alnyp barylýan netijeli işleriň tassyknamasydyr.

«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Lebap welaýatynda ýene-de bir iri maýa goýum taslamasy — Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz energetika ministriniň hasabatyny diňläp, ýurdumyzyň energetika ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň, oňa häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesini we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselesiniň ähmiýetini belledi. Şunlukda, hereket edýän we gurulýan önümçilik kuwwatlyklarynyň işiniň ekologiýa talaplaryna doly kybap gelmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Soňra «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmek, oňa iň häzirki zaman tejribelerini we kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Mälim bolşy ýaly, şu aýda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan, ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, bähbitleriniň goragyna, ulgamlaýyn howpsuzlygyň wehimlerini aradan aýyrmaga gönükdirilen «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekildi. Bu Kanun ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sanlaşdyrmak işini kesgitleýär.

Häzirki wagtda «Türkmentelekom» Döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri Türkmenistan — Gazagystan, Türkmenistan — Özbegistan, şeýle hem Eýran bilen Owganystanyň çäginde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrýarlar. Munuň özi telekommunikasiýa geçirijilik ukybyny onlarça esse artdyrmaga ýardam eder.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, maglumat howpsuzlygy ulgamynda milli standartlary we usullary işläp taýýarlamak, halkara ülňüleri we tehniki kesgitlemeler bilen utgaşdyrmak işleriniň ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýandygyny kesgitledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň energetika ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, köp şahaly aragatnaşyk ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigini belläp, onuň ählumumy abadançylygyň bähbidine sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, degişli ýolbaşçylara «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny netijeli jemlemek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy we ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

26.09.2019ý.

Meňzeş habarlar
2014