GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ra­my — Ga­raş­syz­lyk gününiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu gün berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan beýik baýramdyr. Şoňa görä-de, biz taryhy sene bolan 27-nji sent­ýab­ra aý­ra­tyn sar­pa go­ýup, «Türk­me­nis­tan — rowaç­ly­gyň Wa­ta­ny» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da hem Garaş­syz­lyk gü­nü­ni Bi­ta­rap Di­ýa­ry­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dö­re­di­ji­li­giň we ösü­şiň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan­dygy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan şan­ly wa­ka­lar, aja­ýyp üs­tün­lik­ler, dabaraly çäreler bilen ýokary ruhubelentlik derejesinde gar­şy al­ýa­rys.

Eziz halkym!

Ýig­ri­mi se­kiz ýyl mun­dan ozal Ga­raş­syz­ly­gy­ny bü­tin dünýä jar etmek bilen, Türkmenistan demokratik, hukuk we dün­ýe­wi döw­let gur­luş­ly nus­ga­lyk ýo­ly saý­lap al­dy. Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň aý­ra­tyn jo­gap­kär­li ilkinji ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz öz­baş­dak we er­kin sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çirmek, dün­ýä­niň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni ösü­şi­ne myna­syp go­şant goş­mak bi­len, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yla­la­şy­gyň ha­ty­ra­sy­na tagallala­ry bir­leş­dir­ýän döw­let hökmünde abraýyny has-da pugtalandyrdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň pa­ra­hat­çy­ly­ga, dö­re­di­ji­li­ge, ösü­şe gö­nük­di­ri­len içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­myz, döw­let, halk, umu­ma­dam­zat bäh­bitli be­ýik iş­le­ri­miz, üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän hal­ka­ra ähmiýetli taslamalarymyz, düýpli özgertmelerimiz beýik mak­sa­da — Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi hem­me­ta­rap­la­ýyn sazla­şyk­ly ös­dür­mä­ge hem-de mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şu mak­sat bi­len, aja­ýyp ta­ry­hy eý­ýam­da «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, mer­da­na halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine, agzybirligine we jebisligine daýanyp, berkarar döwletimiziň ga­raş­syz­lyk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kid­ýä­ris.

Gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zy dün­ýä­niň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmak üçin «Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda ykdysadyýeti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­ýa­rys hem-de döw­rü­mi­ziň ýo­ka­ry tiz­lik­li teh­no­lo­gik ösüş­le­ri bi­len ugur­daş­lyk­da san­ly ul­ga­ma ge­çir­ýä­ris. Tä­ze şä­herdir obalary, gaz geçirijileri, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri innowasion senagat-önümçilik toplumlaryny gurýarys.

Biz ata Watanymyzy yzygiderli ösdürmek, dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmak mak­sa­dy­myz­dan ugur alyp, Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň öň ýanynda ýokary ruhubelentlik derejesinde geçen Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tyn­da ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň we agzybir jemgyýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen derwaýys meseleleri ara alyp masla­hat­la­şyp, has be­lent we­zi­pe­le­ri kes­git­le­dik.

Mähriban watandaşlar!

Dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan giň­den yk­rar edi­len we Kons­ti­tu­si­ýa­myz­da he­mi­şe­lik ber­ki­di­len oňyn Bi­ta­raplyk hukuk ýagdaýymyzyň esasy kadalaryndan hem-de maksatlaryndan ugur alyp, biz Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny hem yzygiderli ýokarlandyrýarys. Birle­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­masy, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­masy ýaly abraýly halkara guramalar, Ýer ýüzüniň dürli döwletleri bilen syýasy, ykdysady hem-de medeni gatna­şyk­la­ry yzy­gi­der­li gi­ňeld­ýä­ris. Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çyly­gy we yla­la­şy­gy pug­ta­lan­dyr­mak, içer­ki ösü­şi hem-de dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de mil­li bäh­bit­le­ri üp­jün et­mek üçin ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­ýä­ris.

­Şoňa görä-de, halkara ähmiýetli möhüm wakalara baý bolan 2019-njy ýyl­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­lagynda birinji Hazar ykdysady forumyny ýokary derejede ge­çir­dik. Bi­ziň baş­lan­gy­jy­myz bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «2021-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Kararnama kabul edildi. Şeýle hem birinji Hazar ykdysa­dy fo­ru­my­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça baş­lyk­ly­gyň Be­ýan­nama­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edi­lip, bu gu­ra­ma­nyň res­mi dil­le­rin­de ne­şir edil­di. El­betde, dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň giň gol­da­wy­na my­na­syp bol­ýan biziň bu ähli üstünliklerimiziň binýady ata Watanymyzyň Ga­raş­syz­ly­gy we Bi­ta­rap­ly­gy bo­lup dur­ýar. Se­bä­bi Ga­raş­syz­lyk we Bi­ta­rap­lyk — pa­ra­hat, asu­da, bo­le­lin we gül­läp ös­ýän dur­mu­şy be­ren be­ýik mu­kad­des­lik­ler­dir.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň 28 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň we agzy­bir hal­ky­my­zyň bü­tin dün­ýä­de at-ab­ra­ýy, şan-şöh­ra­ty has-da belende galsyn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hemde maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, eziz Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk hem gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­riňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

“Nesil” gazeti,

28.09.2019ý.

Meňzeş habarlar
2014