ÝETILEN SEPGITLER — GEL­JEK­KI ÖSÜŞ­LE­RE BA­DAL­GA

4-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemleri, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi, täze ýyla çenli galan döwürde öňde duran wezipeler kesgitlenildi.

Mejlise welaýatlaryň häkimleri, gazet-žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Şeýle hem mejlise Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň agzalary gatnaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şol toparyň birinji mejlisiniň hem geçiriljekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, onuň işini ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seretmekden başlady.

Soňra şu ýylyň dokuz aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Ministrlikler we pudak edaralary boýunça görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, ýanwar-sentýabr aýlarynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim artdy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 242 desganyň 9-synda gurluşyk işleri tamamlandy, 107-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işler dowam edýär.

Milli Liderimiz wise-premýerleriň bilelikde Halk Maslahatynda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek hem-de geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça maslahat geçirmelidigini, Döwlet býujetiniň taslamasyny tamamlap, Mejlise bermegi tabşyrdy.

Soňra obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň möçberiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini barada hasabat berildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüşiň 108,4 göterim bolandygy bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri DIM-niň şu ýylyň 9 aýynda alyp baran işleriniň netijeleri hemde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň işine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Howa boýunça sammitiň geçirilýän döwründe, ýurdumyzda, ýagny 23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi baradaky milli strategiýasynyň rejelenen görnüşiniň tassyklanylandygy bellärliklidir.

Häzirki döwürde hem, ozalkysy ýaly, Prezident maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzda durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge, täze kärhanalary gurmaga we bar bolanlarynyň durkuny täzelemäge örän uly möçberde maýa goýumlary goýulýar. Tutuş ýurdumyz boýunça bu maýa goýumlarynyň möçberi 30 milliard manada golaýdyr. Häzirki döwürde umumy bahasy 34 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2 müňden gowrak iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

Oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeler hem gowy netijeleri berip başlady diýip, milli Liderimiz belledi. Şu ýyl bol galla hasyly ýygnalyp alyndy. Ýurdumyzyň ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem özgertmeler dowam edýär. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi netijesinde, eksportyň möçberi 7,5 göterim köpeldi, importyň möçberi bolsa 5 göterim azaldy.

Soňra Mejlisiň Başlygyna söz berildi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň başyny başlaýan giň gerimli oňyn özgertmelerini durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Şol özgertmeleriň maksady demokratik, hukuk, dünýewi türkmen döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmakdan hem-de durmuş ugurly syýasy ugruny amala aşyrmakdan ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň iki palataly Parlament ulgamyna geçmek hem-de bu işi alyp barmak bilen bagly Konstitusion topary döretmek baradaky başlangyjy syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik ulgamlarynyň öňünde täze jogapkärli wezipeleri goýýar.

Adalat ministri, Mary welaýatynyň häkimi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy öz çykyşlarynda konstitusion özgertmeleri geçirmek hem-de Türkmenistanyň Esasy Kanunyny dünýä ölçeglerine we döwrüň talaplaryna kybap getirmek maksady bilen ýakyn döwür üçin meýilleşdirilen işler barada aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygyna ýüzlenip, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Konstitusion kanuny, «Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky» Kanuny we beýleki birnäçe kanunçylyk namalaryny seljermegiň hem-de şolara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.

Olar babatda gelip gowuşýan teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça çäreler giň gerimde bolmaly. Bu ugurda alnyp baryljak işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, alymlaryň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda kärhanalarda hem-de guramalarda duşuşyklary geçirmeli diýip, milli Liderimiz belledi. Teleýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlarydyr «tegelek stollaryň» başyndaky söhbetdeşlikleri guramak möhümdir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynyň merkezi edaralarynda, şeýle hem ýerli müdirliklerinde we bölümlerinde Garaşsyz döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly gelip gowuşýan teklipleri toplamak we umumylaşdyrmak boýunça işi göwnejaý guramalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli parlamentiň işini kämilleşdirmek meselesine ylmy jemgyýetçiligi giňden çekmelidigini nygtap, milli Liderimiz oňa degişli bolan wise-premýeriň ünsüni çekdi. Bu ugurda alnyp barylýan işlere talyp ýaşlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmalydygyny belledi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň öz tekliplerini erkin beýan edip biler ýaly, ähli mümkinçilikleriň döredilmelidigi hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde wezipeleri goýup, olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, şeýle hem milli parlamentiň işini kämilleşdirmek bilen bagly giňden düşündiriş işlerini guramalydygyny belledi.

Bu ugurda geçiriljek işleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak hem-de ony 2020-nji ýylda Halk Maslahatynyň mejlisinde seretmek üçin hödürlemek göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly ulgamyna geçmegi milli parlamenti türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän edara öwürmäge şert döreder. Bu bolsa ýurdumyzyň döwlet häkimiýet edarasynyň kanun çykaryjylyk işini täze derejä çykarmaga hakyky mümkinçilik berer hem-de döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň wezipesini täze derejä çykarmaga şert döreder.

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzda birnäçe uly döwlet we syýasy çäreleriň geçirilendigini belläp, bu çäreleri taýýarlamakda hem-de geçirmekde aýratyn tapawutlanan adamlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy. Degişli Permana gol çekip, Mejlisiň Başlygyna döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, döwlet sylaglary bilen sylaglanan ähli ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlady. Mejlisi jemlemek bilen, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde we öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

08.10.2019ý.

 

 

Meňzeş habarlar
2014