IKITARAPLAÝYN BÄHBITLI GEL­JE­GI ULY HYZ­MAT­DAŞ­LYK

Milli Liderimiziň Günüň dogýan ýurduna şu gezekki sapary netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk­-de ösdürmäge taýýardygyny görkezýän taraplaryň hoşmeýilli erk-­islegine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň we strategik häsiýetiniň aýdyň subutnamasydyr.

22-nji oktýabrda irden «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimize Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory diýen ady dakmak dabarasy boldy.

1949-­njy ýylda esaslandyrylan Hirosaki uniwersiteti dünýäde abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri hasaplanylýar. Bu ýerde 7 müňden gowrak talyp bilim alýar. Mugallymlar düzümi 2 müňden gowrak hünärmenden ybaratdyr.

Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde ynsanperwer we durmuş ylymlary, bilim, ylym we tehnologiýalar, oba hojalygy we tebigy ylymlar fakultetleri, lukmançylyk mekdebi hem­-de saglyk baradaky ylym mekdebi bar.

Jenap Kei Sato dabarany açyp, ýygnananlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekledi we şu duşuşygyň ynsanperwer ulgamda, ilkinji nobatda bolsa, ylym ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde täze tapgyry alamatlandyrýandygyny nygtady.

Ýokary okuw mekdebiniň rektory ýygnananlary milli Liderimiziň giň möçberli ylmy işi bilen hem tanyşdyrdy.

Uniwersitetiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, ýokary okuw mekdebiň kitaphanasynyň gaznasynda türkmen Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eseri bar, ol talyplar we ylmy işgärler üçin gollanma bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynda giň halkara ylym we bilim hyzmatdaşlygy babatda Ýaponiýa möhüm orun berilýändigini nygtap, Türkmenistan Ýaponiýa ylym­-tehnologik ulgamda möhüm hem­-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýar diýip belledi.

Şeýlelikde, uzak möhletli geljek üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berk esasy goýulýar, özara gatnaşyklary hem­-de ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk we sazlaşykly ugurlary kemala gelýär. Şolar geljekde türkmen­-ýapon gatnaşyklarynyň umumy many-­mazmunyny kesgitlär.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda ýapon hyzmatdaşlaryň garaýşyna hem-­de innowasion ösüş babatda Türkmenistana ýardam bermek boýunça taýýarlygyna ýokary baha berip, uniwersitetiň ýolbaşçysyna duşuşygyň ýokary derejede guralandygy we mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem­-de professor­-mugallymlar düzümine, şeýle-de talyplara berk jan saglygyny, uly ylmy we döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde Ýaponiýada okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz talyplara ýüzlenip, olara Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyň miýesser edendigini belledi, çünki Türkmenistan bu ýurt bilen halkara ylym-­bilim hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär.

Döredilen amatly şertlerden peýdalanyp, siz okamak, öwrenmek we kämilleşmek arkaly, eziz Watanymyzyň şan­-şöhratyny, mertebesini öňküden-­de belende götermelisiňiz. Hususan-­da, nanotehnologiýalar we tehnologiýalar, innowasiýalar, nou­haular hem­-de sanly tehnologiýalar ulgamynda, döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda Ýaponiýanyň baý tejribesini öwrenmek möhümdir.

...Dünýä ýüzünde fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasynyň» eýýäm syýasy, ykdysady hem­-de durmuş ulgamlaryna öz täsirini ýetirip başlandygyny bellemek bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň täze maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň ileri tutulýan wezipe bolmalydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurdaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň, geljekde ulanmak maksady bilen halkara tejribäni öwrenmegiň möhümdigine talyplaryň ünsüni çekdi.

«Siziň her biriňiz daşary ýurtda ata Watanymyz Türkmenistana wekilçilik edýärsiňiz. Şoňa görä-­de, siz watansöýüjilik, giň düşünjelilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, belent ahlak we ukyp-­başarnyk bilen tapawutlanmalysyňyz. Bilim alýan döwrüňizde Ýaponiýanyň gadymy taryhy, özboluşly medeniýeti we özüne çekiji däp­-dessurlary bilen ýakyndan tanyş bolmalysyňyz» diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda, ýygnananlara berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, şeýle hem okuwda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar milli Liderimizi Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlap, özlerine berýän ünsi hem-de atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar, şeýle-de döwlet Baştutanymyzy ata Watanymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna mynasyp goşant goşmakdan gaýry wajyp zadyň ýokdugyna ynandyrdylar. Mähirli ýagdaýa beslenen duşuşyk milli Liderimiziň türkmen ýaşlaryna — ýurdumyzyň geljegine uly umyt baglaýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz talyplara «Türkmen alabaýy» atly kitabyny ýadygärlik sowgat berdi.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz ýaşlara ýüzlenip, siz öz ýokary ylym­-bilimiňiz bilen dogduk Diýaryňyza gelip, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alnyp barylýan giň gerimli işlere goşandyňyzy goşmalysyňyz diýip, olara ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bilim almak, öwrenmek, zähmet çekmek, dünýäde Bitarap Watanymyzyň abraýyny artdyrmak — bularyň hemmesi biziň ýaşlarymyzyň esasy maksady bolmalydyr. Watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly belent maksatlary terbiýelemek — bu taryhy, şu günümizi we bagtly geljegimizi öz içine alýan ýaş nesil üçin nusga alarlyk mekdepdir.

Ýaş türkmenistanlylaryň öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz talyplara okuwda, ylmy sapaklarda, öňdebaryjy tehnologiýalary we bilimleri özleşdirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz günüň ikinji ýarymynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasyndan çykyp, Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgüne tarap ugrady we bu ýerde Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy.

Çärä dünýäniň 180-­den gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem myhmanlaryň 2 müňe golaýy gatnaşdy.

Ýaponiýanyň Konstitusiýasy Imperatory «döwletiň nyşany we halkyň bitewüligi» diýip yglan edýär. Imperator derejesi şa neberesiniň erkeklerine degişlidir. Däp bolşy ýaly, tagta geçmek dabarasyna Ýaponiýanyň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Agşam Ýaponiýanyň Imperatorynyň tagta çykmagy mynasybetli Imperator köşgünde resmi nahar berildi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Imperator Naruhito we onuň maşgala agzalary bilen salamlaşdy.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda sapar mahaly bellenilen kabulhanasyna bardy.

“Nesil” gazeti,

24.10.2019ý.

 

Meňzeş habarlar
2014