PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK — UMUMADAMZAT GYMMATLYGY

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Baku şäherinde geçirilýän Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.

1961-nji ýylda döredilen Goşulyşmazlyk hereketi häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän 120 döwleti özüne birleşdirip, harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we döwletleriň hem-de halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Şunda bu iri birleşmäniň ýanynda döwletleriň 17-siniň, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň synçy derejesi bardyr.

Türkmenistan 1995-nji ýyldan başlap, bu guramanyň agzasydyr. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň 2012-nji ýylyň awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda geçen Goşulyşmazlyk hereketiniň XVI sammitine hem gatnaşandygyny ýatlap geçeliň.

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherindäki Kongresler merkezinde geçen bu foruma dünýäniň 160-a golaý ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, ýokary wezipeli wekiller, şeýle-de iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň,  G-77 toparynyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine bilelikde garşy durmagy, oňyn syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy öz içine alýan sebit hem-de ählumumy derejedäki möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi.   

Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş edip, Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki maslahatynyň mundan öňki Wenesuelada geçirilen wagtyndan bäri, dünýäde düýpli özgerişler bolup geçendigini belledi. Halkara syýasatynda täze maksatlar döredi. Dürli geosyýasy we geoykdysady çemeleşmeler hem-de garaýyşlar ýüze çykdy. Bu özgermeleriň ählisi biziň häzirki zaman ýagdaýyna düýpli oýlanyşykly çemeleşmegimizi we oňa laýyk gelýän çemeleşmeleri hem-de çözgütleri işläp taýýarlamagymyzy talap edýär.

— Soňky döwrüň ähli howplaryna hem-de wehimlerine garamazdan, Türkmenistan biziň bilelikde olara garşy durmagyň netijeli gurallaryny tapjakdygymyza ynanýar — di­ ýip, milli Liderimiz nygtady.

Birnäçe hepde mundan ozal, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda, Baş Assambleýanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza 73 döwletiň awtordaşlyk etmeginde 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmekde örän uly ähmiýeti bolan bu başlangyjy goldandyklary we oňa goşulyşandyklary üçin Goşulyşmazlyk hereketiniň agzalaryna, aýratyn hem, kabul edilen bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup çykyş eden döwletlere minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, terrorçylygy döredýän sebäpleri aradan aýyrmaga gönükdirilen sazlaşykly hereketleri işläp taýýarlamak bu babatda möhüm wezipe bolup durýar. Gürrüň, hususan-da, dünýäniň ol ýa-da beýleki sebitleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin şertleri döretmek, ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmek barada barýar.

Mundan başga-da, milli Liderimiz öz çykyşynda ählumumy ykdysady- ýet, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, ulag ulgamy, azyk howpsuzlygy meselelerine ünsi çekdi. Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça has-da tutanýerli hyzmatdaşlyk etmekleriniň tarapdary bolup çykyş edýändigini belledi.

— Şunuň bilen baglylykda, 2030-njy ýyla çenli Ählumumy ösüş gün tertibini we Pariž ylala­şygyny ýerine ýetirmäge gönükdirilen tagallalarymyzyň birleşdirilmegi has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar — diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda türkmen Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanyp, birnäçe iri halkara çäreleriniň geçiriljekdigini habar berdi. Olaryň hatarynda Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meseleleri boýunça halkara maslahat hem bar. Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz goşulyşmaýan ýurtlaryň ähli döwlet Baş- tutanlaryny we wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny şol dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy çuňňur gyzyklanma hem-de uly üns bilen diňlenildi we el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Şol gün bu ýerde, Bakuwyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler halkara durmuşynyň özara gyzyklanma döredýän möhüm meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ygtybarly daşary söwda hyzmatdaşlarydyr, olar ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Döwletleriň ikisiniň hem dünýäde energiýa serişdelerini iri öndürijiler we iberijiler bolup durýandyklaryny, çäk ýakynlygyny hasaba almak bilen, ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligine eýediklerini söhbetdeşler bellediler. Ýola goýlan netijeli türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň döwletara we sebit ähmiýetli täze giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň hasabyna ösdüriljekdigine özara ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz öz azerbaýjan kärdeşine görkezilen myhmansöýerlik we wekilçilikli forumyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezidentler hoşlaşyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklaryna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuw-isleglerini beýan etdiler.

Milli Liderimiz iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

29.10.2019ý.

“Nesil”  gazeti

Meňzeş habarlar
2014