TÜRKMEN-ÝAPON GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR

Günüň dogýan ýurdy Ýaponiýa hormatly Prezidentimiziň 21 —23-nji oktýabrda bolan iş sapary iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda netijeli ädim boldy, muňa saparyň baý mazmunly, öz içine möhüm duşuşyklary alýan maksatnamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň şu gezekki saparyna gabatlanyp geçirilen bilelikdäki
işewürler maslahaty hem-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň ýapon tarapynyň wekilleri bilen 21-nji oktýabrda geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklary uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň üýtgewsiz ugur edinilýändigini ýene bir gezek
tassyklady. Bu çärä Ýaponiýanyň birnäçe iri kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde ýapon tarapynyň çagyrmagy boýunça 22-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň tagta geçmek dabarasyna gatnaşdy.

Ertesi gün, 23-nji oktýabrda ajaýyp taryhy künjek bolan hem-de belent mertebeli myhmanlary kabul etmäge niýetlenen «Akasaka» köşgünde hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi barada pikir alşyldy. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi biziň hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridir diýip, milli Liderimiz nygtady we häzirki wagtda türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň strategik, durnukly we uzak möhletli häsiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Saparynyň jemleýji gününde milli Liderimiz Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy Tadamori Oşima bilen hem duşuşdy.

Häzir Türkmenistan jemgyýetçilik syýasy durmuşy tapgyrlaýyn, yzygiderli özleşdirmek ýoly bilen barýar. Iri möçberli özgertmeler babatda döwlet we kanun çykaryjy häkimiýet edaralarynyň işi kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda parlamenti we Halk Maslahatyny wekilçilikli hem-de kanun çykaryjy häkimiýet edaralarynyň ýeke-täk ulgamyna birleşdirmek arkaly iki palataly parlamenti döretmek başlangyjynyň öňe sürlendigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda söwdaykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda ýurdumyzyň hem-de dünýä belli ýapon kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan işewürlik gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi anyk mysal bolup biler. Bu kompaniýalar ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda netijeli işleri alyp barýarlar. Şol bir wagtda ynsanperwer ulgamda  ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä we many mazmuna eýe boldy. «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde türkmen-ýapon gatnaşyklaryna okgunly, yzygiderli häsiýet mahsusdyr.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Ýaponiýanyň iri işewürleriniň wekilleri bilen hem duşuşdy. Dünýäde giňden ýaýran iş ertirligi görnüşinde geçirilen duşuşyga «ITOСHU», «Sojitz», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi», «JGС Сorporation», «Сhiyoda Сorporation» ýaly belli korporasiýalaryň we beýleki kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşyga şeýle hem türkmen tarapynyň wekilleri — käbir hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda gurluşyk, maliýe, energetika ulgamlarynyň, himiýa senagatynyň, ulag pudagynyň, suw hojalygynyň ýolbaşçylary hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geljekde göz öňünde tutulýan çäreler barada
düýpli gürrüň edildi.

Milli Liderimiz Imperatoryň tagta geçmek dabarasyna gatnaşandygy barada aýdyp, onda uzak ömri arzuwlaýan däp bolan «Banzaý!» ýapon arzuwynyň türkmenleriň bähbitli işlere çagyryş hökmünde ýygy-ýygydan peýdalanýan «Öňe!» diýen şygary bilen meňzeşdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu gezekki saparynyň ýapon halkynyň durmuşyndaky taryhy waka bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyhezreti Imperator Naruhitonyň tagta geçmegi bilen ähli ýapon dostlarymyzy hem-de hyzmatdaşlarymyzy gutlap, hemmelere berk jan saglyk we mundan beýläkde üstünlikleri arzuw etdi.

— Goý, täze Reýwa eýýamy Ýaponiýanyň halkyna parahatçylyk, sazlaşyk we gülläp ösüş getirsin! — diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şol gün şeýle hem Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalar taraplaryň anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini berkitdi.

Olaryň hatarynda: Ýer gazyjy tehnikasyny satmak we satyn almak boýunça Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda Baş ylalaşyk, Awtoulag serişdeleri satyn almak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda Baş ylalaşyk, Gazy gaýtadan işläp benzin öndürýän häzirki zawodyň netijeleriniň esasynda ikinji toplumynyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) we «Sojitz Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) we «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky Çarçuwaly Ylalaşyga 2 belgili Goşmaça, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni we «Sojitz Corporation», «TTCL Public Company Limited», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat
Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi» kompaniýalaryň konsorsiumy arasynda Türkmenabatdaky himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünini öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak boýunça Şertnamanyň esasy hakynda Ylalaşyk bar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça 23-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde geçen ikitaraplaýyn duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri hem-de geljekki mümkinçilikleri girizildi.

Onuň çäklerinde Infrastruktura babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda Ähtnama (ýol kartasy bilen), Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda täzelenen we resmileşdirilen 4-nji Ylalaşyk taraplaryň gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge tizden-tiz girişmäge taýýardyklaryny tassyklaýan resminamalar toplumynyň üstüni ýetirdi.

Milli Liderimize diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem, dünýädede iň iri hem-de abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri — Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory diýen adyň dakylmagy iki ýurduň halklaryny birleşdirýän mizemez dostluk gatnaşyklarynyň alamatyna, hormatly Prezidentimiziň netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan uly goşandynyň ykrarnamasyna, şeýle hem Türkmenistanyň ylym-bilim
ulgamynda gazananlarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Dabarada döwlet Baştutanymyza degişli diplomy bu ýokary okuw mekdebiň rektory Kei Sato gowşurdy. Milli Liderimiz jogap sözünde muny Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany, ylym we bilim ulgamynda biziň gazananlarymyzyň ykrar edilmesi, dostlugyň hem-de iki ýurduň halklarynyň berkeýän gatnaşyklarynyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.

Türkmenistan hemme zatlara — ösüşlere beslenen işlere, öňe tarap alyp barýan herekete açyk ýurtdur. Biziň häzirki zaman dünýäsiniň iri möçberli işlerine has ýakynlaşmaga, beýleki ýurtlarda üstünlikli ulanylýan bilimleri we tejribeleri ele almaga bolan maksadymyz şunuň bilen şertlenendir.

Bilimi ösdürmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berýän milli Liderimiziň iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşmagy buýsançly ýagdaýdyr.
    Olar bilen söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylara häzirki zaman bilimlerini hemmetaraplaýyn özleşdirmegi hem-de saýlap alan kärleriniň inçe tilsimlerini ele almagy maslahat berdi, olar okuwlaryny tamamlanlaryndan soňra eziz Watanymyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşarlar.

Şeýlelikde, milli Liderimiziň Ýaponiýa şu gezekki sapary
döwletara gatnaşyklaryň taryhyna nobatdaky möhüm sahypany ýazyp, deňhukuklylyk,
strategik esasda guralýan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyndan iş ýüzünde netijeli peýdalanmaga uly mümkinçilik döretdi.

Tokioda geçirilen duşuşyklar we bilelikdäki işewürler maslahaty Ýaponiýanyň iri işewürler düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygyna, özara bähbitli maýa goýum we tutuş işewürlik hyzmatdaşlygy üçin özüne çekijiliginiň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

26.10.2019ý.

“Nesil” gazeti

Meňzeş habarlar
2014