GIŇ GERIMLI ÖZGERTMELER

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimini göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňde boljak baýramçylyklary mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamynda milli Liderimize Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň taslamasy we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgysy görkezildi.

Görkezilen taslamalar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz bu desgalar toplumynyň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň ýokary hilli bolmagy we öz wagtynda tabşyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkiminiň hasabatyny diňledi. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly hasabatyny Ahal welaýatynyň hasyl ussatlarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hoş habardan başlady.

Hoş habary kanagatlanma bilen diňläp, hormatly Prezidentimiz Hasyl toýuny, daýhanlary sarpalamak, dabaranyň dowamynda has tapawutlanan pagtaçylary, mehanizatorlary hem-de bu möwsüme gatnaşýan ähli zähmetkeşleri sylaglamak çäresini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň guralyşy barada hasabat berdi.

Hasabaty diňläp, milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, aýratyn-da, pagtaçylykda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň, ýetişdirilen gowaça hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny belledi. Munuň özi obasenagat toplumyna degişli düzümlere bildirilýän esasy talapdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkiminiň hasabaty bilen dowam etdi, ol häzirki wagtda sebitde ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de bugdaý üçin bölünip berlen meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Edermen daýhanlaryň yhlasy bilen ýetişdirilen bol pagtanyň öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap alynmagyny üpjün etmegi talap etmek bilen, milli Liderimiz welaýatyň çägindäki mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi sebitdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri we ak ekinlere edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk gelmegini üpjün etmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Häkimiň belleýşi ýaly, pagtaçylyk hojalyklary şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda tehniki mümkinçilikleri doly işe girizdiler.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, beýleki meýdan işlerini hem agrotehniki kadalara, ekerançylyk medeniýetiniň ýörelgelerine laýyklykda geçirmek zerurdyr.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny üstünlikli tamamlamak, ak ekinlere agrotehniki kada laýyk ideg etmek, şol bir wagtyň özünde ýerlerde sürüm işlerini ýokary hilli geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýyl üçin welaýatdaky desgalaryň gurluşyk meýilnamasyny taýýarlamak meselelerine girişmegi tabşyryp, bu işleriň sebitiň zerurlyklaryny ylmy esasda toplumlaýyn çaklanylmagy hasaba alnyp geçirilmelidigini belledi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam edip, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işlere ünsi çekdi. Ahal welaýatynyň edermen daýhanlarynyň «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda ilkinji bolup, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendiklerini aýtdy. Ahal welaýatynyň ekerançylaryny ajaýyp zähmet ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady we Gutlaga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly häkime iberdi.

Iş maslahatyny jemläp, milli Liderimiz oňa gatnaşanlara mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmegiň bähbidine giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

07.11.2019ý.

 

Meňzeş habarlar
2014