IKI­TA­RAP­LA­ÝYN GAT­NA­ŞYK­LAR BARHA PUGTALANÝAR

14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etmegi ony aýdyň subut edýär. Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasry hormat bilen kabul edilmegine hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat milli Liderimize Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Turuwbaşdan geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary berkitmäge we işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz Katar Döwleti barada hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, dostlukly türkmen-katar gatnaşyklarynda birek-birege hormat goýmagyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň mart aýynda Katar Döwletine bolan döwlet saparynyň, şeýle hem Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň 2016-njy ýylda Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Şeýle tejribelerden ugur alýan milli Liderimiz we täze bellenen ilçi özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dürli ugurlardaky netijeli işewür gatnaşyklaryň ösdürilýändigi barada nygtalyp, bütin dünýäde durnukly ösüşiň möhüm şertini emele getirýän nebitgaz pudagynyň we ulag ulgamynyň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary bolup durýandygy görkezildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Katar ykrar edilen energetika döwletleri we tebigy gazy eksport edýän öňdebaryjy ýurtlar bolmak bilen, bu wajyp ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirýän ulag-üstaşyr ugurlarynyň halkara düzümlerini kemala getirmek boýunça taslamalaryň wajyp ähmiýete eýedigi bellenildi. Iki ýurduň arasynda söwda, maýa goýum, senagat we tehnologiýa pudaklarynda uzakmöhletleýin esasdaky netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Peýdaly gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän Hökümetara türkmen-katar toparynyň işi möhüm orny eýeleýär. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny, şeýle hem sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada-da aýdylýar.

Hormatly Prezidentimiz we Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň türkmen we katar halklarynyň abadan ýaşaýşynyň pugtalanmagynda ähmiýetiniň diýseň uludygyny bellediler.

“Nesil” gazeti,

16.11.2019ý.

Meňzeş habarlar
2014