ÝUR­DU­MYZ KUW­WAT­LY ― GADAMLAR BATLY

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak meseleleri hem-de şu wezipeler bilen baglanyşykly çäreler boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi. Bellenilişi ýaly, dürli pudak edaralarynyň hem-de döwlete degişli däl ulgamyň kärhanalary tarapyndan Diýarymyzda öndürilen harytlaryň birža söwdalarynda ýerlenilmegi oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlenýär, işewür hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar giňelýär, biržanyň işine sanly tehnologiýalaryň hem-de maglumat ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Hasabaty diňläp, milli Liderimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça belli bir çäreleriň geçirilýändigini nygtady. Biržanyň işleriniň strategiýasyny işläp taýýarlamak barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygyna tabşyryk berdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, strategiýanyň esasy wezipeleri biržanyň häzirki döwürdäki ýagdaýyny, döwletiň ykdysadyýetinde onuň tutýan ornuny, kem we artykmaç taraplaryny, bäsleşikli gurşawyny kesgitlemekden ybaratdyr. Şeýle hem korporatiw taýdan wezipelerini we gymmatlyklaryny, biržanyň strategik maksatlaryny we wezipelerini, biržanyň strategiýasyny öz içine alýar. Sözüni dowam edip, milli Liderimiz biržanyň işiniň esasy üç bazara, ýagny birža haryt bazaryna, döwlet we korporatiw satyn alyş bazaryna, elektron täjirçilik bazaryna gönükdirilmelidigini nygtady. Ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçirilýändigini göz öňünde tutup, esasan, biržanyň täze bazaryny — elektron täjirçilik bazaryny döretmek boýunça zerur işler geçirilmelidir.

Dünýä tejribesinde haryt-çig mal biržalaryň guramaçylyk-hukuk görnüşleri, esasan, paýdarlar jemgyýeti görnüşinde guralypdyr. Şoňa göräde, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony paýdarlar jemgyýetine öwürmek meselesini içgin öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Biržada elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Söwdalary elektron görnüşde internet arkaly geçirmek ulgamy ornaşdyrmaly. Dellallar üçin birža söwdasyny «online» tertipde göni ýaýlymda synlamak mümkinçiligini döretmeli. Şeýlelikde, birža söwdasyna çykarylan harydy dünýäniň islendik künjeginden satyn almak mümkinçiligi dörär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Biržanyň işine Diýarymyzyň halk hojalyk pudagynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde ähmiýetli orun berilýär. Birža söwdalaryna çykarylýan pagta çig maly, dokma, nebit we nebit himiýa önümleri, şol sanda dünýä ölçeglerine kybap gelýän iň täze kysymly ECO-93 awtoulag benzini daşary ýurtlara üstünlikli ýerlenilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň eksportynyň barha artýan görkezijilerinde beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işleri häzirki zaman derejesinde has-da kämilleşdirmegiň, bellenen çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz iş maslahatyny tamamlap, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygyna üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

14.12.2019ý.

Meňzeş habarlar
2014