SE­BIT HYZ­MAT­DAŞ­LY­GYN­DA TÄ­ZE BAŞ­LAN­GYÇ­LAR

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Günüň birinji ýarymynda milli Liderimiz sammitiň geçi­ril­ýän ýe­ri­ne — «Kuk­sa­roý» köş­gü­ne bar­dy. Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň döw­let Baş­tu­tan­lary­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­na gat­naş­mak üçin Daş­ken­de Gyrgyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Žeen­be­kow, Tä­ji­gistan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon hem-de Gaza­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň il­kin­ji Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­baýew da­gy gel­di­ler.

Sam­mi­tiň ban­ne­ri­niň hemde gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de dä­be öw­rü­len bi­le­lik­dä­ki su­ra­ta düşmek da­ba­ra­syn­dan soň, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň döw­let Baş­tutan­la­ry­nyň köş­güň Ki­çi mej­lis­ler za­lyn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki bäşta­rap­la­ýyn çäk­li du­şu­şy­gy bol­dy.

Bu sam­mit­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öz çy­ky­şynda mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi hem-de bi­le­lik­de iş­le­mek üçin aja­ýyp şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi üçin Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne min­net­dar­lyk bil­di­rip, kon­sulta­tiw du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­riň her bi­riniň se­bi­tiň döw­let­le­ri üçin uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ta­rap­laryň bel­le­ni­len äh­li me­se­le­leri netijeli ýagdaýda ara alyp mas­la­hat­la­şyp, öza­ra dü­şü­ni­şip hem-de yla­la­şy­lan çöz­güt­lere gel­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Hu­su­san-da, mil­li Li­de­ri­miz sebi­tiň ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka ul­gam­la­ry ba­ra­da nyg­tap, birek-bi­rek bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­giň äh­mi­ýe­ti we gel­je­gi dog­ru­syn­da aý­dyp, Aral mese­le­si­niň üs­tün­de hem du­rup geç­di. Ara­ly ha­las et­mek aý­ratyn me­se­le bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Bu me­se­le bo­ýunça yla­la­şy­lan çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň işi­ne zerur iter­gi ber­mä­ge, AHHG-nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, beý­le­ki hal­ka­ra dü­züm­ler bilen ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry­ny ýola goý­ma­ga ýar­dam eder.

Soň­ra Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­lary­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy «Kuk­saroý» köş­gü­niň Uly mej­lis­ler za­lyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de do­wam et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz se­bit howp­suz­ly­gy bi­len bag­ly­lyk­da­ky me­se­lä­niň üs­tün­de du­rup geç­di we Ow­ga­nys­tan­da yla­laş­dyr­mak iş­le­ri­ne gol­daw ber­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki çä­re­ler aý­ra­tyn äh­miýe­te eýe bol­ýar di­ýip, Türk­menis­ta­nyň bu ba­bat­da ozal hem en­çe­me ge­zek be­ýan eden garaý­şy­ny tas­syk­la­dy. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýaly, da­şar­ky yk­dy­sa­dy we sy­ýasy mer­kez­ler ta­ra­pyn­dan Merke­zi Azi­ýa bo­lan gy­zyk­lan­ma ýyl-ýyl­dan art­ýar. Bi­ziň se­bi­timiz dün­ýä äh­mi­ýet­li ener­ge­ti­ka, ulag-üs­ta­şyr mer­kez­le­ri­niň bi­riniň de­re­je­sin­de çalt öz­ger­ýär. Bu ýer­de ägirt uly te­bi­gy se­riş­de­leriň bol­ma­gy, çäk taý­dan amatly ýer­leş­me­gi­niň bäh­bit­le­ri uly ma­ýa­la­ry goý­mak, iri möç­ber­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin özü­ne çe­ki­ji anyk ýag­daý­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­tika, ulag-lo­gis­ti­ka, in­no­wa­sion ugur­lar­da se­bit hyz­mat­daş­ly­gyna mak­sa­da gö­nük­di­ri­len we ul­gam­la­ýyn hä­si­ýet ber­mek mak­sa­dy bi­len, bäş­ta­rap­la­ýyn Işe­wür ge­ňe­şi­ni dö­ret­me­giň üstün­de oý­la­nyş­ma­gy tek­lip et­di. Suw se­riş­de­le­ri­ni go­rap sakla­mak we peý­da­lan­mak ýa­ly se­bi­tiň ýurt­la­ry üçin örän möhüm me­se­lä­niň üs­tün­de hem du­rup geç­di. Biz umu­my maksat­lar bi­len bir­le­şen­di­ris, şol mak­sat­la­ry ama­la aşyr­ma­ga ta­rap yzy­gi­der­li he­re­ket ed­ýäris di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nygta­dy hem-de şu gün­ki du­şu­şygyň mu­nuň üçin tä­ze­den-tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­riniň Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­tatiw du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­le­ri boýun­ça Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma ka­bul edil­di.

Şol gün döw­let Baş­tu­tan­la­ry «Kuk­sa­roý» döw­let ka­bul­ha­nasy­nyň Hor­mat­ly myh­man­lar seýil­ba­gyn­da bi­le­lik­dä­ki agaç nahal­la­ry­ny oturt­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy­lar. Mu­nuň özi dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­naşyk­la­ry­nyň mi­ze­mez­di­gi­niň özbo­luş­ly ny­şa­ny­na öw­rül­di.

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da döw­let Baş­tu­tan­la­ry Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň il­kin­ji Prezi­den­ti Is­lam Ka­ri­mo­wyň ýady­gär­li­gi­ne bar­dy­lar. Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň Pre­zi­dent­leri ýadygärligiň etegine gül desse­le­ri­ni go­ýup, se­bit­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant go­şan Öz­be­gis­ta­nyň aja­ýyp döw­let iş­gä­ri­niň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ni ha­ty­ra­lap, hormat-sar­pa goý­du­lar.

Iş sa­pa­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy ta­mam­la­nan­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Daş­ken­diň Is­lam Ka­ri­mow adyn­da­ky Hal­ka­ra howa men­zi­li­ne ge­lip, bu ýer­den Wa­ta­ny­my­za ug­ra­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz uçar­da gel­ýär­kä, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­ziden­ti­niň ne­bit we gaz me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ge­ňeş­çi­si bi­len türkmen-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­ny işjeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri çöz­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy.

Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw duşu­şy­gy­nyň bar­şyn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ra, sam­mit­de ýur­dumy­zyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ryna we tek­lip­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ykdy­sa­dy­ýe­ti­ni has-da ös­dür­mek­de hem-de şeý­le gör­nüş­de pi­kir alşyl­ýan meý­dan­ça­ny dö­ret­mekde bu du­şu­şy­gyň uly äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len ýan­gyç-ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da gat­na­şykla­ry gi­ňelt­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Mu­nuň özi Türk­me­nistan­dan Hy­ta­ýa çe­ki­len gaz ge­çiri­ji­si ba­bat­da hem äh­mi­ýet­li­dir. Çün­ki onuň bir bö­le­gi Öz­be­gista­nyň çä­gin­den geç­ýär.

Uça­ryň üs­tün­de ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da aý­dan­la­ry­ny jem­läp, mil­li Li­de­ri­miz ýol­başçy­la­ryň öňün­de dur­ýan anyk we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di hem-de ola­ry çöz­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

“Nesil” gazeti,

03.12.2019ý.

 

 

Meňzeş habarlar
2014