ÝYLLARA ŞAN BER­ÝÄR AJAP DÖWRÜMIZ

27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyldaky iň soňky, Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Milli Liderimiz gün tertibindäki meselelere geçmek bilen, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatymyzy, umumadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlary giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi mynasybetli, 2020-nji ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça teklipler öwrenildi. Şu mesele boýunça bilelikde geçirilen işleriň netijesinde geljek ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrmak teklip edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bäsleşigiň jemleri boýunça kesgitlenen 2020-nji ýylyň nyşanynyň taslamasy hödürlenildi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň jemleri barada durup geçmek bilen, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 41 mejlisiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 15 mejlisiniň, şeýle hem döwlet derejesinde dürli maslahatlaryň 56-synyň geçirilendigini aýtdy. Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, halkara derejedäki duşuşyklarda çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş häsiýetli derwaýys meselelere seredildi. Bu meseleler boýunça döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, degişli çözgütler kabul edildi we resminamalara gol çekildi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öz wagtynda hem-de dogry kararlary we çözgütleri kabul etmegi, sazlaşykly, netijeli we maksada okgunly işleri alyp barandygymyz, şeýle hem mähriban halkymyzyň giňden goldaw bermegi ykdysadyýetde we daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanmagymyzyň girewi boldy diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz geljek ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetine oňyn baha berdi, onda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini nobatdaky gezek 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler barada aýdyp, görkezijileriň birnäçesini mysal getirdi. Hususan-da, şu ýyl 1 million 700 müň tonna golaý galla hasylynyň ýygnalyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi hem-de 1 million tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalandygy bellenildi. Şonuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, umumy şertnama bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar, olaryň durmuşa geçirilýän taslamalary örän giň gerimliligi bilen tapawutlanýar.

Halkara işler barada durup geçmek bilen, milli Liderimiz şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara 7 saparynyň amala aşyrylandygyny, daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň ýurdumyza 28 saparynyň bolandygyny belledi. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) işjeň gatnaşmagy, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen guramalarynyň 11-sine agza bolmagy biziň diplomatiýamyzyň aýratyn üstünligi bolup durýar.

2019-njy ýylyň ähli ýurtlar üçin örän kyn, syýasy we ykdysady babatda dürli wakalara baý bolandygyna garamazdan, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň oňat bolmagyna — 6,3 göterim derejede bolmagyna garaşylýar. Milli Liderimiz geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, onuň Watanymyz üçin oňat ýyl bolandygyny belledi. Öňdäki işleriň geljegi uly ugurlary barada durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz geljek ýylda ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm bolan iki çäräniň geçiriljekdigini aýtdy. Esasy Kanunymyza — ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň girizilmegi kanun çykaryjy häkimiýeti ýokary derejede üýtgeder. Iki palataly Parlament dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygynyň maglumatyna görä, deputatlar we halk bilen giňden ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde, şu mesele boýunça teklipleri makullap we olary tassyklap, 2020-nji ýylyň şygaryny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip yglan edýändigini aýtdy.

Geljek ýylda ähli çäreleri, şol sanda binalary we desgalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek boýunça çäreleri ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Mejlisiň barşynda parlamentiň ýolbaşçysyna hem-de medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere 2020-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny metbugatda, teleýaýlymlarda giňden beýan etmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz Täze ýyl baýramynyň çarşenbe gününe düşýändigini belläp, baýramçylygy ýokary derejede geçirmek we mähriban halkymyzyň baýramçylyk günlerinde oňat dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen, 29-njy dekabrdaky dynç gününi 31-nji dekabra geçirmek barada karara gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, ýygnananlaryň ünsüni baýramçylyk günlerinde şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny göwnejaý guramak bilen bagly meselä çekdi.

Senagat we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýere, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň Başlygynyň orunbasaryna ýüzlenip, Täze ýyl baýramynyň bellenýän günlerinde ýurdumyz boýunça nobatçylygy talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wisepremýere bolsa bu ugurda geçiriljek işlerde ýardam etmek barada görkezme berildi. Şeýle-de wise-premýere bütin ýurdumyz boýunça baýramçylyk günlerinde nobatçylygyň talabalaýyk guralmagyna umumy gözegçiligi üpjün etmek, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini üns merkezinde saklamak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýygnananlara geljek ýylyň bütin dowamynda şowlulygyň ýaran bolmagyny, Täze ýylyň täze üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, şonuň netijesinde, ýurdumyzy ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda täze ädimleri ätmegi arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başgada birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisi tamamlap hem-de hemmeleri ýetip gelen Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimiz berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

29.12.2019ý.

Meňzeş habarlar
2014