BAŞ ŞÄHERIMIZ BARHA GÖZELLEŞÝÄR

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň gur­lu­şyk we ener­ge­ti­ka top­lum­lary­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry­nyň ha­ýy­şy bo­ýun­ça paýtag­ty­my­za iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, bir­nä­çe des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry hem-de şä­he­riň ener­gi­ýa ul­ga­my­ny döw­re­baplaş­dyr­mak bo­ýun­ça me­ýil­leş­di­ril­ýän iş­ler bi­len ta­nyş­dy.

Wise-premýer Aşgabatda gurulýan täze desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna elektrik energiýasy bilen üpjün etjek ulgama degişli desgalaryň taslamasyny hödürledi. Bu taslama ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, paýtagtymyzda gurulýan döwrebap binalary we desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, elektrik üpjünçilik meselesiniň çözülmeginiň bildirilýän baş talaplaryň hatarynda durýandygyny nygtap, şunda desgalaryň üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamynyň nazarda tutulmagynyň örän uly ähmiýetli bolup durýandygyny belledi. Bu ugurda tutuş paýtagtymyz boýunça hem öňde durýan wezipeler ýerine ýetirilende şol ýörelgeden ugur alynsa maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunuň netijesinde häzirki wagtda türkmen energetika syýasaty ýokary depginler bilen ösýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabatyny diňledi. Häkim paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty ulag we pyýada geçelgesini, şeýle hem şol ýerasty geçelgäniň ýokarsyndaky aýlawly çatrykda bezeg sütünini gurmaga bäsleşigiň yglan edilendigi we bu bäsleşigiň tamamlaýjy tapgyrda barýandygy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, desgalary bu ulgamda dünýäde öňdebaryjy gazananlaryň esasynda gurmagy hem-de bellenilen wagtynda ulanylmaga bermelidigini tabşyrdy.

Häzir Aşgabat sebit we dünýä hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüldi, munuň özi halkara häsiýetli iri çäreleri geçirmek hem-de sany ýylsaýyn artýan daşary ýurtly myhmanlary mynasyp kabul etmek üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigini aňladýar. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş saparyny jemlemek bilen, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, onuň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň sazlaşykly we toplumlaýyn işlemegini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Adamlar üçin amatly şertleri döretmek bilen, päk ýürekden, geljegi nazarlap, binalary ygtybarly we owadan gurmagyň baş talap bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

11.01.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014