ŞAN­LY WA­KA­LA­RYŇ BUŞ­LUK­ÇY­SY

Türkmenistanyň Bitaraplygy — dünýä metbugatynda

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylymyzyň turuwbaşdan şanly wakalara beslenendigini bellemelidiris. Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi üstümizdäki ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gönükdi. Daşary syýasy derejäniň ýubileý senesi mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler toplumynyň guralmagy meýilleşdirildi. Onuň başyny hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly maslahat başlady.

Iri halkara agentlikleri we meşhur internet saýtlar bu barada aýtmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasyny kabul edendigini we onuň ýurdumyza dünýä tejribesinde ilkinji gezek halkara hukuk derejesini berendigini belleýärler. Şeýle hem Russiýanyň «Interfaks» habarlar agentligi, Azerbaýjanyň «Trend» garaşsyz habarlar agentligi, «Ýewraziýanyň Ritmleri» saýty we beýleki täzelikler portallary hormatly Prezidentimiziň: «Bu gün türkmen Bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär» diýen sözlerini getirýärler.

Täjigistanyň «Avesta», Gyrgyzystanyň «Kabar» habarlar agentliklerinde we beýleki saýtlarda çap edilen makalalarda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Owganystana ykdysady we ynsanperwerlik babatda ägirt uly goldaw berýändigi nygtalsa, Russiýanyň DIM-niň «Meždunarodnaýa žizn» žurnalynyň, Ermenistanyň «Arm Info» habarlar agentliginiň, Belarusuň «Belta» döwlet habarlar agentliginiň makalalarynda milli Liderimiziň: «Türkmenistan häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Ýurdumyzyň terrorçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy göreşmek işinde eýeleýän wajyp ornuny nygtamak isleýärin» diýip, maslahatda aýdan sözleri getirilýär.

Kiýewiň «Fashion Diplomaсy» mediaportalynyň, Russiýanyň «InfoŞOS» habarlar-seljeriş žurnalynyň, Hytaýyň «Sinhua» döwlet habarlar agentliginiň, Azerbaýjanyň «AzerNews» gazetiniň we beýlekileriň belleýşi ýaly, Bitaraplyk hukuk derejesiniň ägirt uly mümkinçilikleri diňe bir ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin däl, eýsem, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ýaly birnäçe ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde bellidir. Hindistanyň «Diplomacy today» saýtynda, Azerbaýjanyň «Kaspiý online» internet neşirinde, Hytaýyň «CRLonline» saýtynda ýerleşdirilen makalalarda döwlet Baştutanymyzyň çykyşyndan sözme-söz jümleler getirilip, hormatly Prezidentimiziň Bitaraplygyň ähmiýetini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, hususan-da, parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparyny döretmek boýunça täze wajyp başlangyçlaryna aýratyn üns berdiler.

Umuman, Türkmenistanyň Bitaraplyk ugruna eýermek bilen, diňe bir durmuş ulgamynyň dürli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine ägirt uly goşant goşandygy biragyzdan bellenildi. Bu bolsa milli Liderimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli, hoşniýetli daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýene-de bir gezek tassyklanmasydyr.

“Nesil” gazeti,

18.01.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014