BE­LENT MAK­SAT­LA­RYŇ AK ÝOLUNDA

17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine, döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýeri göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Merkezi balans toparynyň düzümini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetinde hem-de onuň garamagyndaky edaralarda resminama dolanyşygyna «Elektron salgyt» ulgamyny girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 3-nji noýabryndaky Kararyna laýyklykda, Merkezi balans topary hakyndaky Düzgünnama üýtgetmeler girizildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we bu düzümiň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, hödürlenilen resminama gol çekdi hem-de ony sanly elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, wise-premýer hormatly Prezidentimize «Elektron salgyt» ulgamyny girizmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň pudaklaryň sanlylaşdyrylmagyna aýratyn üns berýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisiň dowamynda nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky şertnamany baglaşmagy hakynda» resminamanyň taslamasy hödürlenildi. Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi we «Türkmengaz» döwlet konserniniň maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky şertnamany baglaşmagy hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamanyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Gurluşyk we energetika toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer Türkmenistanyň çägindäki döwlet ähmiýetli awtomobil we demirýol köprüleriniň tehniki ýagdaýyny seljermek boýunça pudagara toparyň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli awtomobil we demirýol köprüleriniň 582-si bar. Hasabatyň dowamynda hünärmenleriň geçiren barlaglarynyň netijeleri barada hem habar berildi. Şeýle hem ýerli ähmiýetli köprülere seljerme geçirildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir hatarda, çylşyrymly we ýokary halkara ölçeglerine gabat gelýän inženerçilik-ulag ulgamyna degişli desgalary gurmak hem-de şolary ulanmaga bermek boýunça ýokary netijeleriň gazanylandygyny nygtady.

Senagat we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer dokma senagatynda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň mejlisiniň jemleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer hasabatyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparynyň mejlisiniň çäklerinde iş toparyny we hereketleriň degişli meýilnamasyny döretmek boýunça çözgüdiň kabul edilendigi barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sanlylaşdyrylmagynyň sebit derejede üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam edýändigini belläp, degişli ugurlar boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasynyň» taslamasy hödürlenildi. Milli Liderimiz bazar gurallaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de telekeçileriň döwlet maksatnamalaryna we giň gerimli taslamalara işjeň gatnaşmagy üçin şertleri döretmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň sanly ösüş ulgamynda öňde goýan wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bilim we ylym ulgamlaryny sanlaşdyrmak boýunça bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilişiniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy, dünýäniň sanly ulgamynyň giňişligine goşulyşmak maksady bilen, bu ugurda bilelikdäki taslamalary höweslendirmegi tabşyrdy.

Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer maddy däl medeni gymmatlyklary toplamak hem-de olary düýpli öwrenmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrjak ylmy topary guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, türkmenleriň aýawly saklanyp gelinýän baý taryhy we özboluşly medeniýetine degişli subutnamalary öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň barşy we ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri we mikrodökünleri satyn almak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu serişdeleri satyn almak üçin şertnamalaryň baglaşylmagyny we olaryň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, 14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen maslahatda eden çuňňur many-mazmunly çykyşy ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryny öz içine aldy. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlaryny we «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň çäreleriniň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy. 2020 — 2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça işlere girişildi. Döwlet Baştutanymyz DIM-de şanly senä bagyşlanyp hem-de bu uly ähmiýetli taryhy waka mynasybetli geçirilýän çäreler barada baý habar maglumatlaryny özünde jemleýän ýörite saýtyň açylandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul etdi. Şeýle hem bu saýtda toplanylan maglumatlaryň geljekde ýörite neşiri taýýarlamak üçin peýdalanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna, hususan-da, munuň halkara jemgyýetçiligi we diplomatlar üçin peýdaly boljakdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimize milli parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, kanunçykaryjylyk işinde iň gowy dünýä tejribesini peýdalanmak boýunça ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe ilerlemegine gönükdirilen wezipeleri amala aşyrmak ugrunda maksatnamalaýyn we yzygiderli işleri alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

21.01.2020ý.

 

Meňzeş habarlar
2014