ÖSÜŞ­LE­RIŇ AK ÝO­LUN­DA

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýakynlaşyp gelýän şanly senelere we beýleki dabaralara taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 35 sany dürli derejedäki wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi. Bu döwürde daşary ýurtlara wekiliýetleriň 77-si ugradyldy. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen bilelikde dürli derejeli maslahatlaryň we duşuşyklaryň 59-sy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek boýunça işler dowam edip, bu ugurda 6 duşuşyk guraldy. Olar Katar Döwleti bilen Doha şäherinde, Russiýa Federasiýasy bilen Aşgabat şäherinde, Hindistan bilen Nýu-Deli şäherinde, Owganystan bilen Kabul şäherinde geçirildi, şeýle hem Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşinde ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygy hem-de Berlin şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň, Owganystanyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly halkara maslahat geçirildi. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Wengriýanyň paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň hem-de Aşgabatda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň nobatdaky mejlisleriniň geçirilendigi habar berildi. Şeýle hem Budapeştde türkmen-wenger we Aşgabatda türkmen-german, türkmen-owgan işewürler maslahatlary geçirildi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasy» barada hasabat berdi. 2005-nji ýyldan başlap durmuşa geçirilýän hem-de ýurdumyzyň halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen bu çarçuwaly maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň ähmiýeti nygtaldy. Bu resminama adamlaryň bähbidine gönükdirilen döwlet dolandyryşyny we kanunyň hökmürowanlygyny; hemmetaraplaýyn «ýaşyl» we durnukly ykdysady ösüşi; ýokary hilli, umumy we elýeterli saglygy goraýyş, bilim we durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny öz içine alýar. Durmuşa geçiriljek çäreler ileri tutulýan maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Nygtalyşy ýaly, BMG bilen durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna esaslanyp, bu guramanyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bir we iki ýyllyk Hereketler meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Marokko Patyşalygyna bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Marokkonyň Premýer-ministri bilen duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, döwletleriň ikisiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary uludyr. Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekdiler. Wise-premýer «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «OCP S.A.» (Marokko Patyşalygy) we «Sun International FZE» (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýalarynyň arasynda 1 million tonna kükürdi satmak hakynda gol çekilen Şertnamanyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň «Açyk gapylar» we oňyn bitaraplyk syýasatyny amala aşyryp, parahatçylykly, dost-doganlyk, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanan giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýändigini nygtady. Bular barada nygtap, milli Liderimiz «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu maksatnamany tanyşdyrmak, degişli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ylmy-amaly maslahaty geçirmegi tabşyrdy. Bu dabaralaryň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlen şygar astynda geçýän şu ýylda guralmagynyň uly ähmiýetini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz degişli ara alyp maslahatlaşmalardan soň, daşary işler ministrine maksatnama gol çekmek barada görkezme berdi, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna boljak resmi saparyna hemmetaraplaýyn ýokary derejede taýýarlyk görmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi çagyryldy. Häkim şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek, öňde boljak şanly senelere, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň golaýlap gelýändigini belläp, milli Liderimiz şäheriň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede guralmagy üçin degişli taýýarlyk işlerini alyp barmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ahal welaýatynyň häkimi sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk ekinleriniň ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň derejesi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanyny artdyrmak, şol ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg etmek hem-de ýokary hasylyň kemala getirilmegini üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki işleri geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Halkara Nowruz baýramyna, şeýle hem ählihalk bag nahallaryny ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmelidigini tabşyryp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi çagyryldy. Welaýatyň ýolbaşçysy sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýaz ekişine guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler, güýzlük bugdaýa idegiň derejesi barada hasabat berdi. Milli Liderimiz welaýatyň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň depginini güýçlendirmelidigini, agrotehniki çäreleriň bellenen möhletde geçirilmelidigini tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler, şol sanda güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça geçiriljek ählihalk dabarasyna we Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli guraljak dabaralara toplumlaýyn esasda taýýarlyk görmek babatda zerur tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýerleriň we oba hojalyk tehnikalarynyň ekiş möwsümine taýýarlyk derejesi, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasyny ýerine ýetirmek ugrunda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň dürli görnüşleriniň ekilýän meýdanyny giňeltmegiň möhümdigi barada nygtap, hormatly Prezidentimiz bu ugurda geçirilmeli işleri agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirip, bereketli hasylyň alynmagyny üpjün etmek barada görkezme berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer çagyryldy. Wise-premýer alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, ýerlerde dowam edýän işleri berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz wideokonferensiýany jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmek ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

12.03.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014