DÖW­LET DUR­MU­ŞY­NYŇ MÖHÜM ÖZGERTMELERI

13-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň gün tertibine geçip, milli Liderimiz, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýeri çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu ugurda bellenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz wise-premýere işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şol bir wagtda wideoaragatnaşyga Döwlet gümrük gullugynyň başlygy hem çagyryldy. Ol geçirilýän işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň edaranyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, wise-premýere we Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, onuň köpugurly esasda ösdürilmegine gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyp, şu ýylyň 28 — 30-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly sergä we maslahata taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz senagatynyň ýokary ösüş depginini hem-de maýa goýum işjeňligini saklamagyň, ýerli önümçiligiň mukdaryny artdyrmagyň esasy wezipe bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Harby doktrinada bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan möhüm wezipelere ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.

Gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berip, milli Liderimiziň garamagyna «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň gurluşygy hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan Görogly köçesiniň ugrunda bu akademiýanyň täze desgasynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirildi. Onuň jemleri boýunça «Baýly — Gurluşyk» hususy kärhanasynyň beren teklibi saýlanyp alyndy. Hödürlenen Karara gol çekip we ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberip, döwlet Baştutanymyz Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň gurluşygyny gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda energetika ministrini hem göni aragatnaşyga çagyrdy. Ministr elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilişiniň mukdaryny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda ministre degişli görkezmeleri berdi.

Soňra şol bir wagtda wideoaragatnaşyga çagyrylan gurluşyk we binagärlik ministri pudakda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ýaşaýyş jaý, medeni-durmuş we senagat gurluşygynyň giň gerime eýe bolýan şertlerinde bina edilýän desgalaryň hili baradaky meseläniň aýratyn ähmiýete eýedigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň tehniki derejesine gözegçiligi üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şol bir wagtda göni wideoaragatnaşyga çagyrylan içeri işler ministri ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň alyp barýan işleri hem-de ministrligiň işini mundan beýläkde kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda bugdaýa ideg etmek hem-de gowaça ekişine taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz wise-premýere kärendeçi gallaçylaryň we pagtaçylaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi hemde netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilmegi babatda anyk görkezmeleri berdi.

Senagat we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer «Sanly çözgüt — 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň döwrüň ösen talabyna laýyklykda bilimli bolmagy üçin zerur şertleri döretmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilimi ornaşdyrmak, ykdysadyýete we beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Sanly çözgüt — 2020» atly bäsleşigi geçirmegi meýilleşdirýär. Ol saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag hem-de aragatnaşyk, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik hem-de «akylly» şäher ýaly ýedi ugur boýunça geçiriler. Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel — 2020» halkara sergisiniň çäklerinde jemlener. «Sanly çözgüt — 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini amala aşyrmak baradaky teklibi makullap, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, 17—18-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda sergi geçiriler. Onuň işine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan agzalarynyň 200-den gowragy gatnaşar. Mundan başga-da, sergi bilen ugurdaş Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Milli Liderimiz wise-premýeri Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini mälim etdi. Degişli Karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyna oňyn täsiri bolan toparyň işini degişli derejede alyp barmagy tabşyrdy.

Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ulgamyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynda maglumat giňişligini döretmekde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýän mejlise birbada bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri çagyryldy. Wise-premýer milli Liderimize gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ministr bolsa Halkara lukmançylyk merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen «Halkara lukmançylyk merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda» Karara gol çekip, elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we ony ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi saparynyň jemleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna» bagyşlanan çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz bular barada wise-premýere, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işi, deputatlaryň halkara derejesindäki çärelere işjeň gatnaşýandyklary hem-de ýerlerde alyp barýan işleri barada habar berdi. Habar berlişi ýaly, 14-nji martda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar, mejlisiň gün tertibine birnäçe kanunçylyk taslamalary, şol sanda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» we «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» kanunçylyk taslamalary ara alyp maslahatlaşmak giriziler. Milli Liderimiz ähli kanun çykaryjylyk işleriň jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirilmelidigini we döwletimiziň ileri tutulýan durmuş ugurlarynyň kanunçylyk taslamalarynda öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

17.03.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014