TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN: HYZ­MAT­DAŞ­LY­GYŇ TÄ­ZE TAP­GY­RY

11-nji martda ir bilen hormatly Prezidentimiz resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda oňyn bitaraplyk, «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan goňşy ýurtlar, şol sanda Azerbaýjan bilen netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we ösdürilmegine ähmiýet berýär.

Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Azerbaýjanyň Prezidentiniň «Zagulba» kabulhanasyndaky meýdançada belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Şeýle-de iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek çäresi tamamlanandan soň, türkmen-azerbaýjan ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikleri boldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew belent mertebeli myhmany Bakuwda görýändigine şatdygyny ýene bir ýola belläp, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigini, şolaryň dowamynda örän möhüm meseleler boýunça çözgütleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny we kabul edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjana resmi sapar bilen gelmäge çakylyk we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, ähli ugurlar — syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem halkara derejede üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy babatynda bu duşuşygyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem gepleşikleriň netijeli türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyna täze güýçli itergi berjekdigine, iki halkyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti özi üçin amatly wagtda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Prezident Ilham Aliýew ýokary derejede yzygiderli geçirilýän döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini hemde şu gezekki gepleşikleriň gün tertibiniň baý many-mazmunly bolandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimize söz berildi. Milli Liderimiz Azerbaýjana bolan bu gezekki resmi saparyň baş maksadynyň döwletara hyzmatdaşlygy has-da berkitmekden, ony ikitaraplaýyn gyzyklanmalara, şeýle hem ýurtlarymyzyň eýe bolan anyk mümkinçiliklerine laýyklykda, täze hil we mazmun bilen baýlaşdyrmakdan ybaratdygyny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Ilham Aliýewi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara, şol sanda şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrliginiň ýanyndaky Döwlet raýat awiasiýasy agentliginiň arasynda Teswirnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Azerbaýjanyň Telewideniýe we radiogepleşikler ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Kitaphana işi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Baku döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Azertelecom» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň aragatnaşyk operatorlary tarapyndan Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmak, eýelik etmek we ulanmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrliginiň arasynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini gorap saklamak we öwrenmek babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Teswirnama; Ýer kadastry babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Gozgalmaýan emläge bolan hukuklary döwlet tarapyndan bellige almak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Azerbaýjan Respublikasynda Türkmenistanyň ilçihanasyny we Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasyny ýerleşdirmek üçin ýer böleklerini özara bermek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Dolandyryş ulgamlary institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Eksporty we maýa goýumlary höweslendiriş gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Kiçi we orta işewürligi ösdürmek agentliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwlet emlägini dolandyrmak we hususylaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Halkara awtomobil gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2008-nji ýylyň 19-njy maýyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Teswirnama gol çekildi.

Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, Prezidentler Bilelikdäki Beýannama hem gol çekdiler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Gepleşikleriň jemleri barada aýdyp, Prezident Ilham Aliýew olaryň iki ýurduň we halklaryň arasynda dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin ähmiýetli bolandygyny nygtady. Çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjanyň Lideri Türkmenistanyň doganlyk halkyna üstünlik, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemlerini teswirläp, ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan Azerbaýjana gelip görmäge çakylyk, myhmansöýerlik, mähirli kabul edilendigi hem-de bilelikde işlemek üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin Prezident Ilham Aliýewe ýene bir gezek çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy, energetika pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Taraplar şeýle hem gaz, nebithimiýa hem-de dokma senagaty, obasenagat toplumy we beýleki pudaklar boýunça bilelikdäki hereketleri ylalaşdylar. Üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz şunda onuň dogry logistikasynyň düzülmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Gürrüň, hususan-da, Lapis-Lazuli geçelgesiniň taslamasy boýunça gol çekilen ylalaşyk barada boldy. Bu geçelge Owganystanda başlanyp, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň çäklerinden geçýär we Ýewropa çykýar. Şeýlelikde, biziň ýurtlarymyz Aziýanyň we Ýewropanyň möhüm birleşdiriji köprüsi hökmünde uly orun eýeleýärler.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artandygyny belledi, muňa onuň 40 göterimden hem geçendigi doly şaýatlyk edýär. Gepleşikleriň dowamynda şeýle hem döwletara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine uly üns berildi. Taraplar ajaýyp halylara bagyşlanan maslahatlary we sergileri geçirmek barada ylalaşdylar.

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Idaýat ogly Asadow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary we onuň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz we Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri iki ýurduň arasyndaky ynanyşmak we özara düşünişmek derejesiniň ýakyndygyny, wajyp halkara meseleler boýunça çemeleşmeleriň hem-de garaýyşlaryň birmeňzeşdigini kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň birek-birege hormat goýmak we milli bähbitleri nazara almak arkaly ýola goýlan däp bolan gatnaşyklara täze itergi bermäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň aramgähine bardy. Bu ýerde Azerbaýjanyň ilkinji Prezidentiniň we meşhur syýasy işgäriň ýagty ýadygärligine çuňňur sarpa hökmünde gül dessesini goýdy. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähriban käbesiniň ýadygärligini hem sarpalap, onuň gubruna gül dessesini goýdy. Şeýle hem milli Liderimiz Azerbaýjanyň azatlygy hem-de garaşsyzlygy ugrunda gurban bolan halk gahrymanlarynyň ýadygärligini hatyralap, Şehitler ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Belent mertebeli myhman şäheri synlamak üçin ýörite bellenilen ýere çagyryldy, bu ýerden Baku şäheriniň ajaýyp görnüşi açylýar. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjanyň paýtagtynyň taryhy bilen hem tanyşdyryldy.

Soňra milli Liderimiziň awtoulag kerweni Azerbaýjanyň milli haly muzeýine tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanyna bu medeni aň-bilim we ylmy-barlag merkeziniň alyp barýan umumy işi barada maglumat berildi. Muzeý 1967-nji ýylda döredilipdir. 2014-nji ýylda ol täze binagärlik çözgüdi bolan we dolanan halynyň şekilinde taslamalaşdyrylan hem-de Bakuwyň merkezindäki Deňizýaka seýilgähinde ýerleşýän täze bina göçürildi. Häzirki döwürde muzeýiň sergi zallarynda we gaznalarynda 14 müňden gowrak gymmatlyk saklanýar. Ol bürünç asyryndan biziň günlerimize çenli bolan döwri öz içine alýar. Türkmenistanda bolşy ýaly, azerbaýjan topragynda hem halyçylyk örän gadymy döwürden başlanypdyr. Munuň şeýledigini köp sanly arheologik barlaglar subut etdi.

Muzeýiň gymmatlyklary bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz türkmen we azerbaýjan halklarynda halyçylyk däpleriniň ýakyndygyny, ony taýýarlamagyň usulynda, dokalyş aýratynlyklarynda umumylygyň bardygyny belledi.

Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew resmi agşamlyk naharyny berdi, şonda döwlet Baştutanlary söz sözlediler.

Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparyny tamamlap, Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline baryp, bu ýerden Watanymyza ugrady.

“Nesil” gazeti,

14.03.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014