GARAGUM — HAZYNALY HUM

17-nji martda hormatly Prezidentimiz Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmak boýunça meýilleşdirilen iş saparyny amala aşyrdy.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, «Rio+20» Bütindünýä sammitinde we beýleki iri forumlarda milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlary umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň çözgüdine gönükdirilendir. Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral deňziniň gurşawy üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny taýýarlamak we Birleşen Milletler Guramasynyň işinde Aral meselesine aýratyn ähmiýet bermek hakyndaky teklipler bar.

Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde, howanyň amatly pursatlarynda ösümlikleriň gül açýan mahalynda sähradaky özboluşly ajaýyp görnüşi synlan döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň özboluşly bezegi bolan sazak tokaýlyklarynyň Watanymyzyň esasy baýlygy, dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýän gymmatlygy bolup durýandygyny belledi.

Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek maksatnamasy özüniň oňyn netijesini berýär. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan bu maksatnamanyň çäklerinde dürli künjeklerde tokaý zolaklary döredildi. Derýalaryň we akabalaryň kenarlary gök zolaklara beslendi. Merkezi Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam edýär. Ajaýyp ekoulgamy bolan Garagum sährasyna aýawly çemeleşmek, onuň çäklerinde ekologiýa nukdaýnazaryndan amatly künjegi döretmek, türkmen tebigatynyň netijeli we ylmy esasda peýdalanylmagyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Bu ýerde obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsini gorap saklamak we ony baýlaşdyrmak boýunça taýýarlanylan taslamalary milli Liderimize görkezdi. Hususan-da, munuň özi sazak, sözen, ojar, gara gandym, boýalyç, çomuç, gamak, üzärlik, keýigokara, ýandak, siňren, selin, yşgyn, çeti, ýowşan, dagdan ýaly dürli ösümliklerden ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, bu ösümlikleriň her biriniň öz aýratynlyklary bolup, ähmiýeti boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda Garagumda ösümlikleriň 293 görnüşi ösýär.

Döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň baý ösümlik dünýäsiniň diňe bir ekologiýa babatda däl, eýsem, ynsan saglygy üçin örän ähmiýetlidigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden we bu ugurda birnäçe ylmy kitaplary, aýratyn-da, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli düýpli ylmy işi döreden hormatly Prezidentimiz sazagyň külünden himiýa senagaty üçin çig malyň alynýandygyny aýtdy. Sazagyň ody bilen çäge gyzdyrylyp taýýarlanan milli tagamlaryň ýokumlylyk hemde tagamlylyk babatda örän ýokarydygyny durmuş tejribesi subut etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sähra ýerlerinde tokaý zolaklarynyň döredilmeginiň, aýratyn-da, sazak ekilýän meýdanlaryň giňeldilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeý le hem döwlet Baştutanymyz M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmeklerini üpjün etmek maksady bilen, olaryň bu ýerlerde bolup, çöl ösümliklerini ylmy esasda öwrenmekleriniň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Köp asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ygtybarly penasyna öwrülen türkmen sähralarynyň aýratynlygy milletiň durmuşy bilen berk baglanyşyp, ynsan bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy aýan edýär.

Häzirki döwürde tebigy künjeklerde özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini yzygiderli dowam etmek gerek. Bu bolsa Garagum sährasynyň biosfera goraghanalarynyň halkara ulgama, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini şertlendirer diýip, milli Liderimiz bu ugurda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

“Nesil” gazeti,

19.03.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014