SAN­LY­LAŞ­DYR­MAK — DÖW­RÜŇ MÖ­HÜM TA­LA­BY

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we habar beriş syýasaty meselelerine gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ulag we kommunikasiýa ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, resminama dolanyşygynyň elektron ulgamyny kemala getirmek we milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini degişli derejede üýtgedip guramak boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, medeniýet we habar beriş syýasaty meselelerine gözegçilik edýän wise-premýere söz berdi. Wise-premýer köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe we sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna Türkmenistanyň gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary hem-de beýleki web-serişdeleri döretmek barada ozal beren tabşyryklary boýunça habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Metbugat merkezinde sanly neşir üçin ýöriteleşdirilen poligrafiýa programmalary hem-de häzirki zaman çözgütleri ulanylýar. Şolar işiň ýokary hilli bolmagyny hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz çap edilýän neşirleri elektron we internet görnüşine geçirmegiň türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ugurlarynyň biridigini, munuň olary häzirki zamanyň ölçegleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, dünýä tejribesini öwrenmek we özleşdirmek, täze media-tehnologiýalary işjeň peýdalanmak we bilelikdäki maglumatlar taslamalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerur diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra ulag we kommunikasiýa ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny hem-de hereket etmegiň degişli meýilnamasyny durmuşa geçirmek, elektron hökümet ulgamyny kemala getirmek hem-de ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Elektron Hökümet» ulgamynyň peýdalanyjylarynyň şahsyýetini anyklamagyň ýeke-täk maglumatlar ulgamy hakynda düzgünnamanyň», «Elektron Hökümet» ulgamynyň fiziki we ýuridiki şahslarynyň maglumatlar binýadyny (ID) kemala getirmegiň we ýöretmegiň tertibi hakynda düzgünnamanyň», «Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň düzgünnamasynyň» taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde häzirki zaman serwer we beýleki enjamlar, programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan zerur bolan hünärmenler bilen üpjün ediljek IT-meýdançalary, şeýle hem ugurdaş okuw merkezlerini döretmek maksat edinilýär. Şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzda çap edilýän ähli gazetleri we žurnallary bir bitewi internet saýty hemde mobil goşundysy görnüşinde neşir etmek, neşirleriň her biri boýunça aýratyn elektron gaznanyň bolmagyny üpjün etmek, okyjylaryň öz islegine görä, olara ýazylmaga mümkinçilik döretmek maksady bilen, taslama taýýarlanylýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sanly ulgama geçmegiň häzirki döwürde bütin dünýäniň barýan ugry bolup durýandygyny, onuň biziň gündelik durmuşymyza we işimize ornaşýandygyny, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeldýändigini, mundan beýläk hem biziň öňümizde bu işleriň diňe tizleşmeginiň garaşýandygyny nygtady. Häzirki döwürde munuň möhüm bolan zerurlykdygyny hem-de ähli işleri oňat guramaga, utgaşdyrmaga we işleriň netijeliligine, hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän işleri dolandyrmagyň oňyn guralydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gysga wagtyň içinde «Elektron Hökümet» ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy we bu babatda teklipleri bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamda giň gerimli toplumlaýyn çäreler görler hem-de resminama dolanyşygynyň tutuş ulgamynyň elektron görnüşine doly geçilmegi ilkinji ädimleriň biri bolar.

Şeýle hem welaýatlarda dolandyryş işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleriniň üstünde durup geçip, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi talap etdi.

Iş maslahatyny dowam edip, döwlet Baştutanymyz elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleri baradaky mesele dogrusynda kompýuterleriň döwründe doglan we önüp-ösen ýaşlaryň gyzyklanmalarynyň içgin öwrenilmeginiň zerurdygyny nygtady. Maglumatlary ýaýratmak üçin planşetlerden we smartfonlardan başlap, telewizorlara çenli kabul ediji enjamlaryň dürli görnüşlerinde maglumatlaryň elýeterliligini üpjün edýän täze çemeleşmeleri we çözgütleri peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz elektron gazetleriň kagyz görnüşindäkiden tapawutlylykda, maglumatlar bilen işlemek üçin has amatlydygyny belledi, gazetleri we žurnallary elektron görnüşe geçirmegiň anyk wagt tertibini düzmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem neşirleriň elektron görnüşine geçmek bilen baglylykda, redaksiýalaryň gurluşyny üýtgetmek meseleleriniň üstünde işlemegi, elektron gazetlerden we žurnallardan peýdalanmak üçin bellenilýän tölegleri kesgitlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli sanly ulgama geçmegi, aýratyn hem, bu babatda Hökümetiň işi üçin şertleri döretmek boýunça işleri tamamlamagyň möhletini kesgitledi.

Iş maslahatyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşanlara bellenen wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

21.03.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014